Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin gorap saklamak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ylym hem-de bilim ulgamynda milli maksatnamalar, konsepsiýalar yzygiderli kabul edilip, toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda innowasion taslamalary işläp taýýarlamagyň hem-de ornaşdyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny pugtalandyrmak üçin “Döwlet ylym-tehniki syýasaty hakynda”, “Ylmy intellektual eýeçilik hadynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Ylmy tehnologiýalar parklary hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi bilen, ylmy we tehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň hukuk binýady düýpli özgerdi, dünýä ölçeglerine laýyklykda kämilleşdirildi. Ýurdumyzda ylymyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlaryna esaslanyp, innowasiýa hem-de sanly tehnologiýalar we öňdebaryjy tejribeler yzygiderli ornaşdyrylýar.
Ylmy esasda ösdürilýän senagat pudaklarynda geçirilýän ylmy-barlaglaryň netijesinde daşky gurşawda zyýansyz, ekologiki taýdan arassa önümleri almak we önümçilige hödürlemek babatda täze usullar öwrenilýär. Tebigy organiki maddalary peýdalanmak, olaryň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin barlaglar yzygiderli alnyp barylýar. Häzirki wagtda tebigy organiki maddalaryň ägirt uly toparlary bolmak bilen olar “geljegiň himiýasy” nukdaýnazardan mümkinçilikleri bimöçber uludyr. Olaryň geljekde ençeme pudaklarda ulanylmagynyň ähmiýeti barha artýar.
Bu babatda oba hojalygynda mineral dökünleriň ýerini tutup biljek organiki dökünleriň önümçiligini ýola goýmak giň gerimde alnyp barylýar.
Kofe diňe bir şähdiňi açyjy içgi bolman eýsemde onuň galyndysyny köp taraplaýyn peýdalanylýandygyny bilýärsiňizmi? Häzirki wagtda dünýäde kofe önümçiliginiň galyndylary dökün hökmünde soňky döwürde ulanylyp başlandy. Çünki kofe galyndysynyň düzümi birnäçe mikroelementlere baýdyr. Bu bolsa topragy (himiýany ulanmasyzdan) peýdaly dökünler bilen gurplandyryp bilýändigi öwrenildi. Kofe galyndysynyň düzümi azoda, magniý, kaliý, kalsiý we fosfora baýdyr. Şunuň üçin hem ösümlikler üçin peýdaly organiki dökün hasaplanýar.
Dünýä tejribesinde kofe önümçiliginiň galyndysyny esasanam hyýar, burç, pomidor, turp, ýeralma, sogan ýaly gök ekinlerde peýdalanylyp gowy netijeler alnypdyr. Kofe galyndysy ilat arasynda kommetiki serişde höküminde hem giňden ulanylýar.
Kofe önümçiliginiň galyndysyny dökün hökümünde önümçilikde ulanylanda:
- Mineral dökünleriň ýerini tutup biljek organiki dökün hökmünde;
- Zyýankeşlere garşy göreşmegiň ygtybarly serişdesi höküminde;
- Ekologiki howpsuzlyk we daşky gurşawy goramak (pestisidler we mineral dökünler bilen hapalanmakdan);
- Döwrebap ekerançylyk ulgamy topragy goramaga esaslanmak;
- Ekinlerden alynýan hasyly ýokarlandyrmak bilen ykdysady netijeliligi artdyrmak.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň ýyladyşhanasynda kofe önümçiliginiň galyndylaryny gök önümleri ösdürip ýetişdirmekde ulanmagyň netijeliligini ylmy taýdan seljermeklik maksady bilen bu tema boýunça ylmy işleri geçirmeklige girişildi. Ösümlik iýmitlenişiniň goşmaça çeşmelerini öwrenmek, mineral dökünleriň ýerini tutýan ekologiki taýdan arassa organiki dökünleriň görnüşini artdyrmak we topragyň gurplulygyna we gök ekinleriň hasyllylygyna ýetirýän täsiriniň netijeligini öwrenmeklige esaslanýar.
Baýnazar Goşaýew, Kemal Ýusubow,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
mugallymlary.
Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawy