Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä tejribesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Muňa mysal edip biziň gaýry yokary okuw jaýymyz bolan Türkmen oba hojalyk uniwersitetimizde sanly bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin köp mümkinçilikler döredilýär. Ýokary okuw jaýymyza degişli uzak aralykdan aralaşmak üçin uniwersitetimiziň portal saýty we bir näçe internet torlary döredildi. Bu portal saýty hem-de internet torlary bilim alýan talyp ýaşlarymyzyň özlerine gerek bolan islendik kitapdyr gollanmalary we başgada beýleki ahli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilmekleri diýseň bellärliklidir. Şeýle-de bu portal saýty we internet torlary diňe bir uniwersitetimiziň çäginde hereket etmän eýsem beýleki käbir ýokary okuw jaýlarynyň hem-de daşary ýurt döwletleriniň abraýly ýokary okuw jaýlarynyň torlary bilen birikdirilip teleköpri arkaly wideo okuw sapaklaryny geçmekleri örän buýsandyryjydyr.Sebäbi islendik bir döwletiň ösüşi şol döwletiň ylym biliminiň ösüşine bagly bolup durýar diýilýär.
Sanly bilimi ösdürmek üçin ilkinji nobatda, bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlaryň, hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarmaklarynyň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi hem öňe çykarylýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Her ýyl ak mekdeplere 1-nji synpa gadam basýan mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan mekdep kompýuterleriň sowgat berilmegi hem bellärliklidir. Munuň özi ýaş nesliň çagalyk döwründen başlap kompýuter serişdelerini peýdalanyp bilmeklerini üpjün edýär. Häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ony durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Bulardan başga-da bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda bilim babatda hyzmatdaşlyk edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleri, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar yzygiderli guralýar. Çünki ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak möhümdir. Şonuň ýaly-da ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlaryň elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.
Soňky ýyllarda iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimediýa ulgamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamyny döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Her ýyl täze çagalar baglary hem-de umumybilim berýän orta mekdepleri yzygiderlikde açylyp ulanylmaga berilýär.
Bilim ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek babatda ýene-de köp sanly işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak we elektron bilimiň serişdelerini ösdürmek göz öňünde tutulýar.
Ýurdumyzda başga-da köp sanly sungat we sazçylyk mekdepleri, ýöriteleşdirilen okuw mekdepleriniň ençemesi hereket edýär. Olar hem tehnologiýanyň häzirki zaman gazananlary bilen üpjün edilýär.
Mundan başga-da ylym-bilim pudagyny döwrebap derejede özgertmek maksady bilen, ýokary okuw mekdeplerinde we ylmy-barlag institutlarynda ýaş alymlar geňeşleri döredildi. Olaryň 19-sy ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda, 12-si we 9-sy degişlilikde ylmy-barlag institutlarynyň we Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň ýanynda işläp başlady.
Sanly bilim ulgamyny ösdürmekde bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmaga hem möhüm orun degişlidir. Bu ugurda bilimi dolandyryş ulgamyny maglumatlaşdyrmagyň aýratyn ýörelgesi hökmünde bilim işine gatnaşyjylaryň ählisine, ilkinji nobatda okaýanlara we bilim alýanlara elektron bilim hyzmatlarynyň berilmegi maksat edinilýär. Zerur bolan elektron hyzmatlaryň (elektron žurnal, elektron gündelik, elektron ýazgy we beýlekiler) ýola goýulýar.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak ugrunda köp tagallalar edýän Arkadag Prezidentimize çäksiz minnetdarlygyzy bildirýäris.
Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
SERDAROW ARÇMAN,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Oba hojalygynyň
ykdysadyýeti we dolandyrylyşy fakultetiniň dekany