SPORT

Katardaky dünýä çempionatynda 20 müň meýletinçi hyzmat eder

Mälim bolşy ýaly, ýene-de bir-iki aýdan dünýäniň köp sanly futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan sport baýramçylygy – futbol boýunça dünýä çempionaty badalga alar. Ol ilkinji gezek Ýakyn Gündogar sebitinde, ýagny Katarda geçiriler.

Häzirki wagtda Kataryň guramaçylyk komiteti futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş we ýapylyş dabaralarynyň synag görnüşleri geçirildi. Synag dabaralaryň hakyky bolmagy üçin stadion meýletinçiler bilen dolduryldy.

Dünýä çempionatynda 20 müň meýletinçi daşary ýurtlardan gelýän myhmanlara hyzmat eder.

Dünýä çempionaty 20-nji noýabrda Katar-Ekwador duşuşygy bilen badalga alýar.

 

Related posts

150 million pul baýrakly boks duşuşygy

Naýbaşy kubogyň eýesi – “Altyn asyr”

«Altyn asyr» – «Rawşan»: duşuşyk deňlikde tamamlandy