BIZNES

Özbegistan-Gyrgyzystan-Hytaý demirýol taslamasy durmuşa geçiriler

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet geňeşiniň agzasy, daşary işler ministri Sin Gany kabul etdi. Hytaýyň daşary syýasat edarasynyň başlygy Samarkant şäherinde geçirilýän Owganystana goňşy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nonatdaky duşuşygyna gatnaşmak üçin geldi.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrmagy we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm meselelerine garaldy.

Soňky ýyllarda söwda dolanyşygynyň 2 esse artandygy, bilelikdäki kärhanalaryň we taslamalaryň möçberiniň 2 esse köpelendigi, Hytaý tarapyndan 11 milliard dollar möçberinde maýa goýumlaryň çekilendigi bellenildi.

Özbegistanyň Prezidentiniň Hytaýa amala aşyrjak döwlet sapary we “Merkezi Aziýa-Hytaý” sammitine görülýän taýýarlyklar barada durlup geçildi.

Şeýle hem häzirki wagtda tehniki resminamalar taýýarlanylýan Özbegistan-Gyrgyzystan-Hytaý demir ýol gurluşyk taslamasynyň çalt durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Related posts

Türkmenistanyň gatnaşmagynda täze ulag geçelgesi dörediler

Türkmenistan bilen Pakistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny maslahatlaşdy

Birža täzelikleri: gonkongyň telekeçileri dizel ýangyjyny satyn aldylar

Leave a Comment