SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Sagdyn bolmak üçin maslahatlar

Gyş günleriniň golaýlamagy bilen ilat arasynda ýiti respirator keselleriniň ýüze çykmalary has köpelýär. Onuň näsag adamdan daş-töweregindäkilere örän tiz we aňsatlyk bilen ýokuşýandygyny bellemek zerur.

Keselden goranmakda sagdyn durmuş ýörelgelerine uly orun degişlidir, bu çärelere näçe irki ýaşda başlasaň, şonça-da gowy netije berýär. Sagdyn iýmitlenmek kadalaryna pugta üns bermek zerur. Bu babatda käbir maslahatlary dykgatyňyza ýetirýäris:

— Kesel dörediji wiruslaryň bölüp çykarýan zyýanly zäherleriniň bedenden çalt bölünip çykarylmagy üçin hökman derlediji, ýokumly suwuklyklary kabul etmeli. Olaryň hataryna narpyzly, ary bally, limonly ýa-da ýertudananyň mürepbesi goşulan çaý, towuk çorbasy, sarymsak goşulan unaş girýär.

— Çygly arassaçylyk işlerini geçirmeli.

— Öýüň içinde üzärlik tütetmeli, soňra penjireleri açyp, howany çalyşmaly.

— Öýden çykmazdan ozal, burun boşlugyna wirusyň ýokuşmagyndan goraýan «Oksolin» melhemini çalmaly, agyz-burun örtügini dakynmaly.

— Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz araçägi, ýagny 2 metr aralygy saklamaly.

— Iş ýerleriňizi arassa saklamaly, peýdalanýan enjamlaryňyzy, el telefonlaryňyzy we beýleki şahsy zatlaryňyzy yzygiderli zyýansyzlandyryjy serişdeler bilen süpürmeli.

— Elleşip salamlaşmakdan, gujaklaşyp görüşmekden saklanmaly.

— Üsgüreniňizde, asgyranyňyzda, agzyňyzy we burnuňyzy birgezeklik elýaglyk bilen ýapmaly.

— Kesel alamatyny duýsaňyz, haýal etmän, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy