SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Oksforduň sanjymyny tassyklan ýene-de bir döwlet

Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri hasaplanýan Hindistan Oksford uniwersitetiniň “AstraZeneca” britan-şwed kompaniýasy bilen bilelikde işläp düzen täze görnüşli koronawirusa garşy sanjymyny tassyklan ýurtlaryň biri boldy. Hindistanyň ýolbaşçylary bu sanjymy ulanmaga rugsat berdi. Bu barada metbugat gulluklary habar berýär.

Oksford uniwersiteti we “AstraZeneca” tarapyndan işlenip düzülen “Covid-19” sanjymy üçin gyssagly ygtyýarnama ýüz tutmasy Hindistanda öwrenilýärdi. Ýurduň saglygy goraýyş işgärleri geçen hepde “AstraZeneca” bilen ýakyn aragatnaşykda bolandyklaryny we “Oksford-AstraZeneca” sanjymynyň tassyklanjakdygyny habar beripdiler.

Hindistanyň hökümeti gyssagly ulanmak üçin “Oksford-AstraZeneca” sanjymyny tassyklandygyny habar berdi. Şeýlelikde, Hindistan “Oksford-AstraZeneca” sanjymyny tassyklan ilkinji ýurtlaryň hatarynda boldy. Bu sanjymy ilkinji bolup, Beýik Britaniýa soňra Argentina tassyklapdy.

Bu tassyknama bile ýurtda köpçülikleýin sanjym geçirmek işine girişilip bilner. Ýurtda öňümizdäki ilkinji 6 aýda 300 million adamyň sanjym edilmegine garaşylýar.

Şeýle hem “Pfizer-BioNTech” kompaniýalary tarapyndan işlenip düzülen sanjymyň hem tassykanmagyna garaşylýar. Ýurduň hökümeti bu sanjym bilen bir hatarda ýene-de azyndan 2 sanjymy tassyklamagy meýilleşdirýär.

 

Syýahatçylyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertleri tamamlanandan soňra haýsy ýurda syýahata gitsem diýýänler we syýahat etmegi söýýänleriň sahypasy

Ýene-de okaň

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar