BIZNES

Online auksion :Döwlet emlägi internet arkaly hem auksionda satylyp bilner

Döwlet emläginde söwdalar Satyjynyň çözgüdi esasynda internet ulgamy arkaly elektron görnüşde hem geçirilip bilner. Bu barada «Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2015-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran 141-e belgili buýrugy bilen tassyklanan, Döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada» Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykaran 373-Ö belgili Buýrugynda bellenilýär.

Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary bölümi ulgam administratory bolup çykyş edýär.

Şunda, internet ulgamy arkaly elektron söwdalaryň meýdançasy  – Türkmenistanyň Maliýe we    ykdysadyýet ministrliginiň sanly hyzmatlar gurşawynyň (web portalynyň) “Bäsleşikler we Bäsleşikli söwdalar” bölegi we “Bäsleşikler” atly mobil programma goşundysy bolup durýar.

Söwdalara gatnaşyjy dalaşgärler mobil goşundysynyň ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň üsti bilen elektron söwdalaryň meýdançasyna girip, gatnaşýarlar.

 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda çykaran 373-Ö belgili

B U Ý R U G Y

«Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2015-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran 141-e belgili buýrugy bilen tassyklanan, Döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň Tertibine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada»

2013-nji ýylyň 18-nji dekabrynda kabul edilen “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyny we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2014-nji ýylyň 7-nji iýulynda çykaran 13746-njy kararyna, “Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda çykaran 383-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň  Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hakyndaky Düzgünnama hem-de “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda çykaran 984-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de Döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň Tertibini kämilleşdirmek maksady bilen, buýurýaryn:

  1. Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2015-nji yylyn 8-nji maýynda 868 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan, «Döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň Tertibini tassyklamak barada» Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministriniň 2015-nji ýylyň 3-nji aprelinde çykaran 141-e belgili buýrugy bilen tassyklanan, Döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň Tertibinde:

1) üçünji böleginiň ikinji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:

“Söwdalar Satyjynyň çözgüdi esasynda internet ulgamy arkaly elektron görnüşde hem geçirilip bilner.

Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Kompýuter tehnologiýalary bölümi ulgam administratory (mundan beýläk – ulgam administrator) bolup çykyş edýär.

Şunda, internet ulgamy arkaly elektron söwdalaryň meýdançasy (mundan beýläk – elektron söwdalaryň meýdançasy) – Türkmenistanyň Maliýe we    ykdysadyýet ministrliginiň sanly hyzmatlar gurşawynyň (web portalynyň) “Bäsleşikler we Bäsleşikli söwdalar” bölegi (mundan beýläk – sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli bölegi) we “Bäsleşikler” atly mobil programma goşundysy (mundan beýläk – mobil goşundysy) bolup durýar.

Söwdalara gatnaşyjy dalaşgärler mobil goşundysynyň ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň üsti bilen elektron söwdalaryň meýdançasyna girip, gatnaşýarlar.”;

2) on birinji böleginiň üçünji bendinden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

“söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende ýeňijiniň söwdalaryň netijesi baradaky teswirnama 5 iş günüň dowamynda gol çekmedik ýagdaýynda;”;

3) on dördünji bölegini aýyrmaly;

4) on bäşinji böleginiň 15.2-nji bendinde:

  1. a) üçünji kiçi bendinde “sebäplerini esaslandyryp habar berýär” diýen sözlerden soň “. Ýüztutma internet ulgamy arkaly elektron görnüşde berlende, dalaşgär tarapyndan gol çekilip (ýuridik şahslar möhür bilen) tassyklanandan soňra elektron görnüşde iberilmegi zerurdyr. Ýüztutmalaryň we oňa goşup berilýän resminamalaryň seredilýändigi, kabul edilip bellige alnandygy (şunda gatnaşyjylar tarapyndan ýüztutmalaryň asyl nusgalary hem-de şu Tertibiň ýigrimi dördünji böleginde göz öňünde tutulan resminamalary Guramaça iberilýär), petek belgisi, eger-de kabul edilmese, sebäplerini esaslandyryp kabul edilmändigi we bellige alynmandygy barada sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundyda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär we (ýa-da) öýjükli aragatnaşyk enjamyna awtomatiki ýagdaýda SMS habary ýollanylýar;” diýen sözleri goşmaly;
  2. b) dördünji kiçi bendinde “(mundan beýläk – Topar” diýen sözlerden soň, “söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, ulgam administratoryny goşmak bilen)” diýen sözleri goşmaly;

ç) sekizinji kiçi bendinden soň, şu mazmunly bendi goşmaly:

“15.3. Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, ulgam administratory sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň we mobil goşundysynyň kadaly işlemegini we elýeterligini üpjün edýär hem-de olara gözegçilik edýär.”;

5) on ýedinji böleginiň birinji tesiminde “gaýry taraplaryň wekillerinden” diýen sözlerden soň “(söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, ulgam administratoryny goşmak bilen)” diýen sözleri goşmaly;

6) on dokuzynjy böleginiň birinji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

“19. Söwdalaryň geçirilýändigi baradaky habarlar we maglumatlar, Guramaçy tarapyndan olaryň geçirilmegine 15 (on bäş) iş gününden az bolmadyk möhletde döwlet, rus we (ýa-da) iňlis dillerinde resmi metbugatda çap edilýär. Metbugatda çap edilenden soňra Guramaçy sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde hem-de mobil goşundysynda yglan edilen lotlar hakynda maglumatlary döwlet dilinde köpçülige ýetirýär.”;

7) ýigrimi dördünji bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“24. Söwdalara gatnaşyjy hökmünde bellige aldyrmak üçin ýüztutma aşakdaky resminamalary goşup bermek zerurdyr:

Fiziki şahs:

1) pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasy;

2) dalaşgär tarapyndan öňünden tölenýän pul möçberini we ýörite ýygymy geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamanyň nusgasy;

3) eger-de, ýüztutma dalaşgäriň wekiliniň üsti bilen hödürlenýän bolsa, onda onuň wekiliniň degişli resminamalara gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty  we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi (mundan beýläk – hususy telekeçi):

1) pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasy;

2) dalaşgär tarapyndan öňünden tölenýän pul möçberini we ýörite ýygymy geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamanyň nusgasy;

3) eger-de, ýüztutma dalaşgäriň wekiliniň üsti bilen hödürlenýän bolsa, onda onuň wekiliniň degişli resminamalara gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty  we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

4) hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň hem-de hususy telekeçi tarapyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän patentiniň (“Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 14313-nji kararyna laýyklykda, eger işiň degişli görnüşi telekeçilik işiniň sanawyna goşulan bolsa) ýa-da salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy;

5) salgytlar we hökmany tölegler boýunça býujete möhleti geçen bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasy (hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasynyň delilhaty);

Ýuridik şahslar:

1) ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasynyň nusgasy, onuň şol wezipä bellenilendigini tassyklaýan buýrukdan  ýa-da beýleki resminamadan göçürme;

2) dalaşgär tarapyndan öňünden tölenýän pul möçberini we ýörite ýygymy geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamanyň nusgasy;

3) eger-de, ýüztutma dalaşgäriň wekiliniň üsti bilen hödürlenýän bolsa, onda onuň wekiliniň degişli resminamalara gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty, buýrukdan göçürme we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

4) Ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň, döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň Ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;

5) salgytlar we hökmany tölegler boýunça býujete möhleti geçen bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasy (hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasynyň delilhaty);

6) eger-de, dalaşgäriň esaslandyryş resminamalaryna laýyklykda zerurlyk bolan halatynda, esaslandyryjylaryň, emläk satyn almaga ygtyýar berýän ýazmaça karary;

7) dalaşgäriň esaslyk maýasynda Türkmenistan döwletiniň paýynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny tassyklaýan resminamalar.

Eger söwdalara gatnaşyjy hökmünde bellige aldyrmak üçin ýüztutma internet ulgamy arkaly elektron görnüşde berlen bolsa, onda ýüztutma gol çekilip, (ýuridik şahs möhür bilen) tassyklanandan soňra, ony we onuň ýany bilen şu bölekde göz öňünde tutulan resminamalary elektron görnüşde hem goşup bermek zerurdyr. Şunda, sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň ýa-da mobil goşundysynyň üsti bilen elektron görnüşde ugradylýar. Şeýle ýagdaýda, gatnaşyjy tarapyndan ýüztutmanyň asyl nusgasy hem-de şu bölekde görkezilen resminamalar Guramaça iberilýär.

Elektron resminamalar Guramaçy tarapyndan barlanyp kabul edilenden soňra, söwdalara gatnaşyjy ýüztutmanyň elektron görnüşini dolduryp Guramaça ugradýar we Guramaçy ýüztutmany barlap kabul edýär, petek belgi berýär hem-de awtomatiki ýagdaýda SMS habary ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli  böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär.

Eger-de, ýüztutma kabul edilmese, sebäplerini esaslandyryp kabul edilmändigi we bellige alynmandygy barada öýjükli aragatnaşyk enjamyna awtomatiki ýagdaýda SMS habary ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär.

Söwdalara gatnaşyjy hökmünde bellige aldyrmak üçin berlen ýüztutmada we onuň ýany bilen berilýän resminamalaryň maglumatlarynyň, goluň hem-de möhüriň dogrulygyna we hakykylygyna, olaryň berilmeginiň usulyna garamazdan dalaşgäriň hut özi jogapkärçilik çekýär.

Söwdalara gatnaşyjy hökmünde bellige aldyrmak üçin berlen ýüztutmada we onuň ýany bilen berilýän resminamalaryň maglumatlarynyň dogrulygy we hakykylygy babatynda Guramaçy tarapyndan şübhe dörän ýagdaýynda, goşmaça barlag geçirilip bilner.”;

8) ýigrimi bäşinji böleginiň birinji bendinde “Satyjynyň, Guramaçynyň” diýen sözlerden soň “,Ulgam administratorynyň” diýen sözleri goşmaly;

9) ýigrimi altynjy böleginiň soňky tesiminde “hat üsti bilen” diýen sözlerden soň “(ýüztutma internet ulgamy arkaly elektron görnüşde berlende, dalaşgäriň öýjükli aragatnaşyk enjamyna awtomatiki ýagdaýda SMS habary ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda sebäpleri görkezilýär)” diýen sözleri goşmaly;

10) ýigrimi ýedinji böleginde “hat üsti bilen” diýen sözlerden  soň “(ýüztutma internet ulgamy arkaly elektron görnüşde berlende, dalaşgäriň öýjükli aragatnaşyk enjamyna awtomatiki ýagdaýda SMS habary ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär)” diýen sözleri goşmaly;

11) ýigrimi sekizinji böleginiň birinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende geçirilýän güni, söwdalaryň başlanylýandygy barada bellige alnan taraplaryň öýjükli aragatnaşyk enjamyna SMS habary ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär.”;

12) otuz birinji böleginde:

  1. a) üçünji bendinden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

“internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilýän söwdalara ýüztutma beren gatnaşyjylaryň hiç biri gatnaşmasa ýa-da gatnaşyjylar ikiden az bolanda;”;

  1. b) ikinji tesiminiň ikinji bendinde “öz belgilerini galdyrmasa” diýen sözlerden soň “ýa-da internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilýän söwdalarda bellenilen wagtyň dowamynda degişli düwmäni basmak bilen tassyklamasa;” diýen sözleri goşmaly;

ç) ikinji tesiminiň üçünji bendinde “belgisini galdyrmak” diýen sözlerden soň “ýa-da internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilýän söwdalarda degişli düwmäni basmak” diýen sözleri goşmaly;

  1. d) ikinji tesiminiň dördünji bendinde “öz belgisini galdyrmasa” diýen sözlerden soň “ýa-da internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilýän söwdalarda degişli düwmäni basmak bilen tassyklamasa” diýen sözleri goşmaly;

13) otuz dördünji böleginiň birinji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:

“Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, söwdalar başlanmazyndan ozal, gatnaşyja (satyn alyja) söwdalaryň başlanýandygy barada gatnaşyjynyň öýjükli aragatnaşyk enjamyna SMS habary ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär. Gatnaşyjy mobil programma goşundysy ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli bölegi arkaly elektron söwdalaryň meýdançasyna girende söwdany geçirmegiň kadalary bilen tanyşýar we tanyşandygyny tassyklaýar.

Şunda, zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, topar agzalary Guramaçy tarapyndan ulgama goşulyp menzilara göniaragatnaşykda elektron söwdalara gatnaşmak mümkinçiligi berlip bilner.”;

14) otuz bäşinji böleginiň birinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, gatnaşyjylar her bir lot boýunça satylýan obýekt, onuň gysgaça häsiýetnamasy, lotuň başlangyç bahasy we söwdanyň ädimi bilen elektron söwdalaryň mobil goşundysynda we sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde tanyşýarlar.”;

15) otuz altynjy bölegini şu görnüşde beýan etmeli:

“36. Söwdalar şu Tertibiň otuz ýedinji we otuz sekizinji böleklerine laýyklykda iki usulyň biri boýunça, adaty ýa-da internet ulgamy arkaly elektron görnüşinde geçirilýär.

Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, söwdalaryň dowamynda elektron söwdalaryň meýdançasynda tehniki we internet näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda ýa-da söwdalary şu Tertibe laýyklykda  geçirmäge päsgel berýän gaýry sebäpler bolanda, Guramaçy tarapyndan gatnaşyjylaryň öýjükli aragatnaşyk enjamyna SMS habar ýollanylýar. Şunda toparyň çözgüdi bilen, söwdalaryň geçirilýän wagty yza süýşürilip bilner.

Gatnaşyjynyň elektron söwdalaryň meýdançasyna girmek üçin peýdalanýan enjamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek dalaşgäriň öz üstüne ýüklenilýär.”;

16) otuz ýedinji böleginde:

  1. a) “(elektron görnüşde geçirilende programmanyň degişli düwmesini basmak)”, “(elektron görnüşde geçirilende auksionçy tarapyndan öňünden bellenen wagtyň dowamynda baha ýokarlandyrylmadyk halatynda)”, “(soňky gezek programmanyň degişli düwmesini basan gatnaşyjyny)” diýen sözleri aýyrmaly;
  2. b) şu mazmunly tesimleri goşmaly:

“Söwdalar iňlis usulynda internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, auksionçy lotuň başlangyç bahasyny, ädimini yglan edýär we mobil goşundysynda ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde gatnaşyja görünýär. Gatnaşyjylar mobil goşundysy arkaly ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň üsti bilen degişli düwmäni topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda basmak bilen başlangyç bahany yglan edilen ädimden pes bolmadyk derejede ýokarlandyrýarlar. Auksionçy lot boýunça söwdalara gatnaşyjylaryň belgilerini yglan edýär, bahany belleýär we ony topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda ýokarlandyrmagy teklip edýär. Lotlar boýunça söwdalar teklip edilen iň ýokary baha çenli dowam edýär. Lot üçin has ýokary bahany hödürlän gatnaşyjy yglan edilýär. Söwdalara gatnaşyjylar tarapyndan topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda baha ýokarlandyrylmadyk halatynda, soňky gezek mobil goşundysy arkaly ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň üsti bilen degişli düwmesini ilki basan gatnaşyjyny çekiç urmak arkaly ýeňiji diýip hem-de agzalan lot boýunça söwdalaryň tamamlanandygyny yglan edýär.

Guramaçy tarapyndan ýeňiji diýip yglan edilen gatnaşyja (satyn alyja) onuň lot boýunça ýeňiji diýip yglan edilendigi we 5 (bäş) iş gününiň dowamynda söwdalaryň netijeleri baradaky teswirnama gol çekmelidigi barada öýjükli aragatnaşyk enjamyna SMS habar ýollanylýar. Eger-de ikiden az bolmadyk gatnaşyjy lotuň bahasyny 2 (iki) ädimden az bolmadyk möçberde galdyrsa söwdalar geçirildi diýlip hasap edilýär.”;

17) otuz sekizinji böleginde:

  1. a) “(elektron görnüşde geçirilende programmanyň özi auksionçy tarapyndan bellenen wagtda ozal mälim edilen ädim bilen peseldýär).”, “(ilkinji düwmäni basan)” diýen sözleri aýyrmaly;
  2. b) şu mazmunly tesimleri goşmaly:

“Söwdalar golland usulynda internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, auksionçy topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda ozal mälim edilen ädim bilen peseldýär, bu mobil goşundysynda ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde gatnaşyja görünýär. Mobil goşundysynyň ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginiň üsti bilen degişli düwmäni topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda basan gatnaşyjynyň belgisini çekiç urmak arkaly agzalan lotuň ýeňijisi diýip yglan edýär.

 

Guramaçy tarapyndan ýeňiji diýip yglan edilen gatnaşyja (satyn alyja) onuň    lot boýunça ýeňiji diýip yglan edilendigi we 5 iş günüň dowamynda söwdalaryň netijeleri baradaky teswirnama gol çekmelidigi barada öýjükli aragatnaşyk enjamyna SMS habar ýollanylýar we (ýa-da) sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde we (ýa-da) mobil goşundysynda ýerleşýän dalaşgäriň şahsy otagynda görkezilýär. Eger-de, auksionçy tarapyndan lotuň iň pes bahasy yglan edilen pursatynda gatnaşyjylaryň hiç biri agzalan loty topar tarapyndan bellenen wagtyň dowamynda mobil goşundysynyň ýa-da sanly hyzmatlar gurşawynyň degişli böleginde degişli düwmesini basmak bilen satyn almaga isleg bildirmese, onda lot söwdalardan aýrylýar.”;

 

18) otuz dokuzynjy böleginde “ýeňiji gol çekýärler.” diýen sözlerden soň “Söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, ýeňiji söwdalaryň netijeleri baradaky teswirnama 5 iş günüň dowamynda gol çekýär.” diýen sözleri goşmaly;

19) kyrkynjy böleginiň ikinji tesiminde “teswirnama gol çekmekden” diýen sözlerden soň “(söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, 5 iş günüň dowamynda)” diýen sözleri goşmaly;

20) 1-nji goşundysynda:

  1. a) ikinji böleginde “söwdalaryň netijesi baradaky ýazga” diýen sözlerden soň “(söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, 5 iş günüň dowamynda)” diýen sözleri goşmaly;
  2. b) üçünji böleginde “satuwa gatnaşyja” diýen sözleri “söwdalara gatnaşyja” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ç) dördünji böleginiň üçünji tesimini şu görnüşde beýan etmeli:

“Goşundylar – dalaşgär tarapyndan söwdalara gatnaşyjy hökmünde bellige almak üçin berilýän resminamalar:

Fiziki şahs:

1) pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasy;

2) dalaşgär tarapyndan öňünden tölenýän pul möçberini we ýörite ýygymy geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamanyň nusgasy;

3) eger-de, ýüztutma dalaşgäriň wekiliniň üsti bilen hödürlenýän bolsa, onda onuň wekiliniň degişli resminamalara gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty  we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

Ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs-hususy telekeçi (mundan beýläk – hususy telekeçi):

1) pasportyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamanyň nusgasy;

2) dalaşgär tarapyndan öňünden tölenýän pul möçberini we ýörite ýygymy geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamanyň nusgasy;

3) eger-de, ýüztutma dalaşgäriň wekiliniň üsti bilen hödürlenýän bolsa, onda onuň wekiliniň degişli resminamalara gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty  we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

4) hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň hem-de hususy telekeçi tarapyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigine şaýatlyk edýän patentiniň (“Hususy telekeçilere salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 27-nji iýunynda çykaran 14313-nji kararyna laýyklykda, eger işiň degişli görnüşi telekeçilik işiniň sanawyna goşulan bolsa) ýa-da salgyt hasabyna goýulandygy hakynda şahadatnamanyň tassyklanan nusgasy;

5) salgytlar we hökmany tölegler boýunça býujete möhleti geçen bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasy (hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasynyň delilhaty);

Ýuridik şahslar:

1) ýuridik şahsyň ýolbaşçysynyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga resminamasynyň nusgasy, onuň şol wezipä bellenilendigini tassyklaýan buýrukdan  ýa-da beýleki resminamadan göçürme;

2) dalaşgär tarapyndan öňünden tölenýän pul möçberini we ýörite ýygymy geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamanyň nusgasy;

3) eger-de, ýüztutma dalaşgäriň wekiliniň üsti bilen hödürlenýän bolsa, onda onuň wekiliniň degişli resminamalara gol çekmäge ygtyýarlydygyny tassyklaýan ynanç haty, buýrukdan göçürme we onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

4) Ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyndan göçürmäniň, döwlet tarapyndan bellige almak hem-de Türkmenistanyň Ýuridik şahslarynyň ýeke-täk döwlet sanawyna girizmek baradaky şahadatnamasynyň tassyklanan nusgasy;

5) salgytlar we hökmany tölegler boýunça býujete möhleti geçen bergisiniň ýokdugyny tassyklaýan resminamanyň asyl nusgasy (hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasynyň delilhaty);

6) eger-de, dalaşgäriň esaslandyryş resminamalaryna laýyklykda zerurlyk bolan halatynda, esaslandyryjylaryň, emläk satyn almaga ygtyýar berýän ýazmaça karary;

7) dalaşgäriň esaslyk maýasynda Türkmenistan döwletiniň paýynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny tassyklaýan resminamalar.”;

21) 5-nji goşundysynda:

  1. a) ikinji tesiminden soň şu mazmunly tesimi goşmaly:

“Söwdalary geçirmegiň görnüşi:___________________________”;

  1. b) on birinji tesiminde “fiziki tarap” diýen sözleri “fiziki şahs” diýen sözler bilen çalşyrmaly;

ç) on ikinji tesiminde “gol çekilen gününden” diýen sözlerden soň “(söwdalar internet ulgamy arkaly elektron görnüşde geçirilende, ýeňiji 5 iş gününiň dowamynda gol çekýär)” diýen sözleri goşmaly;

  1. d) on bäşinji tesiminden soň şu mazmunly tesimleri goşmaly:

“Teswirnama gol çekilen wagty: __ sagat ___ minut.”.

  1. e) on altynjy tesiminde “Bäsleşigi geçiriji” diýen sözleri “Auksionçy” diýen sözler bilen çalşyrmaly.
  2. Şu buýrugyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň degişli orunbasary gözegçilik etmeli.

Ministr                                                                                   M. Serdarow

 

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan

2022-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda 1553 bellige

alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan.

 

Hususy telekeçilere karz bermek: Ýeňillikli we 500 essä çenli

Ýene-de okaň

“Iran Agro Fud” atly Eýranyň 16-njy ýöriteleşdirilen sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi

Aşgabatda «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergi geçiriler

“Kudo Kudo” türk fasfud restorany Türkmenistanda

“Bloomberg”: Mask 400 milliard dollardan gowrak baýlygy bolan ilkinji adam

“SpaceX” dünýädäki iň gymmatly hususy startap kompaniýasy boldy