SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Russiýa maýmyn mama keseline garşy waksina döretdi

Russiýa Federasiýasynda maýmyn mama keseline garşy waksina işlenip düzüldi. Bu barada Russiýanyň Federal lukmançylyk-biologik agentliginiň ýolbaşçysy Weronika Skworsowa habar berdi.

– Maýmyn maka wirusyna garşy döwrebap waksina işlenip düzüldi. Häzirki wagtda onuň klinikadan ozalky synaglary amala aşyrylýar – diýip, Weronika Skworsowa Gündogar ykdysady forumda eden çykyşynda belläp geçdi.

Deslapky maglumatlara görä, waksinanyň ýokary göreşijilik we howpsuzlyk kadalaryna eýedigi bellenildi.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň awgust aýynyň ahyryndaky maglumatyna laýyklykda, tutuş dünýäde maýmyn mama keselien duçar bolanlaryň sany 50 müňden geçdi.

Related posts

Aşgabat-Moskwa ýörite uçar gatnawy amala aşyryldy

2026-njy ýylyň 9 aýynda Özbegistana 10,3 million syýahatçy bardy

Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary ýola goýulýar