BIZNES

Gyrgyz işewür topary Aşgabada geler

Gyrgyz Respublikasynyň Maýa goýumlar boýunça milli agentligi maý aýynda gyrgyz işewürlerinden düzülen toparyň Aşgabada saparyny gurnamagy meýilleşdirýär. Bu barada agentligiň resmi saýtyna salgylanyp, “Economist.kg” saýty habar berýär.

Bu işewürler sapary iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyösdürmek babatda möhüm waka öwrüler. Topar türkmen kärdeşleri bilen gepleşikler geçirip, syýahatçylyk, senagat, oba we ýeňil senagat boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny maslahatlaşar.

Şeýle hem saglygy goraýyş, myhmanhana we restoran işi, binagärlik we gurluşyk, IT-tehnologiýasy, halkara daşamalar, marketing we konsalting ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça pikir alşylar.

 

Related posts

“Lapis Lazuli” ulag geçelgesine bagyşlanan seminar

Birža täzelikleri: gyrgyz telekeçileri nah ýüplük aldy

Paýtagtymyzyň günorta böleginde «AŞGABAT» ýazgysy peýda bolar

Leave a Comment