SIZDEN GELENLER

Rus dili – dünýäniň täsirli dilleriniň biri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bilim almagy we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýurdumyzda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” kabul edilip, agzalan Konsepsiýanyň esasynda uly işler we başlangyçlar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri muňa aýdyp subutnama bolýar, ýaş nesilleriň zehinlerini we ukyp-başarnyklaryny irki ýaşdan ýüze çykarmaga ýardam berýär.

Dil bilmek – bu halklaryň dostlukly, parahatçylykly gatnaşyklaryny berkitmekde, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmekde we olary ýaýratmakda, şahsyýetiň ruhy dünýäsini giňeltmekde ähmiýeti örän uludyr. Ýurdumyzda hem ýaş nesliň dil bilimini kämilleşdirmek we olary geljekde dürli hünärlerde we ugurlarda üstünlikli peýdalanmak maksady bilen çagalara mekdep döwründen dürli diller öwredilip başlanýar.  Şeýle dilleriň biri hem rus dilidir.

Rus dili Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dilleriniň biri bolmak bilen, halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada möhüm ornuny görkezýär. Rus dili diňe bir dünýäniň baý medeni mirasynyň we döredijiliginiň dili hökmünde tanalman, eýsem ol takyk we tebigy ugurlarynyň adalgalaryny hem özünde jemleýär. Internet giňişliginde hem  rus dili dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri bolup, sanly maglumat çeşmeleri, sosial torlar we bilim platformalary arkaly giňden ýaýran ýagdaýda saklanýar.

Türkmen ýaşlary rus dilini öwrenmek bilen ony diplomatik we işewür hyzmatdaşlygyň üsti bilen Ýurdumyzyň alyp barýan parahatsöýüjilikli syýasatyny dünýä tanatmakda, halkara ylmy taslamalardyr bäsleşiklerde öz açyşlaryny dünýä jemgyýetine ýetirmekde we durmuşa geçirmekde, şeýle hem, dünýä döwletlerini söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer jähtlerden ýakyndan öwrenmekde ulanyp bilerler.

Häzirki wagtda orta mekdeplerde we ýokary okuw jaýlarynda daşary ýurt dilleri bilen deň hatarda rus dilini hem döwrebap usullar arkaly öwretmek üçin şertler döredilip, ýaşlarda bu dile bolan höwesi artdyrmak üçin işler alnyp barylýar. Oňa mysal edip, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, orta mekdepleri we ýokary okuw jaýlary multimediýa tagtalary, lingafon otaglary, kompýuterler bilen üpjün edilendir. Mugallymçylyk hünärinde ýetişen bagtyýar ýaşlarymyz hem aňsat bolmadyk işlerinde sapaklaryny gyzykly we özüne çekiji alyp barmak, çagalara we ýaşlara ýokary hilli bilim bermek maksady bilen sapaklary interaktiw görnüşde alyp barýarlar, sapaklary dürli prezentasiýalar, görkezme esbaplar bilen düşündirýärler. Bu hem ýetişdirilýän çagalarda we ýaşlarda daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesi döretmäge oňyn täsir edýär.

Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda ilata, hususan-da, ýaşlara uly üns berilýär we olaryň öz saýlap-seçen geljekki hünärleri babatda kämilleşmegi üçin, hünäri dogrusynda uly ylmy açyşlary etmek we ony jemgyýetçilige ýetirmek üçin döredilýän şertleriň we mümkinçilikleriň esasynda Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň edýän atalyk aladalary uludyr!

Bagtyýar geljegimiziň  eýeleri bolan ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

                                                                                   Laçyn  Allaberenowa,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň uly mugallymy

Ýene-de okaň

Sport – sagdynlygyň çeşmesi

Ata Watan Eserleri

Dünýä akyldary – türkmen danasy

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri