SIZDEN GELENLER

Okatmagyň “interaktiw” usullary

Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da 2019 – 2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, tä­ze­çil ul­ga­my we mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny or­naş­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly ylym hem-de bi­lim ul­gam­la­ryn­da uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Hä­zir­ki bi­lim ul­ga­my­ny sanly­laş­dyr­mak, mag­lu­mat-kom­mu­ni­ka­si­ýa teh­no­lo­gi­ýa­sy bo­ýun­ça ýo­ka­ry hü­när­li iş­gär­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler ber­jaý edil­ýär. Il bäh­bit­li bu iş­de mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­sy aý­ra­tyn orun eýe­läp, san­ly ul­ga­my ös­dür­mä­ge uly iter­gi ber­ýär.

Ýur­du­myz­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň ha­ta­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň 2017-nji ýy­lyň 15-nji sent­ýab­ryn­da tas­syk­lan “Türk­me­nis­tan­da san­ly bi­lim ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy­ny” my­sal ge­tir­mek bo­lar. Ýurt­da san­ly ul­ga­ma geç­mek­lik­de bi­lim ul­ga­my­na uly orun de­giş­li­dir.
San­ly bi­li­mi ös­dür­mek üçin, il­kin­ji no­bat­da, bi­lim ul­ga­myn­da zäh­met çek­ýän mu­gal­lym­la­rdyr hü­när­men­le­riň, şeý­le-de bi­lim al­ýan­la­ryň hä­zir­ki za­man komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan us­sat­lyk bi­len baş çy­kar­mak­la­ry­nyň ze­rur­dy­gy öz-özün­den düş­nük­li­dir. Şeý­le­lik-de, hä­zir­ki za­man teh­ni­ki se­riş­de­le­riň we mag­lu­mat gor­la­ry­nyň ula­ny­ly­şyn­da bi­lim iş­gär­le­ri­niň bu ugur­da taý­ýar­ly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek we­zi­pe­si hem öňe çy­ka­ryl­ýar. Şun­da ýur­du­my­zyň bi­lim eda­ra­la­ry­nyň ösen in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi, mu­gal­lym­la­ryň komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi örän uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ony dur­mu­şa ge­çir­me­giň bi­rin­ji tap­gy­ryn­da me­ýil­leş­di­ri­len çä­re­ler bo­ýun­ça ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hü­när­men­ler, pro­fes­sor mu­gal­lym­lar, şeý­le-de ýaş­lar ta­ra­pyn­dan san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň tor prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi, onuň bin­ýa­dyn­da san­ly bi­lim por­tal­la­ry iş­le­nip taý­ýar­la­nyl­dy. San­ly bi­lim por­ta­ly elekt­ron poç­ta, elekt­ron res­mi­na­ma, uzak ara­lyk­dan ylym-bi­lim al­mak, yl­my iş­ler, okat­ma­gyň elekt­ron se­riş­de­si, bäs­le­şik­ler, olim­pia­da­lar, mas­la­hat­lar, fo­rum­lar, okuw ki­tap­­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, söz­lük­ler ýa­ly bö­lüm­le­ri özün­de jem­le­ýär. Bu­lar­dan baş­ga-da, bi­lim ojak­la­ryn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, ýo­ka­ry tiz­lik­li in­ter­net ul­ga­my­nyň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry hem-de or­ta hü­när okuw mek­dep­le­ri­niň ara­syn­da, şol san­da bi­lim ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk edil­ýän da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri, ylym-bi­lim mer­kez­le­ri bi­len uzak ara­lyk­dan sa­pak­lar, wi­deo­şe­kil­li mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li gu­ral­ýar. Çün­ki ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny iş­jeň­leş­dir­mek­de al­nyp ba­ryl­ýan bi­lim–ter­bi­ýe­çi­lik, ylym, sport, me­de­ni-köp­çü­lik iş­le­ri­ni ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan döw­let äh­mi­ýet­li öz­gert­me­le­ri, ösüş­le­ri giň­den şöh­le­len­dir­mek­de san­ly bi­lim ul­ga­my­nyň müm­kin­çi­lik­le­rin­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Şo­nuň ýa­ly­-da, äh­li bi­lim eda­ra­la­ryn­da san­ly bi­lim teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bi­len ders­ler bo­ýun­ça döw­re­bap elekt­ron okuw-usu­ly top­lum­lar, elekt­ron okuw ki­tap­la­ry, okuw gol­lan­ma­la­ry, wi­deoau­dio­ma­te­ri­al­lar, in­te­r­ak­tiw-mul­ti­me­dia prog­ram­ma­la­ry, okuw-gör­kez­me es­bap­la­ry, mag­lu­mat ki­tap­ça­la­ry dö­re­dil­ýär.

“Innowasiýa” latyn sözi bolup,  türkmen dilinde “täzelik, täze düzgün, täze kada, özgeriş” diýlen sözlere gabat gelýär. Pedagogiki düşünje hökmünde innowasiýa bilim ulgamyna haýsydyr bir täzeligiň girizilmegini aňladýar. Innowasiýa öwretmek prosesine haýsydyr bir täze usulyň, serişdäniň, konsepsiýanyň, öwretmegiň tehnologiýasynyň ýa-da okuw maksatnamasynyň girizilmegi bilen baglanyşyklydyr .

XXI  asyryň başlarynda öwretmek prosesine innowasion usullar hökmünde “interaktiw usullar“  diýlip atlandyrylýan öwretmegiň işjeň usullary dünýäniň  ähli ýurtlarynda diýen ýaly bilim ulgamyna ornaşdyrylýar. Degişli usuly gollanmalarda işjeň usullar, olardan peýdalanmagyň aýratynlyklary barada anyk görkezmeler berlip , häzirki wagtda “Kub”, “Beýni hüjümi”, “Açyk öý” , “Zig- zag”, “Säginip okamak”,  “Insept”, “Zynjyr”, “Desant” ,”6*6”, “Klaster ”, “Blits soraglary”, “Problemany ýagdaýy döretmek”, “Kiçi toparlarda işlemek”, “Her kim her kime öwredýär”, “Fiziki diktant” , “Fiziki düzme”, “Bumirang”  diýlip atlandyrylýan usullar döredijilikli işleýän mugallymlar tarapyndan ulanylýan esasy usullara öwrüldi.

“Fiziki diktant “ usuly

Bu usuldan peýdalanmak mekdep durmuşynda 1970-nji ýyllarda ornaşdy.Bu usul köplenç  VI-VIII synplarda  peýdalanylýar.  Fiziki diktantlary  ýazdyrmak okuwçylaryň köpçülikleýin işlemeklerini, okuw maglumatlarynyň oňat ýatlanmagyny gazanmak maksady bilen geçirilýär. Fiziki diktantlar geçilende mugallym öwredilýän tema degişli birnäçe sözlem okaýar. Ýöne käbir sözi okuwçylaryň özleri bilmeli bolýar, ýagny mugallym ony aýtman saklanýar. Mysala seredip geçeliň:

  1. Aşak gaçýan jisimiň … energiýasy azalýar, şol bir wagtda … energiýasy köpelýär
  2. Jisim ýere düşende onuň potensial we kinetik energiýalary … öwrülýär
  3. Fizikada islendik bir hadysa … bir haldan beýleki hala … öwrülmegi bilen bolup geçýär
  4. Jisimleriň iş edip bilijilik ukubyny häsiýetlendirýän ululyga … diýilýär.

“Balyk skeleti” shemasy

  1. Köp problemalary beýan etmäge, olary çözmäge mümükinçilik berýär.
  2. Ulgamlaýyn döredijilikli analitiki pikir ýöretmäni işjeňleşdirýär we ösdürýär.
  3. Shemany taýýarlamagyň düzgünleri bilen tanyşmak.
  4. Ýekebir/ikibir ýokarky “süňkjagazda” problemanyň aňlatmasyny ýazýarlar, aşakyda – meseläniň hakyky bardygyny tassyklaýarlar.
  5. Kiçi toparlara goşulyp, shemalary deňeşdirýärler we goşmaça girizýärler. Bir umumy shema birikdirýärler.
  6. Netijesiniň görkezilmegi: doldurylan shemanyň görkezilmegi meseläniň biri-biri bilen baglanyşyklydygynyň we toplumlaýyn häsiýetiniň bardygyny aýdyňlaşdyrýar.

Klasteri düzmegiň düzgünleri :

  • Aklyňa gelen ähli pikirleri ýazmaly. Pikirleriň hiline, hatyň orfografiýasyna we beýleki delillerine üns bermeli däl.
  • Bellenilen wagt gutarýança ýazmagy dowam etdirmeli. Eger birden aklyňyza pikirler gelmese, onda täze pikirler gelýänçä kagyzda surat çekmek bilen meşgullanmaly .
  • Köpräk baglanyşyklary gurmaklyga çalşyň, pikirleriň mukdaryny we olaryň arsyndaky baglanyşyklary  çäklendirmeli däl.

Mysal üçin:

Wennyň diagrammasy

*2,3 nukdaýnazardan  deňeşdirme, ýerine goýmak ýa-da garşy goýmak üçin we olaryň  umumy taraplaryny görkezmek üçin peýdalanylýar. Diagramma iki we ondan köp kesişýän tegeleklerden durýar. Deňeşdirmek üçin deliller, hadysalar, idealar (pikirler) peýdalanylýar. Her bir tegelegiň boş ýerleri tapawutlary ýazmak üçin, tegelegiň kesişýän ýerindäki umumy bölek deňeşdirilýän hadysalary umumylykda aýdyňlaşdyrmak üçin ulanylýar.

*Ulgamlaýyn pikirýöretmäni, deňeşdirme, ýerine goýma , seljerme we sintezleme  başarnyklaryny ösdürýär.

* Wennyň diagrammasyny gurnamagyň düzgünleri bilen tanyşmak. Ýekebara / ikibir Wennyň diagrammasyny gurup, tegelekleriň kesişmeýän bölümlerini doldurýarlar.

* Iki bolup  diagrammalaryny deňeşdirýärler, her biri öz diagrammasynyň ýetmeziniň üstüni doldurýarlar, goşmaça girizýärler.

* Diagrammany düzenleriň garaýyşlaryna görä (2-3) tegelekleriň kesişýän ýerinde maglumatlaryň umumy taraplary hasap edilýänleriň sanawyny düzýärler.

                                                                                                      Dursunaý Muradowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

Informatika we ony okatmagyň usulyýeti

kafedrasynyň mugallym-stažýory.

Sanjym satuwyny iki esse artdyrar

 

 

Ýene-de okaň

Awaza forumy: ählumumy ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk

Awaza – halkara hyzmatdaşlygynyň merkezi

Ata Watan Eserleri

Awaza forumy – hyzmatdaşlygyň täze nusgasy

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti