ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Sabyr Ataýewa: hakydada galan keşpler

Meşhur kino hem teatr artisti Sabyr Ataýewa döredijiligine aýratyn hormat goýýan artistlerimiň biri. Kiçiligimden ony döreden ajaýyp keşpleri bilen  teleýaýlym arkaly tanaýardym. Onuň surata düşen kinolaryny, sahna oýunlaryny hemem onuň bilen guralan döredijilik duşuşyklaryndan taýýarlanan gepleşikleri hezil edip görýärdim. Şonuň üçin onuň sesem ýadymda galypdyr. Onuň sesini radio oýunlarda eşidenimde-de tanaýardym. Tanymal sungat ussatlaryny ýüzbe-ýüz görmek bolsa, hemişe arzuwymdy.

Obadan Aşgabada ýaňy göçüp geläýen wagtlarymdy. Gürrüň berjek şu wakamyň bolanyna eýýäm otuz bäş ýyla golaý wagt geçipdir. Bir gün «Owadan» hyzmat öýüniň duralgasynda awtobusdan düşüp, «Gülüstan» söwda merkezine barýardym. Garşymdan Sabyr eje gelýärdi. Garran wagty eken. Elindäki tor gapda bir kilo ýaly kartoşka bardy. Bazara aýlanmaga çykan bora çemli. Men ony ussat artist hökmünde tanasam-da, ýekeje gezegem ýüzbe-ýüz duşuşyp görmändim. Şeýle bir begendim. Ylgap baryp: «Sabyr eje, salam!» diýip, elinden tutdum. Ol: «Gurgunmyň, gyzym!» diýip, menden beter gadyr bilen görüşdi. Soňam: «Balam, gözümiň görşüniň ugry ýok. Tanamadymla, sen kim?» diýdi. «Men obadan şähere täze göçüp geldim. Sizi görüp, artistdigiňizi tanamsoň, salamlaşaýaýyn diýdim» diýip, onuň elinden tutdum-da: «Ýörüň, sizi taksa mündirişeýin» diýibem, ýoldan geçirdim. El galdyrmankak bir taksi deňimizde saklandy. «Sabyr eje, geliň münüň!» diýip, sürüjiniň sesi eşidildi. «Sag boluň, Sabyr eje!» diýip, taksiň yzky oturgyjynda  oturdyp, gapysyny ýapdym.

Indi käwagt döredijilik adamlary bilen gürrüňdeş bolýan welin: «Men pylan ýerde pylan artist bilen duşuşdym. Ýa bolmasa pylan artisti gördüm» diýseler, şu pursat hakydama gelýär. Sebäbi, meniň üçin meşhur artist Sabyr Ataýewa bilen görüşmek ýönekeýje duşuşyk däldi.

Ine, bir günem «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Annamyrat Poladowyň tabşyrygy bilen Sabyr Ataýewa hakynda makala ýazmaly boldum. Ýalňyşmasam 2004-nji ýyldy öýdýän. Şonda Sabyr eje barada gürrüňdeş bolmak üçin, onuň ýaşan öýüne bardym. Gyzy bazardan gelýänçä, gapylarynda garaşyp durun welin, goňşusy geldi. Ol: «Sabyr ejäniň gapysyna gelen myhman biziňem myhmanymyzdyr, ýörüň öýe baralyň. Bir käse çaý içeliň, oňa çenli Jerenem geler» diýip mürähet etdi. Sag boluň, bereket bersin — diýip daşarda duran ýerimizde biraz onuň bilenem gürrüňdeş bolduk.

Ol:

— Sabyr eje güldürip, içimizi gyrara getirdi. Duldegşir goňşum bolansoň, bize köp gelerdi. Käwagtam: «Abadan, suwa gaýnan unaşa ullakan gyzyl burç atyp, gatyklap, özem siziň öýüňizde içesim gelýär» diýerdi. Başyndan geçenleri gürrüň bererdi, diňläp hezil edip oturardyk. Onuň tirsegini ýassyga diräp, hokkeý görşüni diýsene. Şeýle bir gowy görerdi. Hokkeý oýnaýan oýunçylaryň ählisiniň atlarynam bilýärdi. Çagalarym: «Sabyr eje, beýleki teleýaýlymda kino bar, göräýeli» diýse-de: «Hokkeý gutarman kino bolmaz. Baryň, biziň öýümizdäki telewizorda görüberiň» diýerdi.

Bir gün uly oglumy öýerýärdim. Toýa ak gyňaç daňnyp, garry ene bolup gelipdir. Tanamandyryn. Asyl ol toýumyzda oýun oýnamaga gelen eken.

Pahyryň howlusynda erik baglary bardy. Bir bagy howlyň gyrasynda ekilip, uly bolansoň, şahalary howludan daşarda. Töweregiň çagalary erik ýygjak bolup, kimsi daş zyňýar, kimsi taýak zyňýar welin: «Wah, balalar. Dileseňizem berjek. Kellämi daş bilen bir deşäýmäň» diýip gülerdi. Ol keşde bolsun, haly bolsun, türkmeniň milli zatlarynam gowy görerdi.

Sabyr eje ýogalandan soň içimiz gysdy. Ilki-ilkiler çagalarymyň göresi geldi. Telim gezek teleýaýlyma jaň edip, onuň oýnan kinolaryny görkezmegi haýyş edipdim — diýip, gürrüň berdi. Şonda ol belki, ýene-de kän zatlar gürrüň bererdi, ýöne Sabyr ejäniň gyzy Jeren öýüne geldi welin, öýe girmek bilen bolup gürrüňdeşligimizi onuň bilen dowam edip oňaýypdyryn. Jeren ilki bilen ejesiniň terjimehaly bilen tanyşdyrdy.

— Ejem Sabyr Ataýewa 1917-nji ýylyň 7-nji noýabrynda häzirki Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Bamy obasynda doglan. Ol 1993-nji ýylyň 19-njy martynda-da ýogalan. Ol SSSR-iň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi. Biz bary-ýogy iki aýal dogan. Ulymyz Ogulnäzik, menem kiçileri. Körpe bolamsoň, hemişe diýen ýaly ejemiň ýanynda boldum. Ejem köplenç öýde sahna taýýarlyk görerdi. Käte söz baýlygymy artdyrjak bolup, «Oka, senem» diýip, garşydaşynyň aýtmaly sözleriniň ýazgysyny maňa bererdi. Men-ä patdyk-putdyk okardym. Ejem bolsa, öz okamaly ýerini gara çyny bilen okardy. Kä wagt dagy «Eje, beýdip gygyryp aýtmak nämä gerek? Ýuwaşyrak aýtsana!» diýerdim. Sebäbi birden gygyryp gürlese tisginýärdim. Asyl, ol keşbe girýänini özem duýmaýan eken. Köplenjem okuwdan çykyşyma işine barardym. Ejemiň ýüzüne seredenimden, onuň aglandygyny bilýärdim. «Eje, oýun oýnaňda aglaman oýnaý-da, ýüzüň bildirip dur-a» diýerdim. Ol bolsa: «Özüň ynanyp oýnamasaň, il ynanarmy?» diýerdi.

Bir gün ejem teatrda bir sahna oýnaýar. Iki gudanyň arasyndaky waka hakda. Ejem sahnada «Gudalar geljek» diýip, çykyş edýär. Tomaşaçylaram gürrüldili el çarpýarlar. Menem tutynyň aňyrsyndan tomaşaçylary görjek bolup jyklaýan. Fahriýa Aliýewa-da ejemiň gudasy bolup oýnaýar. Ol gele-gelmäne, tomaşaça görnäýmesin diýen ýaly ejemiň gulagyna: «Sabyr, gyzyňa seret» diýip pyşyrdady. Ejem welin, hamana, sahnanyň bir parçasy ýaly maňa garap, tutuny ýapmalydygymy düşündirdi, hemem aýtmaly sözlerini utgaşdyryp tomaşaça duýdurmady.

Ejemiň ýakyn joralarynyň biri Fahriýa daýzady. Ol hem ejem hakda kän zatlar aýdar. Ejem çagalykdan ýetim galyp, çagalar öýünde terbiýelenen. Soňam şol ýerden Moskwa okuwa iberilýär. 1936-1941-nji ýyllarda şol ýerde okaýar. Täçbibi Gafurowa, Fahriýa Aliýewa, Durdy Saparow we başga-da köp artistler bilen bile okapdyr. Okuwy tamamlanlaryndan soň, oglanlar-a urşa gidýär. Gyzlaram öýe gaýdýarlar. Ejem gum içinde ýaşan, sada oba gyzy. Ol köplenç agyr ykbally keşpleri oýnansoň, tanamaýanlar ony durmuşda-da gamgyn, göwnüçökgün  zenandyr öýdýärler. Emma ol şeýlekin şahandazdy. Özem  gaty dogumlydy, şeýle-de durumsyz, ýüregi ýukady.

Bir gün bir goňşymyzyň bäbegi boljak bolýar. Ejem «Tiz kömege» jaň edip, öňünden garşylamaga gitdi. «Tiz kömek» biraz garaşdyryp geldi. Ulag saklanandan, dermanly gapyrjak göterip ejem düşdi. Ol düşüşine lukmanyň elinden çekip, «Ýör, çaltrak» diýip, onuň ýöreýşine kanagat etmän, öňüne düşüp ylgap barýar. Oňa çenli derwezä ýetenden «Ogul jigimiz boldy» diýip buşladylar. Lukman: «Eýýämmi?» diýip, geňirgenýär welin, ejem: «Her kimiň bar işi siz gelýänçäňiz garaşyp oturmamy?» diýýär. Ejemiň bolup ýörşi şoň ýaly alaýazdy.

Bir gezek üýşmeleňde otyrys. Ýanymyzda Orsýetden gelen iki sany aýal bar. Öňümizde palaw goýuldy welin, aýal doganym: «Eje, palawy eliň bilen iýme. Birden myhmanlar «medeniýetsiz» diýäýmesin» diýip pyşyrdady. «Palaw iýeňde medeniýet nämä gerek?!» diýip, ejem ýene iýip başlady. Ýaňky aýallar: «Sabyr, gör, sen nähili? Palawy el bilen iýeňde-de owadan iýýäň. Nädip ýere gaçyrman iýip bilýäň?» diýip soraýarlar. Ejemem: «Palawy tabakdan eliň bilen alyp, soňam eliňden syrygan ýagyny ýalap iýmek, türkmeniň milli medeniýeti. Çünki, el bilen iýeňde, tagamyň ýokumlylygy has gowy duýulýar» diýip düşündirdi.

Bir günem Mamur ejäniň keşbine taýýarlyk görýär. Waka şeýle: gum içinde saglyk öýi gurlup, şol ýerde ýaşap ýören adamlaryň arasyna şäherden işlemek üçin bir lukman aýal göçüp barýar. Mamur ejede heniz oturgyçda-da oturyp görmedik sada aýal. Ol lukmana görünmäge barýar. Oturgyçda oturjak bolup, çöküne düşüp, arkan gaýdyp, sadalygy görkezmeli. Indi ejem maňa oturgyjy sakladyp, özem ýykylyp endik etmeli. Öýümiziň iki oturgyjynyň aýagyny döwdi. Kakam pahyr-a: «Öýde bitin oturgyç goýjak däl-ow» diýýär. Ejemem: «Çüý kaksaň bitin oturgyç bolar-da» diýýär.

Ejem «Şasenem-Garypda» Garybyň ejesiniň keşbini oýnady. Kör enäniň keşbi. Şonda kellesindäki ötürme saçyň iki taryny ýüzüne düşürip, şol tara seredip, körüň keşbini ýerine ýetirdi. Şo hili zatlary özi oýlap tapýardy. Bir gezek «Bir görlen tanyş» atly oýnuň ilkinji görkezilişine ýüwürjilerimi äkitdim. Ejemiň sahnada bolşuny bir görseň. Uruşdan ogly gaýdyp gelmedik enäniň keşbini oýnady. Ilk-ä «Adamlar, araňyzda meniň Arça balamy gören barmy?» diýip, elewräp durşy. Bir adamam «Ogluňyz gelýär» diýip, aldap buşlap gidýär. Soňam: «Ogluňyz öldi» diýen habar getirýärler. Şonda: «Ýok, meniň oglum ölmeli däldir. Onuň ýüregini duşman oky syndyryp bilmändir» diýip, gözi kör sermenip durşuna, köp tomaşaçylar agladylar. Ejem islendik keşpde özem ýaşaýardy, tomaşaçynam ýaşadyp bilýärdi.

Ol ähli keşpde-de ussat oýnardy. Ýöne türkmen zenanynyň keşbini janlandyranda milli eşikde geýnişinem, türkmeniň oturyp-turşunam, edim-gylymynam, sözleýşinem hakyky berip bilýärdi. Garşydaşyndan talapkärdi, ýöne bile oýnan kärdeşleri «aýtmaly sözleriňi agzyňa salyp berýänligi üçin onuň bilen oýnamak ýeňil bolýardy» diýýärler» diýip gürrüň berdi-de: «Bir gezegem Täze ýylyň öň ýanyndaky gündi. Öýümize Kerim şahyr geldi.Ol: «Sabyr eje, size «şeýle süýji palaw bişirýär» diýdiler, hem-ä siziň bişiren palawyňyzdan iýmek üçin, hemem siziň nädip el bilen palaw iýişiňizi öwrenmek üçin geldim» diýdi. Kerim aga palaw iýjek bolýar welin, tüwiniň dänesi barmaklarynyň arasyndan daşyna çykýardy. «Beh, Sabyr eje, siz iýeňizde ýekeje däne tüwem ýere gaçanok-da» diýip ejeme ýüzlendi. Şonda ejem: «Kerim jan, men garyplyk bilen ösdüm-ä» diýip güldi. Ejem bilen bagly şunuň ýaly ýatlamalary käte öz-özümem oturyp ýatlaýan» diýdi.

Bu gürrüňlerden Sabyr ejäniň häsiýet aýratynlyklaryna-da, durmuş ýollarynyň neneňsi geçendigine-de  göz ýetirmek kyn däl. Esasan-da, onuň durmuşda juda mähriban zenan bolandygyny bilip bolýar. Döredijiligi babatda bolsa, her kim özüçe baha berip biler. Şu ýerde Sabyr Ataýewanyň janlandyran keşpleriniň käbirleri hakynda durup geçesim geldi. Sebäbi onuň oýnan keşpleri hakydamdan çykanok. Hut şu pursatda ilki bilen onuň «Keçpelek» filmindäki surata düşen Berdimyradyň ejesi Sona ejäniň keşbi ýadyma düşdi. Maralyň jigisi Begli bilen gürrüň edýän pursaty bardyr. Begli:

— Sona eje, Berdimyrat gelmedimi? — diýip soranda:

— Näme guzym, Berdimyratlyk işiň barmydy?

— Aý, ýok. Ýöne ol maňa «Dutar çalmagy öwretjek» diýdi-de, bir aý boldy, henizem gelenok — diýýär welin, şu ýerde:

— «Dutar çalmagy öwretjek» diýen bolsa, ol hökman öwreder. Berdimyradyň gidenine bir aý bolanyny sen nireden bilýäň, oglum? — diýip, öz ugurtapyjylygyny görkezýär. Olam çaga:

— Ony maňa Maral aýtdy — diýendenem, eýýäm:

— Wiý, huşum gursun. Begli jan, dur oglum. Men saňa süýjüjik bereýin — diýip, akja gant berýär.

Ine, şu pursaty görkezmek üçin, diňe Sabyr eje bolmaly diýýän. Sebäbi onda ene mylaýymlygy, ene ugurtapyjylygy, syr bildirmezlik üçin sypaýyçylyk, türkmende ýagşy habar eşidilende «Agzyňy süýjüt ýa-da eliň boş çykmasyn» diýen yrym-ynanç, ene begenji, enäniň kyn güne bolan garaýşy, ähli zat duýgy bilen herekete geçip, keşbiň maksadyny, manysyny ägirt beýik derejä göterip bilipdir.

Sabyr eje köplenç, agyr ykbally keşplerde oýnady. Şonuň üçin, Sabyr ejäni beýle şahandazdyr diýip pikir edemokdym. Ýöne «Ýuwaş gelin» filminde, bir kiçijik keşp bar. Şonda gybatçy aýallar üýşüp Maral ejeden gelniniň ýagdaýyny soraýarlar. Maral eje-de tamdyr suwap duran ýerinden, şolara gahar edip, palçygy gürpüldedip uranda, Sabyr ejäniň ýüzüne palçyk syçraýar. Ol şonda «içiň ýansyn» diýen ýaly jak-jak edip gülýär. Şeýlebir owadan gülküsi bar. Ana, şol pursaty göreniňde, «Bäh, Sabyr eje gülübem bilýär eken-ä» diýdirýär. Indi welin, onuň deň-duşlarynyň, goňşularynyň gürrüňlerini diňläp, ony düýbünden başgaça keşpde göz öňüme getirýän. Ol ykbalyndaky çarkandakly ýollaryň külpetini gaýratlylygy, dogumlylygy, şahandazlygy, iň esasyda tebigy berlen zehini hem-de irginsiz zähmeti bilen ýeňip geçen beýik ene.

Bir gün Sabyr eje işden gelýärkä, kärdeşi Suraý Myradowalara sowulýar. Ýanynda bir kiçiräk sumkasy bar eken. Ol «Bir çäýnek çaý içip turjak» diýýär-de,  soňam sahnanyň gürrüňine gyzyp esli oturýar. Bir görseler Sabyr ejäň sumkasy ýassyk ýaly çişipdir. Onsoň Suraý daýza:

— Sabyr, sumkaň öz-özi çişip barýa-la? — diýenden: «Wiý, huşum gursun, pylanydan hamyrmaýa alypdym. Sumkam ýarylmanka turaweräýin» diýip gaýdypdyr.

Ony köplenç ýatlanlarynda hökman gülküli pursatlar bilen ýatlaýarlar. Hawa, Sabyr eje özi hakda ajaýyp ýatlamalar goýupdyr. Şonuň üçin, her birimiz  ony sungatda-da, durmuşda-da hemişe ýagşylykda ýatlaýarys.

Akgül SAPAROWA.

 

Atabaý Çarygulyýew: aýdymly ykbalyň kyssasy

 

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri