SIZDEN GELENLER

Otag gülleriniň howany arassalamakdaky ähmiýeti

Ösüm­lik­ler di­ňe bir öýü­ňi­ze be­zeg ber­män, eý­sem si­ziň sag­ly­gy­ňyz üçin hem ala­da ed­ýär. Öýüň içi­niň ho­wa­syn­da­ky zy­ýan­ly mad­da­la­ryň ýok edil­me­gi­ne kö­mek ed­ýär. Şeý­le hem otag gül­le­ri­ne ideg et­mek adam­da ýa­kym­ly duý­gu­la­ry dö­red­ýär.

Beýik Britaniýanyň Birmingem we Reding uniwersitetleriň alymlar topary bu ugurda ylmy-barlag işlerini geçirdiler. Olaryň ylmy-barlaglary “Journal of Air Quality” žurnalynda çap edildi.  Ylmy-barlaglaryň netijelerine görä, otag ösümlikleri içerdäki howanyň hilini ep-esli ýokarlandyrýandygyny görkezýär.

Ylmy-barlaglara laýyklykda, otag ösümlikleri ýa-da gülleri otagyň içindäki dürli dem alyş keselleriniň döremegine sebäp bolup bilýän azot dioksidiniň möçberini ep-esli azaltmaga giň mümkinçilik berýär.

Bu ylmy-barlagda alymlar topary drasena, liliýa we paporotnik güllerini saýlap aldylar. Bu ösümlikler köp adamlaryň öýlerinde giňden ulanylýar we ösdürilip ýetişdirilýär. Her bir ösümlik ýörite gutujyga ýerleşdirilip, şol gutujykda hem azot diosidiň hem adaty öýde ýa-da ýapyk binada bolup biläýjek derejede azot dioksid möçberi bar. Bir sagadyň dowamynda ösümlik zyýanly gazyň ýarysyny diýen ýaly özüne çekip aldy.

Alymlar 15 inedördül metr meýdany bolan ofis otagyna 5 ösümlik ýerleşdirmegiň ýeterlikdigini belleýärler.  Howa çalşygy pes bolsa-da, bu ösümlikler zyýanly gazlaryň derejesini 20 göterim azaldyp biler.

Jennet Akyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/gunorta-koreya-oz-spacex-sereketini-doretmekci/

Ýene-de okaň

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk

Limon we onuň peýdalary

Ýadawlyk barada…