SÖHBETDEŞLIK

Selbi Kakanowa: Gözellik dünýäsi durmuş ýörelgäm

Her bir döredijilik ynsanyň ömrüniň manysy zehininden çykan sungat eserleri bolýar. Ömür ýoluň röwşen ertirine tarap gadam her birimiziň şu günümizden başlanýar. Kär saýlawyndaky dogry ýol bolsa ynsany bagtly menzillere şaýat edýär.

Halk arasynda şeýle bir jümle bar: — Dünýäni gözellik saklaýar. Gözellik — bu göze görünýän we duýup bolýan ajaýyplyk. Gözellik — ynsany ruhubelentlige, şähdiaçyklyga çagyrýar, ýaşaýyşa bolan höwesiňi artdyrýar. Her bir käriň gözelligi onuň özboluşlylygynda, maňzy bolsa halka täsir edijiliginde.

Gözellik düşünjesini öz durmuş ýoluna ýörelge edinen sungat işgärlerimiz, bu ugurdan hünär alýan talyplarymyz sanardan köp. Şolaryň biri-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, öz sungat ýoly bilen aýdym-saz äleminde, häzirki wagtda bolsa kino sungatyna-da gadam basan Selbi Kakanowa bu gün “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com   saýtymyzda myhmançylykda. Selbi Kakanowa bilen guran söhbetdeşligimizi, onuň sungat ýoly barada aýdanlaryny saýtymyzyň sahypalarynda ýerleşdirip, ildeşlerimize ýetirmekligi makul bildik.

Selbi, ilki bilen döredijilik toparymyz bilen guran söhbetdeşligimize gatnaşanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

Söhbetdeşligimiziň başyny sungat ýoluna goýan ilkinji ädimleriňiz dogrusynda başlaýaly.

 Elbetde her bir zadyň başlangyjy, onuň geljekki ädimlerine bolan ýagty ýol bolup hyzmat edýär. Mähriban käbämiň yhlasly zähmeti meniň bu ugra bolan höwesimi artdyrdy. Sungat ýoluna gadam basan her bir ädimimiň aňyrsynda ejemiň meni bu ugra höweslendirmek babatyndaky işleri we bu ugurdaky ruhy taýdan goldawy sebäp boldy.

Doganym Sähra etrabymyzdaky çagalar sungat mekdebiniň tans toparyna gatnardy. Sähra bilen men hem tans öwrenmäge bu ýere yzygiderli gatnardym. Kiçi bolsam-da doganymyň eden hereketlerini gaýtalamaga çalşardym. Orta mekdebe barandan soňra bolsa men hem şol sungat mekdebiniň tans bölümine gatnap başladym. Soňra aýdym-saz bilen hem meşgullanyp başladym. Halk aýdymlarynyň «jukguldusyny» ejem öwretdi. Ejem her bir  aýdýan aýdymlarymyň sözüne, sazyna, aýdylyş heňlerine baha berip, şol aýdymyň şowly çykmagyna ýardam bererdi. Ol häzirki wagtda-da şeýle.

Halypalaryňyz dogrusynda söhbetdeşligimiziň şu ýerinde belläp geçsek….

 Elbetde örän ýerlikli bolar. Halypa ― bu islendik kärdäki ynsanyň geljegine täsir edýär, onuň kär babatyndaky pikirleriniň, edýän işleriniň kämil bolmagyna itergi berýär. Meniň ilkinji halypam sözümiň başynda-da belläp geçişim ýaly, sungat ýoluna ilkinji gadam basmagymyň sebäbi mähriban käbäm. Ol ýaşlygyndan halk aýdymlary üns bilen diňläp, onuň inçeligine, özboluşly aýratynlyklary barada binäçe maglumatlara eýe bolupdyr, halkymyzyň milliligi bilen aýratyn gyzyklanypdyr. Şol sebäpden hem öz çagalarynyň bu gudratly dünýäden üzňe bolmagyny islemändir. Mundan başga-da men çagalyk önüp-ösen ýerim bolan Daşoguz topragynda geçirilýän birnäçe dabaralara öz aýdymlarym bilen gatnaşdym. Şol ýerde maňa birnäçe halypalar aýdym-saz äleminiň aýratynlyklary, olaryň aýdylyş düzgünleri barada öwretdiler. Ýylyň-ýylyna «Türkmeniň altyn asyry» bäsleşikleriniň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşyp, aýdym aýtmagyň, sahnada özüňi erkin alyp barmagyň usullaryny öwrendim. Häzirki wagtda TDMI-nyň aýdym-saz toparynda deň-duş talyplarymyz bilen Gurban Gurbanowyň ýolbaşçylygynda birnäçe aýdymlary işleýäris. Ýurdumyzda bellenilýän her bir baýramçylyga sowgatly barýarys. Islendik kär, aýratyn-da sungat ýoly tejribäni we gutarnyksyz zähmeti talap edýär. Her bir edilen iş halkyň göwnüne barmaly, halka lezzet paýlamaly. Şonuň üçin hem biz mydama halypalaryň goldawyna, olaryň gymmatly maslahatlaryna mätäçdiris.

Aýdymçy bolmagyň aýratynlygy

Aýdymçy bolmak ― bu içki duýgyňy setirlerde beýan edilen duýguny heňe geçirip beýan etmek diýip düşünýärin. Aýdymçy bolmagyň aýratynlygy bolsa, şol saýlan ugruňa mynasyp bolmak, ýerine ýetirýän eseriňi düşünip we düşünükli dilde aýdymlar üsti bilen halk köpçüligine ýetirmek. Aýdymçy bolmak umuman alanda medeniýet sungat kärde zähmet çekýän, bilim alýan ynsanlara mahsus häsiýetleri özüňde jemlemek.

Söhbetimiziň şu ýerinde halk köpçüligine ýetirýän aýdymlaryňyz dogrusynda durup geçsek.

Aýdym aýtmak ynsanyň ruhy ganaty. Isle aýdym ýerine ýetiriji bol, isle diňleýji bol parhy ýok. Sungat dili ähli dilde-de ähli millete düşünükli dil diýip hasaplaýaryn. Ýerine ýetirýän aýdymlarym dogrusynda durup geçsem men halk we estarada aýdymlary ýerine ýetirmegi gowy görýärin. Hersini ýerine ýetireniňde-de olaryň özboluşly aýratynlyklary, özboluşly lezzeti bar. Halk aýdymlar bize müňýyllyk taryhymyzdan milli ýadygärliklerimiz. Estarada aýdymlarymyz bolsa döwrümiziň döwrebap heňi. «Selbiniýaz», «Tüni derýa», «Daglar», «Aýdyşyk aýdymy» we ş.m halk aýdymlaryny, «Söýgi», «Watanym Türkmenistan» şu ýylymyzda bolsa paýtagtymyz Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygyna «Aşgabat» diýen täze aýdymy «Aşgabat» teleýaýlym tarapyndan şekile geçirip halk köpçüligine ýetirildi. Ýene-de dürli temalarda täze aýdymlary işläp halkymyza ýetirmegi maksat edinýärin.

Sungat dünýäsiniň kino älemine syýahat etsek.

 Kino sungatyna gelşim barada aýdanymda institutymyzda geçirilýän çärelere, bäsleşiklere sahna eserlerindäki çykyşlarym bilen gatnaşanymda halypa mugallymlarymyz maňa aktýorçylyk ukybymyň bardygyny aýdyp, bu ugurdan daşlaşmazlygymy maslahat berdiler. Soňra bolsa kino düşmäge teklip geldi welin men hem bu teklipde öz zehinimi barlap görmegi maksat edinip olaryň teklibini kabul edip kinoda keşp janlandyrdym. Sungatyň bu dünýäsi hem örän gyzykly we ýatdagalyjy pursatlara baý bolýan eken. Men bu pikire özüm filme düşenimde has-da göz ýetirdim. Telefilme seretmegem gyzykly ýöne şol kinoda keşp ýerine ýetirmek bolsa başga duýgy. Kino sungatynyň aýratynlygy keşp berilenen soň Sen özlügiňden çykýaňda berlen, ynanylan keşpde ýaşamaga başlaýarsyň. Režissioryň göz öňüne getirýän keşbini janlandyrmak, onuň häsiýetini özüňde ýaşatmak, şol filmi öz durmuşyň hasap etmek bilen başlaýar. Aýdym aýdanda sahna ýeke çykýarsyň, aýdyma görä hereketler bilen aýdymyňy tamamlaýarsyň. Emma welin telefilmde beýle däl, onda her bir aýtjak sözüň, hereketiň, garşydaşlaryň bilen gatnaşyklaryň bularyň ählisi bir-biriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

Ilkinji düşen filmiňiz we ondaky täsirli pursatlar dogrusynda gürrüň beräýseňiz.

 Ilkinji gezek Sapardurdy Annaýewiň režissýorlyk etmegindäki «Geljege gadam» telefilminde keşp ýerine ýetirdim. Şöhrat Maşaripowyň ssenariýasy esasynda ýazgy edilen bu filmde maňa baş keşbiň ýagny Gülmähremiň keşbini ýerine ýetirmek miýesser etdi. Baş keşbi ýerine ýetirmek ilki biraz tolgundyryjy görünsede, keşbiň içine girişensoň höwesli bolanymdanmy nämemi bu filmdäki keşbi ýerine ýetirmek maňa kynçylyk döretmedi. Täsirli epizodlary barada aýdanymda filmde meni aldanlarynda geň galyp sereden pursadym has-da täsirli we özboluşly üýtgeşik boldy. Telefilm ýaýlymda goýberilende-de maňa täsir eden ýeri şol boldy.

Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli täze telefilmde keşp janlandyrýan, şeýle hem täze şekilli aýdyma taýýarlyk görýärin.

Sungat adamsyna mahsus häsiýetler.

 Ynsan häsiýeti ― bu onuň jemgyýetde mynasyp orun almagyna uly täsir edýär. Kär babatynda halk arasyna belli bolan ynsanlar kän, emma häsiýet babatynda hem halk arasynda görelde mekdebine öwrülen ynsanlar az däl. Medeniýet-sungat adamsyna ilki bilen il arasynda abraýly menzillere alyp gidýän olara mynasyp häsiýetde bolmak, halk köpçüligi bilen mylakatly we hoşgylaw bolmagynda. Sungat adamsy ilki bilen düşünjeli, sada, pespäl, adamkärçilikli  bolmaly diýip pikir edýärin. Olar halka geýnişinden başlap, sözleýän sözleri arkaly görelde bolýarlar. Çünki medeniýet-sungat ulgamyna gadam basan, durmuşyny baglan ynsanlara bu häsiýetler zehini bilen bilelikde olaryň her bir gadamyna badalga, her bir işine üstünlik nuruny çaýýar. Olaryň halk arasynda adynyň we sungat ýolunyň müdümilik ýaşamagyna mümkinçilik berýär.

Gözel bardyr gözellerden zyýada,

Anyň hyzmatynda durasyň geler ― dana şahyrymyzyň şu jümlelerine pikir ýöretsek.

 Zenan dünýäsi üýtgeşik we syrly dünýä. Gözellik bilen zenan iki jümle bir-birine örän ýakyn. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bu setirleri gyzlarymyzyň edep-ekramyndan, arassaçylygyndan, päk duýgusyndan, onuň mylaýym we akylly-başly häsiýetlerinden habar berýär. Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, dünýä ýüzündäki ynsanlaryň hem gylyk-häsiýeti, dünýägaraýyşy dürli-dürlidir. Şeýle bir zenanlarymyz bar, olar bilen näçe söhbetdeş bolsaňda, iş salyşsaňda arman çekmeýäň, gaýta olar bilen köpräk wagt geçireniňi kem göreňok. Arzuwym şeýle duýguny döredip bilýän duýgy hiç bir gyz-gelinlerimizi terk etmesin.

Zenan lybaslaryna bolan garaýşyňyz.

 Lybaslar ynsanyň ýaraşygy, onuň daşky we içki gözelliklerini beýan edýär. Esasanda türkmen zenanlarynyň lybaslary özüniň milliligi bilen tapawutlanyp, gelin-gyzlarymyzyň zehin başarnyklaryndan dörän inçe sungat. Teleýaýlym arkaly ýa-da toý-baýramlarda, işde, öýde parhy ýok zenanlarymyzyň egnini bezeýän lybaslarymyz görenleri haýrana goýýar. Häzirki wagtda has-da milli lybaslarymyz döwrebap görnüşde gelin-gyzlarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýär. Türkmen gyzy ýaşlygyndan dokma dokap, keşde gaýapdyr. Milli ýörelgelerimize eýerilende-de türkmen gyzy çagalygyndan el işlerinden baş çykarypdyr, onuň çagalygyndan bu häsiýeti terbiýelenmegi ene-mamalarymyzyň halal ýollaryndan gözbaş alýar. Özümem okuwdan daşary tikin tikmek bilen meşgullanýaryn. Her bir gyz-geliniň isleglerini kanagatlandyrmak, täze nusgalary tikenimde şol köýnegiň tiz biterine howlukýaryn. Her tiken köýnegime täzeçillik girizmegi tikinçilik işimiň ýörelgesi edip goýýaryn.

Selbi, lybaslar baradaky pikirleriňiziň başyny ― lybas ynsanyň daşky we içki gözelligini beýan edýär ― diýdiňiz, mümkin bolsa şu jümlede eglensek.

Elbetde, her ynsan öz islegi boýunça geýinýär. Hersiniň islegi, halaýan reňki bar. Bu bolsa şol ynsanyň içki dünýäsiniň islegi. Çünki geýýän köýnekleriniň nusga aýratynlyklaryna, saýlaýan reňklerine görä şol adamyň içki dünýäsi aýan bolýar.

Bagt düşünjesi baradaky pikirleriňiz.

 Bagt – bu giň we many taýdan baý düşünje. Haçanda ynsan arzuwly günlerini ýaşamaga başlanda, armansyz ömür sürende, ýakynlarynyň töwereginde bolanda bagt ony terk edenok. Esasy zat-da şol duýgularyň, şol pursatlaryň gadryny gadyrlap bilmek bolsa her bir ynsan üçin iň uly baýlyk, ol baýlyga bolsa bagt diýip at berilýär.

Dünýäni gözellik saklaýar.

 Bu jümle meniň durmuşymyň şygary. Gözellige men aýratyn üns berýän. Ýaşaýan otagymyň, egin-eşigimiň, daş-töweregimiň, her bir edýän işimiň gözel we gözellik paýlamagyny isleýärin. Gözellik ynsanyň ruhy dünýäsine täsir edip, onuň şähdiaçyk, ruhubelent bolmagyna ýardam edýär, manyly ömür sürmegiň açary bolup hyzmat edýär. Esasanda janyň sag bolup dünýäň gözelliklerini görüp, eşidip, duýup bilmek duýgusynyň ynsanda bolmagy onuň özüniň gözeldiginden habar berýär.

Geljekki maksatlaryňyz.

Ilki bilen Watanymyza, mähriban Arkadagymyza, maşgalamyza mynasyp perzent bolmak. Ýurdumyzda biz ýaşlar üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, türkmen sungatyny, medeniýetini dünýä ýüzüne çykarmakda öz mynasyp goşandymy goşmak, täze aýdym, kino eserlerinde mynasyp keşpleri ýerine ýetirip, Watanymyzyň ösüşli ýollaryna mynasyp goşant goşmakdan ybarat bolup durýar.

Selbi, sungat we medeniýet hakynda beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Döredijilik ýolunda abraýly we üstünlikli ýollar hemraňyz bolsun!

 Sag boluň. Siziňem dördijilik toparyňyza jan saglyk, işlerinde üstünlik arzuw edýärin.

Şahsy maglumatlary:

 Doglan wagty: 03.03.1998ý

Doglan ýeri: Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy adyndaky etraby.

2006-njy ýylda «Iň eýjejik gyzjagaz» atly bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan.

2008-nji ýylda «Owadan güller» atly aýdymyny şekile geçirilip, teleýaýlymdaky «Şekilli aýdymlar» bäsleşiginiň ýeňijisi bolan.

2009-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýylyň-ýylyna ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirýän «Gulbaba» adyndaky çagalar baýragynyň eýesi.

Aktýorçylyk sungatyndaky halypalary: Muhammetguly Kasymow, Ezizmuhammet Atdaýew.

Häzirki wagtda TDMI-nyň 5-nji ýyl talyby.

 Söhbetdeş bolan

Şaperi OTUZOWA,

žurnalist.

Muhammetguly Kasymow: “Arzuwlarymyň amala aÅŸan ýeri – teatr”

 

Maýa Annameredowa – “Vip Maya” öýmeleri nepislikden we reňk öwüşginlerinden dörän sungat!

 

Laçyn Söýünowa – Melhemleri döredýän gözellik

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda