SIZDEN GELENLER

Sitrus miweleriniň peýdasy

Pyrtykalmiwesi bu iň köp ýaýran we has köp ulanylýan bu miwe askorbin turşusynyň, dürli minerallaryň, antioksidantlaryň, flawonoidleriň, fitoelementleriň egsilmez çeşmesi bolup durýar. Şoňa görä, ol ýürek-damar keselleriniň, şol sanda gipertoniýanyň (arterial gan basyşynyň durnukly ýokarlanmagy bilen häsiýetlendirilýän kesel), bagyr, dem alyş ýollarynyň keselleriniň berhizli iýmitlenişinde bahasyna ýetip bolmajak önüm bolup durýar.

Keýpiňi ýokarlandyrmak, şähdini açmak üçin her gün irden täze sykylyp alnan pyrtykal şiresiniň bir bulguryny içmek peýdalydyr. Düzümindäki turşulary zyýansyzlandyrmak üçin şiräni içmezden öň deň mukdardaky suw bilen garmak möhümdir.

Iýmit siňdiriş ýollarynyň kesellerinde turşy miweleri, şol sanda pyrtykaly we onuň şiresini ulanmak maslahat berilmeýär.

Mandarinbu adatça pyrtykala meňzeş, ýöne ondan kiçiräk bolan ýuka gabykly, sary, ýiti narynç, gyzyl reňkli miweler il içinde «mandarin» diýlip, atlandyrylýan miwedir. Aslynda welin, tangor, kalamondin, içandorin, sitrandorin, klementin mandarin däl-de, emeli ýol bilen çaknyşdyrmak arkaly ondan alynýan miwelerdir. Mandarin diňe sary reňkli bolýar.

Mandarinde organiki turşular, kaliý, kalsiý has köpdür. Düzümindäki betakarotin onkologiki keselleriň öňüni almaga, K witamini bolsa, gan damarlaryny pugtalandyrmaga, olaryň tonusyny saklamaga ýardam edýär. Bu miwe şeýle hem, bronhitde we dem alyş ýollarynyň beýleki kesellerinde peýdalydyr.

Limonbu miwe enäniň we çaganyň saglygyny goramaga ýardamly önümleriň arasynda başdaky orunlaryň birini eýeleýär. Limonyň miwelerinde şiresi özleşenden soň aşgara öwrülýän tubular bardyr.

Limon azotly maddalara, mineral duzlara, witaminlere, şeýle hem, ýaralary mikroblardan zyýansyzlandyrýan fitonsidlere baýdyr. Bal bilen goşulyp ulanylanda miwäniň peýdasy artýar. Bu garyndy sowuklama kesellerinde oňat kömek edýär.

Laým bu daşky görnüşi boýunça limona meňzeş, ýöne ondan has peýdaly sowuklama kesellerinden goraýan miwedir. Onda ähli sitrus miwelerde saklanýan makro-mikroelementlerden, witaminlerden, pektinlerden başga kaliý, kalsiý, fosfor köp mukdarda saklanýar. Munuň özi ony parodontitiň hem-de diş syrgasynyň saralmagynyň öňüni almakda, dişleri, süňkleri pugtalandyrmakda ulanmaga mümkinçilik berýär. Ajaýyp antidep­ressant we bakterisid serişde bolan laým hem-de onuň miwesinden, gabygyndan, ýapraklaryndan taýýarlanan melhemlikler ýürek-damar keselleriniň, nerw bozulmalarynyň, kellagyrynyň bejergisinde dermanlaryň täsirini ýokarlandyrýar.

Greýpfrutmiwesi bedendäki artykmaç ýaglaryň harçlanmagyna itergi berýändigi üçin ony horlanmak maksady bilen berhizli iýmitlenişde ulanmak maksada laýykdyr. Greýpfrutyň iň gowusy, tagamlysy, peýdalysy gyzylydyr. Onuň şiresi derini agardýar, ýüzüň derisine owadan öwüşgin berýär. Şonuň üçin, şireden alynýan peýdaly maddalary gözellik serişdelerine goşýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, greýpfrutyň derman serişdeleriniň köp görnüşleri bilen utgaşmaýandygyny bellemeli.

Antibiotikleri, antidepressantlary, gandaky holesteriniň derejesini peseldýän derman serişdelerini ulanýan syrkaw tä bejeriş gutarýança bu miwäni iýmekden saklanmalydyr.

Taýýarlan Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika