BIZNES

Türkmenistan bilen Özbegistan oba hojalygynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynda saparda bolup, oba hojalyk ulgamynda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak babatda birnäçe duşuşyklar geçirdiler. Şeýle hem türkmen wekiliýeti Özbegistanyň oba hojalygynda tohumçylyk we beýleki ugurlardaky işleri bilen tanyşdylar.

Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen tarapy Özbegistanda ösdürilip ýetişdirilýän pagtanyň has irki hem-de inçe süýümli sortlary bilen gyzyklandylar we şeýle sortlary Türkmenistanyň şertlerinde ösdürip ýetişdirmek babatda pikir alyşdylar.

Mundan başgfa-da, bagbançylyk hem-de ýeralma tohumçylygy babatda hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlaryny maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Özbegistanyň Oba hojalyk ministrliginiň tohumçylygy ösdürmek boýunça merkeziniň wekilleri türkmen tarapyna tohumçylyk babatdaky işleri barada maglumat berdi.

Mundan başga-da, türkmen tarapy Italiýanyň tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan süýt önümlerini gaýtadan işleýän topluma baryp gördüler.

Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň Buhara, Surhandarýa, Samarkant we Daşkent ýaly sebitlerinde bolup, pagtaçylyk, ýeralama tohumçylygy, bagbançylyk, dokmaçylyk ulgamlaryna degişli desgalara aýlanyp gördi.

Ýene-de okaň

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär

Türkmenistan Hytaýdan 439 million dollarlyk nebitgaz enjamlaryny satyn alýar

Hytaý kompaniýalary Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmäge gyzyklanýar

Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy köptaraply ösüşiň täze derejesine çykýar

Türkmen işewürleri Londonda iş saparynda bolarlar

Ministr: häzirki ýagdaýlar-täze energiýa ugurlaryny kemala getirmek üçin pursatdyr