SIZDEN GELENLER

Paryzdepe ýadygärligi

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda milli medeni gymmatlyklarymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi içgin öwrenmek, olary gorap saklamak we geljekki nesillerimize miras galdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle geçirilýän işleriň biri hem taryhçylar we arheologiýa bilen meşgul bolýan alymlar tarapyndan Paryzdepe ýadygärligini içgin öwrenmeklik bolup durýar.

Paryzdepe ýadygärligi Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Babarap daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşip, ol Büzmeýin şäherinden 6 km günorta-günbatardadyr. Bu ýadygärligiň çäginde 2-3 metr ýokary galýan dörtburç görnüşindäki 45×50 metr bolan içki galasy depäniň merkezinde ýerleşýär. Onuň daşynyň galasynyň diwary toýun paljyk garylyp, dag daşyndan iri ölçegli çig kerpiçden galdyrylypdyr hem-de diňler bilen berkidilipdir.

Paryzdepede 2016-njy ýylda ylmy-derňew işleri geçirilip başlandy. Bu ýadygärlik biziň eýýamymyzdan öňki V müňýyllykda dörändigi hem-de onuň giçki orta asyrlara çenli ösüşini dowam edendigi  barada taryhy çeşmelerden bilmek bolýar. Bu ýadygärlik Parfiýa döwleti, Beýik Seljuk türkmen hökümdarlygynyň döwleti bilen baglanyşygyny subut edýän taryhy we lingwistik maglumatlar bar.

Paryzdepe ýadygärliginden we onuň töwereklerinden barlag-gözleg işleriniň netijesinde tapylan külalçylyk önümleri bu sebitde ekerançylyk işleriniň ösendigine, kämil suwaryş ulgamynyň bolandygynda şaýatlyk edýär.

Külalçylyk – bu keramikany öwrenmek arheologiýa ylmynyň esasy meseleleriniň biridir.

Barlag – gözleg işleriniň netijesinde Paryzdepeden tapylan tapyndylar Türkmensitanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we Himiýa institutlarynda himiki seljerme esasynda öwrenilýär.

Ylmy-barlag, gözleg işleriniň dowamynda Paryzdepeden ikbaşyň tapylmagy ýurdumyzyň çäklerinde müňlerçe ýyl mundan ozal ýüňi gaýtadan işläp, ondan dürli görnüşli matalaryň, haly we haly önümleriniň dokalandygyny görkezýär.

Paryzdepede orta asyrlarda hem Nusaýa degişli obalaryň biri bolupdyr. Orta asyrlarda Nusaýdan günbatar we demirgazyga girýän söwda kerwenleri Paryzdepäniň üstünden geçipdir. Bu ýagdaý bolsa Paryzdepäniň Merkezi Aziýanyň has iri şäherleriniň biri bolandygyna şaýatlyk edýär.

1220-nji ýylda Paryzdepe Çingiz han tarapyndan weýrançylyga sezewar edilipdir. Soňra bolsa XVI-XVIII asyrlarda bu ýerde ýaşaýyş dowam edipdir. XX asyryň başlarynda Paryzdepäniň ilerki tarapyndan çykýan käriziň suwy ýap bilen akyp Yzgant obasyna çenli baryp ýetipdir. Şol ýabyň boýunda bolsa 10-12 sany suw degirmeni ýerleşipdir.

Umuman aýdanymyzda, özünde ençeme gymmatlyklary saklaýan Paryzdepe ýadygärligi bu günki gün halkara syýahatçylygyň üns merkezinde durýan täsirli ýerleriň birine öwrüldi.

Bahar Şamämmedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHUnyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy.

 

Bilim — arassa çeşme

 

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika