MEDENIÝET

Possuk

Ene-mamalarymyzdan miras galan bu ajaýyp tagamy bişirmegiň hem ussatlary bar. Otuz ýyldan gowrak iş tejribesi bolan baýry mugallym-da şolaryň biri. Welaýatymyzda geçirilýän toý-baýramlarda ýazylýan saçaklary datly possuklary bilen bezeýän bu zenan bilen duşuşyp, gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Türkmenbaşy etrabyndaky 93-nji orta mekdebiň mugallymy Bazargül Annaýewa halkymyzyň arasynda seýrek duş gelýän possugyň bişirilişi barada şeýle gürrüň berdi:

— Possuk hem edil çelpekdir gatlama ýaly, bugdaý unundan taýýarlanylýar. Ilki bilen, onuň hamyryny ýugurmaly. Duzy orta tapda bolup, ýugrumyny gowy ýetirmeli. Hamyry üzüp-üzüp, arasyna süýt ýa-da suw çalyp, gaýtadan ýene ýugurmaly. Bu hereketi üç gezek gaýtalamaly. Şonda hamyryň ýugrumy gowy ýetýär. Taýýar bolan hamyry hozuň ululygynda böleklere bölmeli. Olaryň arasyna ýag çalyp, jamyň içine hatarlap ýerleşdirmeli. Hamyr biraz demini alandan soň, sozmaly. Ene-mamalarymyz ony dyzynyň üstünde goýup sozupdyrlar. Onuň üçin dyzynyň üstünde elýaglygyň ululygynda ak mata goýup, hamyr böleklerini bir-birden matanyň üstünde ýaýyp, ýukajyk bolýança, iki-üç gezek aýlap çekipdirler.

Possugy daşarda bişirmek amatly. Ojaga atarylan gazana ýarty edip ösümlik ýagyny guýmaly we ony ýakyp taýýarlamaly. Possuk bişiriljek wagty ýag orta gyzgynlykda bolmaly. Sozulyp, taýýar edilen hamyry bir-birden ýaga atyp, iki tarapyna agdaryp, çalt-çaltdan bişirmeli. Gazanyň gyrasynda ýylgyn çybygyny arassalap, taýýarlanylan ýörite gap goýmaly. Possugyň ýagy gowy syrygar ýaly, ilki şol çybyk gabyň üstünde goýmaly. Possuk bişirilende, zenanlaryň biri hamyry ýaga atyp, iki tarapyna agdaryp durýar. Beýleki biri bolsa çybyk gabyň üstüne goýlan possuklary ýagy syrygandan soň alyp durýar.

Ortaça 60 — 70 çemesi possuk bir saçaklyk bolupdyr. Ol, esasan, guda saçagy üçin niýetlenipdir. Gyza guda gelende getirilen çelpekli saçaklaryň içine possuk salnyp, yzyna gaýtarylypdyr. Bu: «Täze dörejek maşgalanyň possuk ýaly ýakymly ýaşaýşy bolsun, gudaçylyk gatnaşyklary hem possuk ýaly bolsun» diýen umyt bilen edilýär. Bulardan başga-da, bäbek, saç, ýaş toýlary üçin taýýarlanylýan saçaklara hem possuk salnypdyr.

Bazargül mugallymyň aýdyşy ýaly, bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda toýlar toýlara ulaşýar. Şol toýlarda hem gyz-gelinlerimiziň elleri ýaga bulaşyp, milli tagamlarymyzyň dürli görnüşleri taýýarlanylýar. Eziz Diýarymyzda şanly günler, dabaraly toýlar köp bolsun! Bizi şeýle eşretli zamanada ýaşadýan, milli mirasymyzy öwrenmäge we nesilden-nesle geçirmäge giň mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Gülruh HALJANOWA,
Agrosenagat işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň başlygy, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň il

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy

Beýik Ýüpek ýolunyň Hazarýaka şahalary ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Baýram Jütdiýew aradan çykdy

Aşgabatda Koreý medeniýetiniň günleri geçirildi

Ata Watan Eserleri