Ownuk jikme-jikliklere sabyr etmek, älem ýaly uly eseri kämilleşdirýär.
Jelaleddin Rumy
***
Düýnki hemme zat düýn gitdi, häzirki wagtda täze zatlar aýtmak zerur.
Jelaleddin Rumy
***
Arassa matematika hem öz gezeginde, logiki pikirleriň poeziýasydyr.
Albert Eýnşteýn
***
Hiç haçan ýalňyş goýbermedik adam hiç haçan täze zady synanyşyp görmedi.
Albert Eýnşteýn
***
Mende üýtgeşik zehin ýok. Men diňe höwes bilen gyzyklanýaryn.
Albert Eýnşteýn
***
Durmuş welosiped süren ýalydyr. Deňagramlylygy saklamak üçin hereket etmegi dowam etdirmeli.
Albert Eýnşteýn
***
Sabyr-ajy, ýöne miwesi süýji.
Aristotel
***
Başlangyç eseriň iň möhüm bölegidir.
Platon
***
Adamyň özüni alyp barşy esasy üç çeşmeden: isleg, duýgy we bilimden akýar.
Platon
***
Bilim – gämi doldurmak däl-de, alawyň ýakylmagydyr.
Platon
***
Atomlardan we boş ýerden başga hiç zat döremeýär, galan zatlaryň hemmesi pikirdir
Demokrit
Çeşmesi: “Thoughts” Programmasy
Iňlis dilinden terjime eden:
Agajanowa Gülälek,
Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň
“Iňlis dili we edebiýaty” hünäriniň talyby