JEMGYÝET

Aşgabatda sebitleýin halkara maslahat geçirildi

16-njy maýda paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde Bitarap döwletleriň orny» diýen at bilen halkara maslahat geçirildi.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalary, halkara guramalarynyň, Daşary işler ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri  hem-de ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdy.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýença, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary Gahryman Rozyýew, Mejlisiň agzasy Merdan Tuwakow dagy çykyş etdi.

Çykyş edenler häzirki zaman dünýäsinde bitaraplyk ýörelgesiniň eýeleýän orny, Türkmenistanyň sebitde we dünýäde abadançylygy, durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Related posts

Arkadag şäheriniň muzeýinde Milli Liderimiziň manyly ömrüne degişli gymmatlyklary ýerleşdirmek meýilleşdirilýär

Ata Watan Eserleri

Baýraktar: Türkmenistanyň gazyny Azerbaýjanyň üsti bilen almak mümkin

Ata Watan Eserleri

Rowaçlyk Gündogaryň türkmen edebiýatyndaky milli pelsepe

vepa

Leave a Comment