SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Öýken düwnük keseline garşy ilkinji sanjymy işläp düzýärler

Britan alymlary dünýäde öýken düwnük keseline garşy ilkinji sanjymy işläp başladylar. Keseliň 90% -e çenli öňüni alyp biler diýlip garaşylýar.

Täze sanjymy işläp düzmek işine Oksford uniwersitetiniň, Frensis Krik institutynyň we London uniwersitet kolležiniň alymlary gatnaşýar. Koronawirusa garşy sanjym döretmek üçin ulanylýan tehnologiýany ulanýarlar. Sanjym kabul edilenden soň, immunitet ulgamyny öýkendäki täze döremelere garşy göreşijilik ukybyny artdyrmaga we şolary tanap, ýok etmägi öwreder.

Alymlar toparyna birnäçe haýyr-sahawat guramasy goldaw berdi. Sanjymyň üç müň dozasyny öndürmek üçin 1,7 million funt-sterlinge çenli serişde goýberdiler.

Derman serişdesi laboratoriýada netijeliligini görkezse, alymlar kliniki synaglara geçerler. Soňra keseliň töwekgelçiligi ýokary bolan adamlarda hem synaglar geçiriler.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy