SPORT

Aşgabatda milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşy başlady

Şu gün Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesinde sportuň milli we guşakly alyş göreşi boýunça halkara ýaryşyna badalga berildi. Halkara ýaryşyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiz Gutlag hatyny iberdi.

Halkara ýaryş sözüň doly manysynda hakyky sport baýramçylygyna öwrülýär. Tomaşaçylar dört günüň dowamynda aýry-aýry agram derejelerindäki pälwanlaryň arasynda boljak dartgynly ýekme-ýek tutluşyklara syn etmekden, täsirli emellere şaýat bolmakdan lezzet alyp we pälwanlaryň ruhy güýjüne hem-de ussatlygyna göz ýetirip bilerler.

Dünýäniň 13 döwletinden ykbalyny göreşe baglan tälimçileriň, türgenleriň, eminleriň, beýleki sport wekilleriniň 300-e golaýynyň türkmen paýtagtyna geldi.

Göreşiň bu gyzykly görnüşi boýunça ýaryşlar erkekleriň arasynda 6, zenanlaryň arasynda bolsa 4 agram derejesinde geçiriler. 24-nji aprelde geçiriljek deslapky, ýarym final we final tutluşyklarynyň netijesinde alyş göreşi boýunça ýeňijiler kesgitleniler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy