SIZDEN GELENLER

“Paýhas Çeşmesi” – terbiýe hazynasy

      Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň diňe bir maddy üpjünçiligi barada alada etmek bilen çäklenmän, ol ösüp gelýän ýaş nesliň ruhy-ahlak taýdan, hemmetaraplaýyn ösen döwrebap nesli terbiýelemek barada hem uly aladalary edýär. Eýsem, ýurdumyzyň ertirki gününi kime ynanyp boljak? Diýarymyzy geljekde öňküden hem gülledip ösdürjek nesil watansöýüji, il-halka, milli Lidermize wepaly, ahlak taýdan arassa, zähmetsöýer, giň dünýägaraýyşly nesil bolmaly bolsa, onda bu babatda alnyp barylmaly terbiýeçilik ähmiýetli işleri amala aşyrmakda uly iliň, ýagny, dürli hünärlerde zähmet çekýän adamlaryňam, ele hünär alýanlaryňam, ýaşulularyňam, halypalaryňam, ussatlaryňam, pedagoglaryňam bitirmeli aýratyn hyzmaty bar bolsa gerek.

Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň ýazan kitaplary, hem-de uly tagallalary bilen döredilen eserleri gymmatly hazyna bolup çykyş edýär. Şeýle işleriň biri-de “Paýhas çeşmesi” kitabydyr. Bu kitapda saýlanyp alnan, häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmän gelýän halk döredijilik eserleriniň liriki žanryna degişli bolan nakyllar öz mynasyp ornuny tapdy. Il içinde “Akylyň bolsa akyla, akylyň bolmasa nakyla eýer” diýipdirler. Paýhasyň, akylyň çeşmesi bolup çykyş edýän nakyllar adamyň durmuşynda uly ähmiýetli orny eýeleýär. Şol sebäpden hem bu halk döredijilik çeşmesi diňe bir il içinde ulanylman mekdep biliminiň mazmunynda-da giňden peýdalanylýar. Mekdep, öz gezeginde, ýaşajyk adamlary jemgyýete taýýarlaýar.

Adam – jemgyýetiň iň uly gymmatlygydyr. Adam jemgyýeti döretdi we asyrlar boýy ony dolandyrýar, özgerdýär, dowamatyny dowam edýär. Jemgyýeti dolandyrmakda berk binýatly tutumy saklamaga çalyşýar. Her bir jemgyýetiň beýlekilerden tapawutlanýan taraplary bolup, onuň tutumy şol jemgyýetde ýaşaýan halk tarapyndan kesgitlenýär, barha kemala gelýär. Çünki, terbiýe hazynasy onuň halk döredijilik eserlerinde, nakyllarda jemlenýär. Oňa milli aýratynlyk diýilýän bolsa gerek. Şol milli aýratynlyklary geljekki nesillere sünnäläp ýetirmek üçin ençeme kitaplar ýazyldy, täzeden göçürildi, medeni maddy we maddy däl miras döredildi, öwrenildi, halk döredijilik eserleri dilden-dile geçirildi, olaryň esasynda gün-günden ösýän, kämilleşýän, ýaşulularyň gadyr-gymmatyny bilýän buýsançly, merdana nesiller kemala geldi.

Elbetde, nesil terbiýesi – bu örän jogapkärli, çylşyrymly, arakesmäni bilmeýän, yzygider, günübirin dowam edýän işdir, hadysadyr. Ylmy çeşmelere ýüzlensek, terbiýäniň maşgalada başlanyp jemgyýetde kemala gelýändigine göz ýetirýäris. Ösüp gelýän ýaş nesliň maşgalada talaba laýyk terbiýelenip, kemala gelmeginde döwlet tarapyndan edilýän aladalaryň wajyp ähmiýeti bardyr. Şol nukdaýnazardan döwletde alnyp barylýan syýasat çaganyň jemgyýetde nähili adam bolup kemala geljekdigini kepillendirýär. Şeýlelikde, “Döwlet – mekdep – maşgala” diýen “zynjyr” emele gelýär. Şeýle logikanyň mysalynda hormatly Arkadagymyz ösüp gelýän ýaş nesliň diňe bir bilimli, ylymly bolup kemala gelmegi barada alada etmek bilen çäklenmän, eýsem nesil terbiýesiniň ýokary derejede alnyp barylmalydygyna aýratyn uly üns berýär, nesil terbiýesine ýardam berýän gymmatly kitaplaryň döremegi barada ähli tagallalary edýär.

“Paýhas çeşmesi” kitabynda türkmen halk döredijiliginiň merjen däneleri bolan nakyllar toparlara bölünip ýerleşdirilipdir.

Kitabyň “Kalba – ynam,  köňle – ylham” diýen bölüminde hormatly Prezidentimiziň okyjylara ýüzlenmesinde: – Milli miras ynsan kämilliginiň gözbaşydyr, nepisligiň hem-de gözelligiň altyn täjidir – diýip belleýär. Kitapda “Pederlerimiziň pähim-paýhasyndan syzylyp şu günlerimize gelip ýeten parasatly sözleri halkymyzyň durmuşyny, ykbalyny sözüniň hem-de sazynyň  şirinlik gymmatyny özünde jemleýän hazynamyzdyr, gözelligiň göwher gaşydyr” – diýen sözler hem bar.

“Paýhas çeşmesi” atly kitap nakyllar ýygyndysy bolup, onda adamyň durmuşyndaky esasy bäş sany ugra üns berilýär, olar: watançylyk we gahrymançylyk, edep-terbiýe we ahlak, ylym-bilim we hünär, tebigat we zähmet hem-de durmuş pelsepesi. Geliň, olardan birnäçe mysallary getireliň. Bellemeli zat, nakyllar, aslynda, diňe bir ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemegiň çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem ýaşy uly nesli hem terbiýelemegiň çeşmesi hökmünde çykyş edýär.

Nakyllar ýygyndysynyň “Watançylyk we gahrymançylyk ündewleri” bölüminde: Ata-Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz; Atany söýen, Watany söýer; Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy; Il – iliň aýnasy; Il agzy keramat; Kämil ynsan kemalyndan belli; Mert söweşde belli, dana – geňeşde; Obasy abadyň, kowumy-da salamat; Özüňi süýt bil, dostuňy – gaýmak;  Ýigit – söweşde, garry – geňeşde – diýen nakyllar bar.

Kitabyň  “Edep-terbiýe we ahlaky ündewler” atly bölümi: Adam bir ýaşar, edebi – iki; Adam doga ýaman däl, dura ýaman; Adam edebinden tanalar, ýurt – tugundan; Adam görki – akyl, söz görki – nakyl; Akylly ogul – hümmetli,  akylly gyz – gymmatly; Alkyş bilen är gögär, ýagmyr bilen – ýer; Ata dünýäsi ogla gönezlik;  Çyn dost geňeşde belli, batyr – söweşde; Dana duşmandan gorkma, akmak dostdan gork; Dili süýjiniň dosty köp – diýen nakyllar bar.

“Ylym-bilim we hünär öwütleri” bölümi: Adam aňyndan belli, kerwen – jaňyndan; Agzybirlik at getir, agzalalyk at ýitir; Akyl – ylmyň hyrydary; Alym giil getirer, ary – bal; Alyma amal ýaraşar; Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag; Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar; Bir – okana, bir – dokana; Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana; Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak; Şägirt bolmadyk, halypa-da bolmaz; Görümiň näme bolsa, göreldäň şol – ýaly nakyllar bar.

Ýygyndynyň “Durmuşy pelsepeler” atly bölümi: Abraý isleseň – köp diýme, saglyk isleseň – köp iýme; Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmatly zat ýok; Atadan ogla miras, eneden – gyza; Agzybire Taňry biýr, agzalany gaňrybiýr; Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok; Saglyk – baýlyk;  Enem – Käbäm, atam – Kyblam; Är dogulsa iliň bagty, ýagyş ýagsa – ýeriň; Hakykat – altyndan gymmat; Sabyr eden, myradyna ýeter – ýaly nakyllar bar.

Kitabyň “Tebigat we zähmet hakynda” atly bölümi:  Agaç barly bolsa, başy aşak; Almany çöle ek, armydy – baýra; Bag – barsyz bolmaz, at – timarsyz; Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn ekersiň; Daýhandan hereket – ýerden bereket; Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa»; Bagym bar, barym bar; Daýhandan hereket – ýerden bereket; Halal zähmet – baky döwlet; Zähmet soňy – rehnet –  ýaly nakyllar orun tapypdyr.

Nakyllar ýygyndysynyň “Durmuş yörelgesiniň çyragy” atly bölüminde: “Halk döredijiliginiň çuň many-mazmuna eýe bolan, uzak asyrlaryň dowamynda halkyň durmuş tejribeleri, döredijilik gözlegleri esasynda ýüze çykan her bir nakylyň aňyrsynda ümmülmez many, akyl-parasat, gadymy dil baýlygymyz hem sözleýiş medeniýetimiz ýatyr. – diýip synçy, filologiýa ylymlarynyň doktory Annagurban Aşyrow, belleýär.

Kitapda nakyllarda gabat gelýän köne we könelişen türkmen sözleriň düşündirilişiniň berilmegi, türkmen tebigatynyň gözelligini, halkymyzyň milli aýratynlyklaryny, däp-dessurlaryny, milli çaga oýunlaryny, ilkinji mekdepleri, halypa-şägirtlik mekdebini, milli mirasymyzy, alymlary, gündogaryň akyldarlaryny, taryhy kitaplary, taryhy şahslary suratlandyrýan illýustrasiýalar ýygyndynyň gymmatyny artdyrýar.

Görşümiz ýaly, “Paýhas çeşmesi” kitabynda terbiýäniň ähli ugurlary barada ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözleri bolan nakyllar hem-de atalar sözleri berlipdir. Ösüp gelýän ýaş nesle, ahlak, akyl, gözellik (estetiki), beden, zähmet, hünäre ugrukdyrmak (politehniki), özüňi köpçülikde medeniýetli alyp barmak (etiki), ekologiki, ykdysady terbiýe bermeklik wajypdyr. “Paýhas çeşmesi” kitabynda terbiýäniň ähli ugurlaryna degişli nakyllar bize durmuş sapaklaryny öwredilýär. Şol sebäpden hem bu kitaba, sözüň doly manysynda, terbiýe hazynasy diýip bolar.

“Paýhas çeşmesi” kitaby halkymyz tarapyndan, hem-de ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralarynda çuňňur öwrenilýär. Ol adamlaryň, hususan-da, pedagoglaryň ýan kitabyna öwrüldi. Milli liderimiziň türkmen halkynyň baý medeni mirasyna bagyşlanan, türkmen nakyllaryndan ybarat bolan düýpli bu işi birnäçe dillere terjime edildi. Çünki, “Paýhas çeşmesi” kitaby nesillere paýhas hem terbiýe hazynasy, gymmatly gory hökmünde hyzmat edýär.

Nesil terbiýesi üçin ähli tagallalary edýän we giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Aýjemal Rahimowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň   pedagogika

                                                                 we psihologiýa kafedrasynyň  mugallymy.                                                     

Oguljemal Aşirowa,

Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň müdiri.

 

Internet tizligini ýokarlandyrmak üçin täze taslama

 

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty