Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin edaralaryna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de maglumat howpsuzlygy bölümleri döredildi. Olaryň iş meýilnamalary tassyklanyldy. Zerur enjamlary, programma üpjünçiligini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şeýle hem elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy.
Içerki sarp edijilere ýerlenilýän tebigy gaz üçin hasaplaşyklary sanly ulgam arkaly nagt däl görnüşde geçirmek, ammarlarda haryt dolanyşygyny sanly ulgam arkaly amala aşyrmak, gaz känleri we gaz guýulary baradaky maglumatlary sanly ulgam arkaly dolandyrmak maksady bilen, “Türkmengaz” döwlet konserniniň merkezi edaralarynda Hasaplaşyk merkezi döredildi we “Elektron ammar” programmasy gurnaldy. “Türkmennebit” döwlet konserniniň merkezi diwanynda “Netije” atly elektron resminama dolanyşygy we resmi web saýty gurnaldy, nebitiň derejesine monitoring arkaly gözegçilik etmek maksady bilen, ölçeýji enjamlaryň gurnama-sazlama işleri ýerine ýetirilýär.
TNGIZT “GOLDAW” ELEKTRON RESMINAMA DOLANYŞYGY
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2022-nji ýyl üçin meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň merkezi edarasynda “GOLDAW” elektron resminama dolanyşygy ulgamy işe girizildi we internet web saýty döredildi. Ornaşdyrylan radioelektron enjamlary arkaly buhgalterçilik hasabatlary we beýleki işler sanly görnüşde amala aşyrylýar. Şeýle hem toplumyň dolandyryş binasy bilen önümhanalarynyň arasynda elektron maglumat dolanyşygy ýola goýlup, ammarlara kabul edilýän, saklanylýan we goýberilýän maddy gymmatlyklaryň hasabyny elektron resminama dolanyşygyna geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.