SIZDEN GELENLER

Saglygymyz özümize bagly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak möhüm ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir. Bu babatda häzirki wagtda ýurdumyzda dünýä nusgalyk işler bitirilýär. Ilatyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsanyň ömrüni uzaltmak ýaly möhüm wezipeler «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Diýarymyzda sagdyn durmuş ýörelgeleri ornaşdyrylýar, raýatlar ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen üpjün edilýär. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynyň işiniň dünýä derejesinde kämilleşdirilýändigine, halkara ülňülerine doly laýyk getirilýändigine güwä geçýär.

Deri keselleri baradaky maglumatlar dürli halklaryň (hytaý, müsür, hindi, grek) irki zamandaky ýazuw çeşmelerinde ýatlanylýar. Gündogaryň belli lukmanlary – Abu Aly Al Huseýn Ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen we beýlekiler deri kesellerini anyklamak we bejermek işine örän uly goşant goşupdyrlar. Olar bize gymmatly ýazgylary miras galdyrypdyrlar.
Müsüriň papiruslarynda biziň eýýamymyzdan öňki 3000-1000 ýý. süýjübaş, heýwere, gotur, dokuzdonly, siňňil we başgalar hakynda ýazylsa, Suşrutyň ýazmagyna görä, (biziň eýýamymyzdan öňki VIII-IV asyrlar)
Hindistanda belli bolan keselleriň hatarynda heýwere, saçdüşme, deriniňgijilewügi, iteşen ýaly deri keselleriniň bolandygy we olaryň garşysyna ulanylýan emler, hakynda hem bellenip geçilipdir.
Ibn Sinanyň deri kesellerini bejermekde ulanan emleri, ösümliklerden, mallardan, minerallardan taýýarlanan kesel bejeriş serişdeleri; çopantelpek, erigiň toşaby, buýan, kümüş esbaplary, lanolin derman serişdeleri häzirki zamanda hem deri kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar.
Ýurdumyzyň lukmançylygynyň bir pudagy bolan dermatowenerologiýada hem türkmen alymlary uly işleri alyp barýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly ensiklopediýasy we beýleki gymmatly kitaplary bu ugurda esasy gollanma bolup, hyzmat edýär. Il-ulsuň saglygyny ýurt
baýlygyna deňeýän döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen Aşgabadyň demirgazyk böleginde ikinji saglyk şäherjiginiň peýda bolmagy bilen, işleriň has-da ilerläp, täze derejä çykjagyna şek-şübhe bolup bilmez.
Deri iňňän berk synadyr. Öz düzüminde çeýe, kollagen süý ümleriniň barlygy sebäpli, deriniň maýyşgaklyk ukyby hem bardyr; şonuň üçinde mehaniki täsirlerden , meselem urgudan, kesilmekden, basyşdan we ş.m. Deriniň adam bedeninde, gyzgynlygy kadalaşdyryş hadysasyna gatnaşmagy, bedeniň iň möhüm fiziologiki işleriniň biri bolup durýar. Sagdyn adamyň bedeni, daşky howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarylygyna ýa-da pesligine garamazdan, adatça içki gyzgynlygyny mydama bir derejede saklaýar. Himiki we fiziki hadysalaryň gyzgyny kadalaşdyrmagy bilen, bedeniň gyzgynlygy belli bir derejede durýar.
Deriniň köp keselleri çişginli häsiýetli bolýarlar. Keseliň reaksiýasynyň derejesine, keseliň dowamlylygyna baglylykda, ýiti, ýitiräk hroniki we şertli çişlere, bölýärler. Olar, daşky we içki gyjyndyryjylaryň täsirine jogap bermek häsiýeti, reseptor apparatlaryň, merkezi degna, endokrin ulgamlarynyň ýagdaýyna, bedeniň reaktiwligine bagly bolýar.
Deri keselleri, köp halatlarda içki näsazlygyň duýduryjy alamaty bolup, umumy ýetmezçiliginde, içgoşlaryň kesellerinde, degna-endokrin näsazlyklarynda, ýygy duş gelýär.
Deri keselleriniň umumy bejergisi üçin, içkesellerini, degna we endokrin keselleri bejermekde ulanylýan derman serişdeleriniň ähli görnüşleri we usullary ulanylýar. Deri kesellerini bejermekde berhiz saklamagyň, fizioterapewtiki bejeriş usullarynyň, psihoterapiýanyň, kurort bejergileriniň ähmiýeti uludyr.
Şeýlelikde, deri kesellerini bejermekde, derman serişdelerini we bejeriş usullaryny saýlap almaklyk, her bir näsag üçin, umumy etiopatogenetiki bejergini kesgitlemegi, şahsy çemeleşmekligi talap edýär.
Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi kämilleşýär we ylmyň täze ugurlary esasynda guralýar. Bu babatda häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezlerini aýratyn bellemek gerek. Bu sagaldyş-dikeldiş merkezlerinde ynsanyň, hususan-da, çagalaryň saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde uly işler alnyp barylýar.
Halkymyzyň saglygyny goramaga we döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Laçyn Amanowa, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Deri we weneriki keselleri kafedrasynyň öwreniji-mugallymy.

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy