JEMGYÝET

Ol…

Biz hakyky şahyrlarda, hakyky ýazyjylarda hatda ylmyň hem düşündirip bilmeýän ýokary ahlak derejesini duýýarys. Bu olar üçin her bir zatdaky hakykaty aňşyrmaga, ony görmäge kömek edýän ikinji bir görmek ukyby, has dogrusy, olary bolmak isleýän we hökman bolaýmaly ýerlerine äkidip bilýän täsin güýçdür.

Ol daşyndan seredeňde çaga ýaly görünse-de, onda çaganyňkydan has uly, hatda ulularyňkydanam tapawutly ýürek bar. Şol ýürek hem oňa öz-özi bilen galanda başga bir owadan, syrly dünýäde ganat ýaýyp uçmaga kömek etse, deň-duşlarynyň ýanynda ýekesiremäge mejbur edýär. Onsoň ol ylgap diýen ýaly özüni dünýä içre dünýäsine kitaplaryň, arzuwlaryň älemine oklaýar. Baý, hezildigini! Bu ýerde ol öz pikirini aýtmak isläp söze başlanda, ony çagasyradyp, üns bermän sözüni kesýän ýa-da gözüni alardyýan adamlar ýok. Bu täsin älemdäkileriň bary ony gowy görýärler, tanaýarlar, ondan özleri bilen gürleşmegi ýylgyryp haýyş edýärler. Ol olaryň arasynda şeýle bir erkin, şeýle bir şadyýan welin, aýdyp-diýer ýaly däl. Özem bu ajaýyp duýgulary başyndan geçirmek üçin oňa diňe gözlerini ýummak ýeterlik. Ol şeýle hem edýär. Ýakyn-ýatlaryndan doly daşky dünýäden halys surnugan wagty, öz otagyna gelip, kitaplaryny daşyna üýşürip, gözjagazlaryny ýumýar.

Ol hemmeleriň öz okaýan kitaplaryndaky gahrymanlar ýaly bolmaklaryny isleýär. Dogry, olaryňam hemmesi başda beýle gowy adam däldi. Ýöne olar günleriň bir güni öz ýalňyşlaryna düşünip, bir-birekden ötünç soraýarlar, söýgi sözlerini aýdýarlar, ýüreklerini dökýärler. Onsoň şol aýdylan esasy sözden soň ählije zat dabara beslenýär. Aglanlar gülüp, hassalar sagalýar. Aýra düşenler bir-birine gowşup, garyplar baýaýarlar. Onuň özi-de şeýle dabaralara gatnaşyp, lezzet baryny alýar. Özi ýaly çagajyklar bilen baý, kowalaşyp oýnaýar-a. Ajyksalaram, dürli-dümen näz-nygmatly jadyly saçagyň başyna gonýarlar. Hiç kimem olara “Nädip ýörsüňiz, bezzatlar?” diýip gygyrmaýar. Gaýta, olaryň oýnaýan oýnuna ulularam goşulyp, bolýar bir hezillik!..

Bu hezillikleriň, täsin dabaranyň aňyrsynda öz wagtynda aýdylan sözüň güýji bardy. Sözüň güýji!

…Ol her kitabyň özüne ýaraýan şeýle täsiri ýerlerini gaýta-gaýta okaýar. Şol sahypalar beýleki sahypalardan ap-aýratyn. Ol sahypalar oňa ganat bolýarlar. Daşky dünýäden indiki surnugyp geljek wagtyna çenli oňa kuwwat berýärler.

Onuň ýaşaýyş, durmuş, tebigat baradaky pikirleri-de zol-zol täzelenýär. Ol düýnki eden arzuwyny, bu gün hemmelere täsir edip biljek derejede timarlap, has giňeldýär. Sebäbi şeýtmese, onuň ýüregi (ýürejigi däl!) çep gursagyna sygman, barha ulalýan ýaly ony daljykdyrýar, nämedir bir zatlara howlukdyrýar.

Ol ahyry bir gün özüniň ýyl-ýyldan däl-de, gün-günden ulalýandygyny duýdy. Ahyry duýdy! Şol güni öz ömrüniň iň şanly güni hökmünde belläp goýsa-da boljakdy. Bellemese-de, barybir, ýadyndan çykmaz. Ol şol günüň haýsy aýyň näçesinedigini anyk ýatlap bilmese-de, onuň bahar paslynyň bir ajaýyp günüdigini hiç haçan unutmaz.

Indi onuň durmuşy düýpgöter üýtgese gerek. Sebäbi, ol öz içki dünýäsi bilen daşky dünýäsiniň beýik sazlaşygynyň alysda hem bolsa özüne gol bulaýandygyny, özüni çagyrýandygyny gördi. Oňa indi şol aralygy päsgelçiliksiz — duýgularyna zeper ýetirmän, kalbyny berbat etmän, ýüregini haraplaman geçmek üçin örän ygtybarly köpri gerekdi. Görersiňiz, bir gün onuň aňyna şol köpriniň galamdygy hakyndaky pikir hem geler. Hökman geler! Çünki ol özgeleriňkä meňzemeýän täsin ykbalyny öz eserleriniň üsti bilen ýazmaly ahyry…

Aýgül GARAÝEWA

 

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi