ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Şamämmet Bäşimow : parahatlygy dünýä ýaýan aýdymlar

Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor, ussat sazanda, mahmal owazly ýerine ýetiriji Şamämmet Bäşimow hakynda söhbet açylanda, ilki bilen onuň özboluşly sahna ussatlygy bilen ýerine ýetirýän «Bäri gel», «Şirmaýy», «Zülpüň seniň», «Dünýä dursun, parahat», «Akja kepderi» ýaly meşhurlyk gazanan ençeme aýdymlary bada-bat hakydaňa gelýär. Onuň döredijiligine degişli şeýle ajaýyp aýdymlar sanardan kän. Özem ol aýdymlaryň döredilenine gör, näçe ýyllar geçdi. Emma ýyllar geçdigiçe täze öwüşginde barha belentden ýaňlanýan ol aýdymlar henizem göwünlere ganat, kalplara ruhy lezzet bagyşlaýar. Milli aýdym-saz sungatymyzyň ýaş zehinleriniň uly höwes bilen ýerine ýetirýän bu aýdymlaryny teleradioýaýlymlar arkaly diňläniňde, aýdymyň sazy başlandan haýsy aýdymçynyň aýtjakdygyny öňünden bilýäňem, şonda-da, gulagyňda Şamämmet Bäşimowyň owazy ýaňlanyp duran ýaly duýgyny başdan geçirýäň. Onuň daşary ýurt sahnalarynda çykyş edip, türkmeniň parahatsöýüji halkdygyny aýdymyň,sazyň üsti bilen dünýä ýaýan meşhur aýdym-saz topary göz öňüňde janlanýar. Şol pursat ussat halypanyň geçen döredijilik ýoly biygtyýar oýlandyrýar.

Bir gezek Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa bilen söhbetdeş bolanymyzda, köp kompozitorlar bilen işleşendigini, özüniň ýerine ýetirýän aýdymlarynyň arasynda «Bulak başynda», «Dogduk depäm», «Akja kepderi», «Söýgüli ýar» we başga-da, şunuň ýaly ajaýyp aýdymlary döreden, juda zehinli kompozitor Şamämmet Bäşimowyň döredijiligine degişli aýdymlaryň hem 50-den gowragynyň bardygyny aýtdy. Ol: «Şamämmet Bäşimowyň özboluşly döredijilik ýoly bar. Onuň döreden aýdymlarynyň sazy-da, sözleri-de ýeňiljekden sada bolansoň, ýürege-de aňsatlyk bilen girýär. Şamämmet aýdyma-saza tebigy berlen zehin. Ol öz üstünde irginsiz işleýär. Özem hemişe gözlegde. Her aýdymynda täzelik gözleýär. Bu diýdigim döredýän aýdymlarynda şol bir meňzeşligi  gaýtalanok. Bir ugurly dälde, her aýdymyň öz many-mazmunyna görä, temasyna laýyk duýgy bilen heňini döretmegiň ussady. Tebigat gözelliklerini wasp etse, täsin heň bilen her paslyň öz gözelliginiň duýgusyny bagyşlap bilýär. Yşky-liriki temada aýdym döretse söýgi pursatlarynyň keşbini tebigat bilen sazlaşykly suratlandyrýar. Şeýle bolansoň, aýdymy ýerine ýetireniňde onuň sözleri bilen jüpüne düşen juda owadan heňi öz dünýäsinde ýaşadýar» diýip, uly hormat goýup baha berdi. Halypa kompozitoryň döreden hem täzeden işlän meşhur aýdymlaryny ýerine ýetirýän aýdymçylar bolsa, bir ýa iki däl, olar sanardan kän. Onuň bilen işleşen sungat wekilleriniň her haýsynyň şunuň ýaly öz pikir garaýşy, berýän uly bahasy bar. Şeýle-de bolsa onuň özi bilen söhbetdeş bolmak has-da täsirli. Şamämmet aga bilen birnäçe gezek gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Bir mahal «Nesil» gazetinde işleýärkäm onuň bilen wagyz-nesihat duşuşygyna gatnaşdyk. Şonda ol  gelin-gyzlaryň edep-terbiýesi barada sazyny, sözlerini özi döreden «Läläm» atly aýdymyny aýtdy. Şol gezekki onuň gitara saz guralynda zaryn-zaryn owazda saz çalyp, gözlerini ýaşlap aýdan şol aýdymy şindem göz öňümde. Häzir Şamämmet aga 70 ýaşdan geçdi. Ol 1948-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynda doglan. Onuň ýaşlykdan aýdym-saza höwesi uly bolansoň, ilki  Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebini, 1969-1974-nji ýyllarda (Leningrad) Sankt-Peterburg şäherindäki Döwlet medeniýet institutyny tamamlady. Ol 1991-nji ýylda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», 1996-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglandy. Halypa kompozitor dürli ýyllarda Polşa, Bolgariýa, Germaniýa demokratik Respublikasy, Wýetnam, Laos, Kipr  we başga-da ençeme daşary ýurt sahnalarynda çykyş edip, milli sungatymyzy dünýä ýaýmaga mynasyp goşant goşdy. Onuň maşgalasynda üç ogul, üç gyz perzendi we agtyklary bar. Şamämmet Bäşimow 1966-1968-nji ýyllarda Türkmenistanyň döwlet teleradio komitetiniň hor artisti, 1968-1969-njy ýyllarda Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň sazçylyk mekdebiniň direktory, 1971-1974-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Güneş» ansamblynyň artisti, solisti, 1974-1976-njy ýyllarda Mary welaýatynyň Filarmoniýasynyň, 1976-1981-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň solist-instrumentalisti,1982-1990-njy ýyllarda Türkmen döwlet filarmoniýasynyň solist-wokalisti, 1990-1997-nji ýyllarda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wokal artisti, 1997-2001-nji ýyllarda Mylly Täçmyradow adyndaky Türkmen döwlet filarmoniýasynyň solist instrumentalisti wezipelerinde işledi. Häzirki wagtda ol Türkmen döwlet medeniýet institutynda işleýär. 2017-nji ýylda Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanlarynda baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzdaky «Mizan» täjirçilik merkezinde dabara guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda uly ruhubelentlige beslenen döredijilik agşamynyň täsirli duýgulary oňa gatnaşanlaryň her biriniň hakydasynda ýatdan çykmajak taryhy waka öwrüldi. Hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň halk artisti Şamämmet Bäşimowy Şa serpaýy bilen sylaglap, oňa ýörite gitara saz guralyny sowgat berdi.

Şonda mynasyp bolan Şa serpaýy bilen gutlap, Şamämmet aga bilen söhbetdeş bolduk. Eli hasaly zordan ýöräp gelýän halypa kompozitoryň buýsanç bilen: — Begenjimiň çägi ýok. Gahryman Arkadagymyz şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli ýubileý medaly bilen, tamamlanyp barýan 2017-nji ýylymyzda bolsa, Şa serpaýy bilen sylaglady. Ýagny, «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly adyň eýesi boldum. Ynha, ýene-de maňa «gitara» saz guralyny  gowşuryp, sylaglady — diýip alkyş sözlerini beýan etdi. Oňa döredijilik ýoly bilen bagly gyzyklandyrýan sowallarym bilen ýüzlendim. Ol:

— 1968-nji ýylda Türkmen döwlet sazçylyk  uçilişesini tamamladym. Iki ýyllyk iş tejribelik üçin Köneürgençdäki orta mekdebe işe iberildim. Ukyp-başarnygyma göwni ýetendirler-dä, mekdep direktory ýanyna çagyryp, ansambl açmagymy teklip etdi. 6-7-nji synp okuwçy gyzlardan düzülen «Şatlyk» gyzlar ansamblyny döretdim. Şol topar bilenem respublikan gözden geçirilişiklere gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeledik. Şol iki ýyllyk iş tejribelik geçip ýören döwürlerimde ilkinji gezek şahyr Anna Gurtgeldiýewiň sözlerine «Owadan sen, owadan» atly aýdymy döretdim. Ol aýdym häzirki günlerde-de ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilip, teleradioýaýlymlarda ýaňlanýar. «Dünýä dursun parahat!», «Akja kepderi» ol aýdymlaryň ikisiniňem sözleri şahyr Hudaýguly Allamyradowyňky. Sadadan gysga, manyly ýazylan goşgular. Başga şahyrlaryň goşgularyna-da döreden aýdymlarym kän. Täzeden işlän halk aýdymlarym-da az däl. «Köne güzer», «Tüni derýa», «Tä men gelinçäm», «Jigi-jigi», «Gelinler», «Meňzemez» ýaly aýdymlary aýdyp, «Güneş», «Dessan» ansambllary bilen dünýäniň ençeme döwletleriniň sahnasynda çykyş edipdik. Leningradda (häzirki Sankt-Peterburg) okaýan döwürlerim doganlyk halklaryň atly ansambllaryny görüp, türkmen halkymyzyň hem ady belli ansambllarynyň bolmagyny arzuw edýärdim.

«Güneş» ansambly 1970-nji ýylda teleýaýlymyň garamagyndady. Ol wagtlar ansamblyň çeper ýolbaşçysy Myrat Sadykowdy. Adamkärçiligi şeýle gowy, zehinli aýdymçydy. Onuň bilen birnäçe ýurtlarda döredijilik saparlarynda bolduk. «Güneş» ansamblynda men saz ýolbaşçy bolup işledim.

Dürli ýyllarda gysga göwrümli filmlere saz ýazdym. Ýöne esasy teatr sahnalarynda goýulýan oýunlara kän saz ýazdym. Teatrda Aman Kömekow, Abdylla Ýakubow dagy bilen işleşdim. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň «Şapak» eseri esasynda sahnalaşdyrylan oýnuň hem sazyny ýazdym . Ol oýun häzirki döwürde hem Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda tomaşaçylara ýetirilýär. «Güneş» ansamby täzeden dikeldildi. Ýaşlygyma dolanan ýaly boldum — diýip begenjini paýlaşdy.

2020-nji ýylda ýene-de onuň bilen telefon arkaly jaňlaşyp, «Güneş» žurnaly üçin ýürek buýsanjyny hem-de Täze ýyl gutlagyny ýazgy etdik. «1990-njy ýyllardy. Çagalaryň neşiri bolan «Mydam taýýar» gazetinde şahyr Hudaýguly Allamyradowyň «Dünýä dursun parahat!» atly goşgusy çap boldy, Şol goşga saz ýazyp aýdym döretdim. «Dessan» aýdym-saz toparymyz bilen iş saparlarynda bolanymyzda bu aýdymy daşary ýurtlaryň ençemesiniň sahnasynda ýerine ýetirmek miýesser etdi. Şu aýdymyň sözleri bilen bütin dünýäni gutlaýaryn. «Dursun, dursun, dünýä dursun,

Dünýä dursun parahat!»

Halkymyzyň kalbynda orun alan aýdymlaryň ýaş nesillerimiziň hoş owazy bilen joşgunly ýaňlanmagy halypalaryň göwnüni ganatlandyrýar.Ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň şanly toýy bilen ýurt Baştutanymyzy, agzybir halkymyzy, bagtyýar balalarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Toýlarymyz toýa ulaşsyn!» diýip gutlady.

Ýakynda halypa kompozitoryň öýüne jaň edip hal-ýagdaýyny soradyk. Saglyk ýagdaýy sebäpli kän gürleşip bilmedik. Onsoň onuň ogly aýdymçy Dessan Bäşimow bilen gysgajyk söhbetdeş bolup, onuň öz döredijiligi bilen gyzyklandyk. Ýaş zehiniň gepinden-sözünden halypa mekdebinde terbiýelenendigine göz ýetirip bolýar. Ol hem kakasynyň döredijilik aýratynlyklary hakynda gürrüň berip, özüniň täze-täze şekilli aýdymlaryň üstünde işleýändigini, hem-de «Türkmen owazy» teleýaýlymy arkaly tomaşaçylara ýetirmegi maksat edinýändigini aýtdy. Şol pursat ol kakasynyň döredijiligine degişli aýdymlaryň käbirleriniň atlaryny aýdyp dur welin, Şamämmet Bäşimowyň köp sesli ýerine ýetirijilik aýratynlygy hakydama gelip birden-ä: «Şirmaýy, şirmaýy, şirmaýy darakyňdan» diýip, birdenem: «Zülpüň seniň, zülpleriň seniň» diýip aýdymlary köplük bolup aýdylýan ýaly sesde gulagymda ýaňlandy durdy.

Akgül Saparowa.

 

Nazar Gullaýew: Teşnewiniň köptaraply zehini

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri