MEDENIÝET

“Soltan Jelaleddin” sahnada  

  “Türkmen teatr” sungaty” atly teatr bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň “Soltan Jelaleddin” atly sahna oýny görkezildi. Turuwbaşdan dartgynly wakalara baý bolan sahna oýny hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär”, şeýle-de “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly ajaýyp kitaplarynda meşhur türkmen serkerdesi Jelaleddin Meňburun hakynda beýan edilýän wakalar esasynda sahnalaşdyryldy. Sahna oýnunyň edebi esasyny teswirlän hem-de sahnalaşdyran teatryň režissýory Öwezmämmet Galandarow spektaklyň pýesasyna ýazmaga başlaýşy, onda beýan edilýän wakalar dogrusynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyna şeýle gürrüň berdi:

  — Hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda Jelaleddin Meňburun hakynda şeýle sözler bar: “Jelaleddin Meňburnuň ejesine Aýçeçek diýipdirler. Ol örän parasatly maşgala ekeni. Oglunyň terbiýesini onuň özi aýratyn gözegçilige alypdyr. Ol ogluna kimiň harby-söweş tälimlerini we oňa haýsy ugurlardan ders bermelidigini özi kesgitläpdir. Şonuň üçinem şazada ýaňy on ýaşanda, eýýäm, harby tilsimleri bilen töweregini haýran galdyryp bilýän eken.” Bu jümlelerden ylhamym joşup, Jelaleddin Meňburun barada pýesa ýazmaga başladym. Dünýäniň ýarysyny basyp alan Çingiz hanyň wagşy goşunyny ilkinji bolup ýeňlişe sezewar eden Jelaleddiniň şeýle batyr bolup ýetişmeginde ejesiniň tutýan ornunyň, yhlasynyň juda uludygy gürrüňsiz. Türkan hatyn ogly Horezmşa Muhammedi öz sözleriniň yzyna düşürip ýören bolsa, Aýçeçek hatyn ogly Jelaleddini daglaryň arslany, çölüň gurdy ýaly batyr, gaýratly, il-halkynyň aladasy ugrunda janyny gurban etmäge taýýar, wepaly ogul edip ýetişdirýär. Her bir türkmen enesiniň kalbyna guýlan bu mukaddesligi sahnada göwnümdäki ýaly tomaşaçylara ýetirmek esasy maksadym boldy. Bu pýesa sahnalaşdyrmaga girişen “Gilgameş” spektaklymyň ekiz taýy ýaly bolup, kalbymyň bir burçuny mydama köredip durdy.

Hormatly Prezidentimiziň kitaplaryndaky maglumatlardan Jelaleddin Meňburnyň taryhyny, ömür beýanyny, söweşjeň ýoluny öwrenip, şonuň esasynda sahnalaşdyran spektaklymda esasy öňe tutulýan zat, ilkinji nobatda, Jelaleddiniň terbiýesi, merdana türkmen gahrymany bolup ýetişmegi. Spektaklda Jelaleddiniň ähli söweşlerini däl-de, merdana şahsyýet bolup kemala geleninden soňra, Horezm topragyna mongol tatarlaryna baştutanlyk edip çozup gelen Çingiz hanyň goşunyny ýeňlişe sezewar edişini görkezdim. Sebäbi onuň her bir söweşini sahnalaşdyrsaň, eýýäm, iki sagatdan gowrak spektakl bolup dur. Ähli döwletler Çingiz hanyň goşuny gelmänkä, eýýäm, dowla düşüp başlaýarlar. Emma Jelaleddin goňşy döwletleriň hemmesine-de dowla düşüp, gorkmaly däldigini, batyr söweşmelidigini, kim duşmanam bolanda şir ýürekli bolsaň ýeňip boljakdygyny subut edýär. Şeýlelik-de Çingiz hanyň otuz müň, özi-de naýbaşy goşuny gyrylýar. Şondan soňra Çingiz hanyň özi goşuna baştutanlyk edip, Jelaleddin bilen söweşe girýär. Sahna oýnunda Çingiz hanyň:

— Dünýäniň ýarysyny basyp alsam-da, beýle batyr ýigide sataşmandym-la — diýmegi, munuň özi, eýýäm, Jelaleddiniň näderejede gaýduwsyzlygyny, batyrlygyny görkezýär.

Pýesa başlamankam, köp maglumatlar öwrenildi. Olardan Wladimir Ýanyň hem-de Hojanepes Meläýewiň “Şazadanyň ýaşlygy” atly işindäki, şeýle-de Rejep Pürjanyň işlerindäki, Grigol Abaşidzanyň “Uzaga çeken tümlük” atly kitabyndaky maglumatlary öwrendim. Galyberse-de, Wladimir Ýanyň “Jelaleddin” eserindäki maglumatlardan peýdalandym.

Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynda Jelaleddin Türkmen barada şeýle rowaýat getirilýär: “Bir gezek söweşde serkerde agyr ýaralanypdyr. Tebipler näçe em etseler-de, gutulybermändir. Şonda

serkerde başyny galdyryp:

— Maňa öz Watanymyň bir gysym topragyny getirseňiz sagalýan – diýipdir. Nökerleri onuň aýdyşy ýaly edipdirler. Tizden tiz gadymy Wasa adam ýollapdyrlar. Atlynyň giden yzyna garap, Jelaleddin umytly garaşyp ýatypdyr. Umytda hem uly güýç bar! Ahyrynda atly bir düwünçekde Wasyň topragyny we Amyderýanyň bir jürdek suwuny alyp gelipdir. Serkerdäniň şähdi açylypdyr we tizden sagalyp, aýak üstüne galypdyr.”

Spektaklyň dowamynda bu rowaýaty getirmek bilen beýik serkerdäniň mukaddes Watana nähili derejede ýüreginiň örklidigini, Watan mukaddesliginiň gadyr-gymmatynyň bimöçberdigini beýan etmegi göz öňünde tutdum.

Hormatly Prezidentimiziň “Mertler Watany beýgeldýär” atly kitabynda getirilýän: “Mertler Watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir…

Watan biziň buýsançly geçmişimizdir.

Watan biziň buýsançly şu günümizdir.

Watan biziň buýsançly geljegimizdir.”

diýen jümleleri soltan Jelaleddiniň dilinde ýaňlanmak bilen spektakl tamamlanýar.

Spektaklymyz tomaşaçylaryň göwnünden turandyr diýip ynanýarys. Hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplarynda şöhratly taryhymyzda yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiz barada beýan edilýän taryhy wakalaryň ählisi bize sahnada kämil eserleri döretmäge joşgun berýär. “Türkmen teatr sungaty” atly bäsleşik ýurdumyzyň teatrlarynyň döredijilik toparlarynyň özara tejribe alyşmaklaryna, tomaşaçylara biri-birinden ajaýyp eserleri ýetirmeklerine ýardam berdi. Milli teatr sungatymyzyň täze, döwrebap eserler bilen baýlaşmagyna giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jan sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaç alsyn! “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uludan toýlanylýan paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramy, hem-de şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramy gutly bolsun!

Spektaklda başdan-aýak bolup geçýän dartgynly wakalar bilen bir hatarda milli ruhy gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza belent sarpa öz beýanyny tapýar. Türkmen bedewiniň kişňeýän owazy, hüwdüniň, küştdepdiniň heňleri bir tarapdan, sahna oýnuna özboluşly öwüşgin çaýsa, beýleki tarapdan, tomaşaçynyň kalbynda milli gymmatlyklarymyza buýsanjy artdyrýar. Spektakl tamamlanýar, ýöne onuň göwünjoşduryjy täsirinden tomaşaçy aňsat çykyp bilmeýär. Bu, elbet-de, spektakl şowly bolanda şeýle bolýar. Muny “Soltan Jelaleddin” atly sahna oýnunyň ahyrynda ýaňlanan elçarpyşmalary hem tassyklaýar.

 

Taýýarlan Aýjemal GAÝLYÝEWA,

Magtymguly adyndaky TDU-nyň 5-nji ýyl talyby.

 

 

Resminamalary kanunlaÅŸdyrmak

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy