SPORT

Sane Germaniýa dolanýar

Angliýanyň “Premier ligasynyň” işjeň agzasy bolan “Mançester Sitiniň” lybasy bilen meýdança çykýan ussat oýunçy Lerua Saneniň Germaniýanyň “Bawariýa” toparyna transfer edilmegi baradaky iki toparyň şertnama baglaşjakdygy mälim edildi.

Iňlis metbugatynda 24 ýaşyndaky futbolçy üçin “Mançestir Siti” topary 55 million pound tölejekdigi, we nemes ýyldyzynyň “Bawariýa” topary bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşjakdygy baradaky habar ýerleşdirildi.

Lerua Sane 2016-njy ýylda “Şalke 04” toparyndan häzirki topary bolan “Mançester Sitä” 37 million pounda transfer edildi.

Leroý Saneniň geljek 5 ýyly diňe “Bawariýa” toparynda görünýär diýip sport teswirçileri aýdýarlar. Çünki ol “Mançester Siti” topary bilen şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrüpdi.

Related posts

Türkmenistan Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynda ilkinji medalyny gazandy

Saud toparyndan Messä uly maliýe teklibi

Aziýanyň tennis federasiýasy Türkmenistanda tennisiň ösüşine ýokary baha berdi