BIZNES

<>barada käbir sowallaryň jogaby

Öňki agşam dünýäniň iň meşhur film baýragy bolan «Oskar» täze eýelerine gowuşdy. Eýsem, bu baýrak barada nämeleri bilýäris, nämeleri bilemzok? «Oskar akademiýasynyň baýraklary» diýen düşünjäniň nähili manysy bar? Baýrak haçandan bäri we haýsy gurama tarapyndan berilýär? Aslynda, «Oskar» sözi nireden gelip çykypdyr? «Oskar» heýkeljigiň manysy näme? Düýn dünýä metbugatynda bu sowallara jogap berildi. Biz hem şol jogaplary türkmen dilinde okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Kinofilm senetleri we bilimleri akademiýasynyň baýraklary 1929-njy ýyldan bäri berlip gelinýär. Ol 1939-njy ýyldan bäri bolsa «Oskar» diýen ady göterip gelýär. Işlerini 17 ugur boýunça alyp barýan akademiýanyň müňlerçe agzasy bar.

«Oskara» dalaşgärligiň şertleri nähili?

Haýsydyr bir filmiň «Oskar» baýragyna dalaşgär görkezilmegi üçin onuň aşakdaky şertlere laýyk gelmegi hökmanydyr:

― filmiň dowamlylygy 40 minutdan geçmeli;

― akademiýanyň tehniki talaplaryna laýyk gelmeli;

― baýrak berilmezinden ozalky ýylda surata düşürilen bolmaly;

― film Los-Anjelesdäki kinoteatrlarda azyndan bir hepde görkezilen bolmaly.

Diňe şu şertlerden geçen filmler «Oskar» baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlenip bilner. Onuň dalaşgärligi kabul edilse, akademiýanyň agzalarynyň ses berlişigine goýulýar. Her bir agza öz iş alyp barýan ugruna görä, bäş filmi dalaşgär görkezýär. Mysal üçin, reŽissýorlar «Iň gowy reŽissýor» ugry boýunça dalaşgärleri hödürläp bilerler.

Sesler nähili sanalýar?

Ähli sesler «PricewaterhouseCoopers» (PWC) kompaniýasyna ugradylýar. Bu ýerde sesler matematiki ýollar bilen sanalýar. Her ugur boýunça bäş film dalaşgär görkezilýän hem bolsa, «Iň gowy film» ugry boýunça dalaşgärleriň sany 10-a çenli ýetip biler.

Kompaniýa ilkinji ses berlişigiň netijelerini aýan edensoň öňe saýlanan dalaşgär filmlere agzalar täzeden ses berýär. Ses berlişigiň netijeleri ýörite bukjada ýerleşdirilip, ol baýrak gowşurylyş dabarasyndan ozal açylmaýar.

«Oskar» näme diýmek?

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, 1939-njy ýylda baýraga «Oskar» ady berilýär. Ýöne bu adyň nireden gelip çykandygy baradaky sowal heniz hem doly jogabyna gowşanok. Onuň adynyň iň esasy çeşmesi akademiýanyň kitaphanaçysy Margaret Herrik bilen baglanyşdyrýar. Ol baýrak üçin ýasalan heýkeljigi agasy Oskara meňzedipdir. Şeýlelikde, baýraga bu at berlipdir diýen çaklama bar.

«Oskar» heýkeljiginiň manysy näme?

Taslamasy «Metro Goldwyn Mayer» kompaniýasynyň reŽissýorlarynyň biri bolan Kedrik Gibbson tarapyndan düzülen heýkeljik eli gylyçly esgerjik görnüşindedir. 34 santimetr beýikligindäki heýkeljigiň agramy 3,85 kilograma ýetýär. Onuň daşyna altyn çaýylandyr. Heýkeljigiň aýagynyň aşagyndaky bäş halka filmiň döredilmegine gatnaşýan adamlary ― aktýorlary, ssenariýeçileri, reŽissýorlary, prodýusserleri we tehniki işgärleri aňladýar.

 

Ýene-de okaň

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi

“Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan” demirýoluň gurluşygyna başlanýar

Eýranyň Gürgen şäherinde Türkmenistanyň harytlaryň sergisi geçirmek meýilleşdirilýär

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri