SPORT

«PSŽ» Mbappe üçin täze şertnama hödürlär

Lionel Messini hataryna goşup, has uly meşhurlyga eýe bolan Fransiýanyň  “PSŽ” futbol toparynyň ýolbaşçylygy hüjümçi Kilian Mbappa bäş ýyllyk we ýyllyk aýlygy 36 million ýewro bolan täze şertnama hödürlemekçi. bu barada “La Gazzetta dello Sport” neşiriniň žurnalisti Nikolo Skira özüniň “Twitter” sahypasynda mälim etdi. Onuň hem zähmet haky Neýmaryň zähmet haky bilen deňleşýär.

Mbappe-iň “PSŽ” topary bilen häzirki şertnamasy 2022-nji ýylyň iýun aýynda gutarýar.

Mbappe 22 ýaşynda, 2018-nji ýylda Monakodan “PSŽ” toparyna goşuldy we 2017/18 möwsümini  bu toparda kärendesine geçirdi.

“PSŽ”-iň düzüminde üç gezek çempion boldy we iki gezek Fransiýanyň Super kubogyny aldy. Umuman alanyňda, hüjümçi  parižliler üçin 182 duşuşykda 136 pökgi geçirdi. Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen Mbappe 2018-nji ýylda dünýä çempiony boldy.

Nobel hepdeligi: edebiýat baýragynyň ýeňijisi belli boldy

Ýene-de okaň

Ýamal: Ispaniýa we Fransiýa dünýäniň iň güýçli ýygyndylary

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

Fransiýa ilkinji ýarym finalçy boldy

Messiniň çempionatda 8 goly bar, Ronaldonyň ähli dünýä çempionatlaryndaky gol sany 7

Arbeloa «Fulhemiň» baş tälimçisi boldy

Şweysariýa çärýek finalda Argentina bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri