JEMGYÝET

Owganystanyň ilçisi resmi taýdan işe başlady

Hormatly Prezidentimiz Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Han Wali Han Başarmaly kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Şolaryň hatarynda söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlar görkezildi. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hem-de bilelikdäki möhüm düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berildi.

Iki döwletiň arasynda netijeli gatnaşyklar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika we ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda işjeň ösdürilýär. Iki ýurduň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň çekilmegi ýaly iri taslamalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda çekilýän optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň täze bölegi ulanmaga bermäge taýýar edildi. Ýurdumyzyň hünärmenleriniň Ymamnazar-Akina we Serhetabat-Turgundy ugurlary boýunça çeken bu ulgamy Owganystanyň aragatnaşyk ulgamyny Hyrat-Akina ugruna birleşdirmäge kömek eder.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde döredilen “Lapis Lazuli” ulag-üstaşyr geçelgesiniň uly orny bellenildi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýanyň ýurtlarynyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga kömek eder hem-de sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berer.

Diplomat döwlet Baştutanymyza Türkmenistan tarapyndan Owganystanyň parahatçylykly ýol bilen dikeldilmeginde uly goldawyň berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Doly ygtyýarly wekil döwlet Baştutanymyzy netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak üçin öz tarapyndan ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Türkmenistandan 289 zyýaratçy haj parzy üçin Saud Arabystanyna iberiler

Daşoguz welaýatynda Hytaýdan getirilen gowaça sortlary ekilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Baş Assambleýasynyň Başlygy bilen duşuşdy

Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylar

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmenistandaky “Mosaic Visa” kompaniýasy 4-nji maýda täze ofisine geçýär