Günorta-Gündogar Aziýada ilkinji gezek geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy öz işine başlady. Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumyna dünýäniň 42 döwletinden 470-den gowrak wekiliýet gatnaşýar.
Foruma gatnaşýan Rumyniýanyň “Chimcomplex” kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ştefan Wuza Türkmenistanyň himiýa pudagynda maýa goýum taslamalarynyň ähmiýetini belläp geçdi.
Rumyn kompaniýasy tükrmen-rumyn himiýa kompaniýasyny döretmegi teklip edip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen “Chimcomplex” kompaniýasynyň arasynda dörediljek bu kompaniýanyň 4 ugur boýunça himiýa önümçiligini giňeltmek mümkinçiliginiň bardygyny belleýär.
Olar:
- Kuwwaty 100 000 tonna barabar bolan natriý hlor önümçilik zawody.
- Kuwwaty 40000 tonna barabar bolan poliol önümçilik zawody
- Kuwwaty 140 000 tonna barabar bolan poliwinil hlorid önümçilik desgasy
- Dürli himiýa önümleriniň önümçilik desgalary: gipohlorit, asetilen, epsomit, sulfat, ýod, metanol we kaliý dökünleri.
Ştefan Wuza maýadarlary Türkmenistanyň himiýa pudagyndaky mümkinçiliklerden peýdalanmaga çagyrdy. Baý çeşmeleriň, amatly ykdysady syýasatyň we strategiki ýerleşişiň Türkmenistany ösüş we girdeji gazanmak üçin özüne çekiji ýere öwürýändigini belledi. Ş