SPORT

“Real” 16 ýaşly futbolçyny satyn aldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” topary Braziliýanyň “Palmeýras” toparyndan 16 ýaşyndaky futbolçyny satyn aldy. Felipe Endrik täze toparyna 2024-nji ýylyň iýulynda goşular.

Endrigiň ispan topary bilen näçe ýyllyk şertnama baglaşylandygy barada maglumat berilmeýär. Ýöne käbir maglumatlara görä, şertnamanyň 2027-nji ýyla çenli baglaşylyp, ýene-de 3 ýyl uzadylmagy göz öňünde tutulýar.

Madridliler bu futbolça 60 million ýewro tölär, 35 million gönüden-göni berler, 25 million goşmaça tölener. Endrigiň aýlyk haky ýyllyk 2 million ýewro deň bolar.

2022-nji ýylda Endrik Braziliýanyň ýokary ligasynda 7 oýunda 3 gol geçirdi.

Ýene-de okaň

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Azerbaýjanda “UFC Fight Night” ýaryşlary geçiriler

George Haji Rumyniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow 26-njy ýeňşini gazandy

“Bawariýa” 35-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy

«Real Sosýedad» 4-nji gezek Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy