SPORT

Ronaldonyň nobatdaky üstünligi

Portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo bassyr 22 ýyldan bäri Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde gol geçiren ilkinji futbolçy boldy. Bu barada sport neşirleri habar berýär.

23-nji martda Lissabonda oýnalan Milletler Ligasy ýaryşynyň 1/4 finalynyň jogap duşuşygynda Portugaliýanyň ýygyndysy Daniýanyň ýygyndysynda 5:2 hasabynda üstün çykdy.

Bu üstünlik Portugaliýany ýaryşyň ýarym finalyna çykardy we ýarym finalda Germaniýa bilen duşuşar.

Bu duşuşykda öz ýygyndysynyň ýeňiş gazanmagyna goşandyny goşan Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynda çykyş edýän 40 ýaşyndaky Ronaldo öz karýerasyndaky 929-njy we ýygyndynyň düzüminde 136-njy goluny geçirdi. Ol toparlar derejesinde 793 gol geçirdi.

Ronaldo milli ýygyndylaryň düzüminde geçiren gollary boýunça birinji orunda durýar. Ikinji orunda bolsa, onuň esasy bäsdeşi Lionel Messi gelýär. Messi Argentinanyň düzüminde 112 gol geçirdi.

Related posts

Öz ýurdunda çempion boldy

Ronaldo Messiniň yzyndan ýetdi

Ata Watan Eserleri

Habib mundan beýläk tutluşyk geçirmez

Ata Watan Eserleri