BIZNES

Türkmen-özbek serhedinde geçirilýän ulag sany artdyrylar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Lebap welaýatynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» hem-de Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň «Alat» gümrük nokatlarynyň işini özara sazlaşykly guramak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Gulluklaryň degişli hünärmenleri duşuşyga gatnaşdylar. Kärdeşler iki döwletiň ulag üstaşyr ýük geçirijiliginde bu serhet geçelgäniň ähmiýetini belläp, gümrük nokatlaryň durkuny täzelemek, bu ýerden geçirilýän ulag serişdeleriniň sanyny köpeltmek üçin mümkinçilikleriň döredilmegi barada nygtadylar.

Şeýle-de, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary hem gozgaldy. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň soňky wagtda has-da ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň dowamynda, türkmen tarapy ýük geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işlerine girişilendigini habar berdi, munuň özi gümrük nokadynyň geçirijilik ukybynyň günde 1000 awtoulag serişdesini goýbermäge mümkinçilik berer.

Related posts

Türkmenistanda nebitgaz ýataklarynda gözleg-barlag işleri geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan’ın kimya sanayi hızla gelişiyor

vepa

Döwlet energetika instituty üçin goşmaça okuw binalary gurlar

Leave a Comment