Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol sanda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny hem-de elektron senagatyny kämilleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde şäherleriň we obalaryň tapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylyp, durmuşymyza giňden ýaýrap, yzygiderli ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we beýleki zerur bolan şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.
Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet — munuň özi, innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolup, şol bir wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Sanly giňişligiň aýratynlygy bolup, harytlary bazarlara dessin çykarmak we sarp edijiler üçin ähli amatlyklary döretmek mümkinçilikleriň artmagy çykyş edýär. Beýle diýilmegi, onlaýn düzgüninde hödürlenýän harytlaryň we hyzmatlaryň internet ulanyjylaryň ählisi üçin elýeterliligi bilen häsiýetlendirilýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriň dolanyşygynyň täze tizligi, harytlaryň hem-de hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlylygyň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar.
Ýurdumyzda innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze gadamlaryny durmuşa ornaşdyrmak, ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu hem bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasion ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar.
Şu nukdaýnazardan ýurdumyzda bu ugurda kanunçylyk binýady hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, müşderilere internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlaryny hödürlemek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Elbetde, sanly ulgam köp işleri ýeňilleşdirýär, ýerine ýetirilýän amallary tizleşdirýär we wagty tygşytlaýar.
Umuman, sanly ösüş ugry, mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlarynda gazanylýan ösüşler önümçiligiň netijeliligini artdyrmaga uly itergi berýär. Bu ösüş ugry jemgyýetiň sanly ykdysadyýetiň döredýän ýeňilliklerine taýýarlykly bolmagyna, ösüp gelýän nesilleriň döredijilikli pikirlenmäge, döretmäge mümkinçiliklerini ösdürmeklige esaslanýar. Geljek 30 ýyly nazarlaýan maksatnamalaýyn ösüş ýoly hil taýdan täze ugra gönükdirilendir.