DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedowyň Gruziýanyň Içeri işler ministri G. Geladze bilen duşuşygy boldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň möhümdigini nygtap, konsullyk hyzmatlary we migrasiýa syýasaty boýunça pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler pudaklaryň arasyndaky ýokary derejeli özara hereketi bellediler we bilelikdäki işleri dowam etmegiň zerurlygyna ynam bildirdiler.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginini saklamagyň we iki ýurduň bähbitleri üçin amaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ähmiýetini tassykladylar.

Related posts

Türkmenistan bilen Halkara Atom energiýasy agentligiň arasynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen Lideri’ne Melehan İsimli At Hediye Edildi

vepa

Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeler geçirildi