SPORT

“Realyň” çempionlygyna 2 utuk galdy

Koronawirus ýokanjy sebäpli yglan edilen arakesmeden soňra täzeden badalga alan Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda çempionlar mälim bolup başlady. Germaniýada “Bawariýa”, Angliýada 30 ýyldan soňra “Liwerpul” çempion boldy. Angliýada entek çempionat dowam edýär. Germaniýada tamamlandy.

Çempionatyň dowam edýän ýurtlary bolan Ispaniýada bolsa “Real Madrid” toparyna çempion bolmak üçin 2 utuk galdy. Toparyň ýene-de 2 duşuşygy bar. 9 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Real Madrid” topary 36-njy tapgyrda “Granada” toparyny 2:1 hasabynda utup, 83 utuga ýetdi. Ikinji orundaky “Barselona” topary bilen aratapawudy 4 utuga deňdir.

Şeýlelikde, “Real Madrid” galan 2 duşuşygynda 2 utuk alan ýagdaýynda çempionlygyny kepillendirýär. Mundan başga-da, “Barselona” topary galan 2 duşuşygynda utuk ýitiren halatynda-da “Real Madrid” çempion bolýar.

Related posts

Dünýä çempionaty: Türkiýe utuldy, Braziliýa deňme-deň oýnady

“Milan” topary 8-nji gezek Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Runi Amerikanyň futbol toparyna tälim berer