JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-nyň ýörite wekilini kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça ýörite ynanylan wekili, ABŞ-nyň Hindistan Respublikasyndaky ilçisi Serjio Gor bilen duşuşdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ABŞ bilen dürli ugurlarda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Türkmenistanyň möhüm strategik hyzmatdaşlarynyň biridir. Ýurtlarymyzyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar soňky ýyllaryň dowamynda özara hormat goýmak we düşünişmek ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň noýabrynda «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatynda geçirilen sammite gatnaşmak üçin Waşington şäherine amala aşyran saparynyň ähmiýeti bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, ynanyşmak, düşünişmek ýörelgelerine esaslanyp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlary öz içine alýar.

Related posts

Türkmenistan bilen BMG hyzmatdaşlyk boýunça täze Çarçuwaly Maksatnama gol çekdi

Ata Watan Eserleri

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlyklygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri

Dünya Bankasına Yeni Başkan

vepa