ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Oguljeren Işangulyýewa:sungat durmuşynyň manysy

Bir mahal keselhanada ýatyrkam, üç-dört sany tanyş artist ýagdaýymy soramaga bardy. Olar bilen özara gürrüňdeşligimiz döredijilige syrykdy. Biraz wagtdan olar gidensoňlar ýanymdaky otagdaş gelinleň biri: «Gelneje, näme kär edýäňiz?» diýip sorady. Redaksiýada işleýän, metbugat habarçysy — diýdim. Ol:

— Onda artistler hakynda-da ýazýansyňyz?

— Hawa.

— Biziňem goňşymyz artist. Oguljeren Işangulyýewany tanaýaňyzmy? — diýip ol ýene sowal berdi. Onuň bu sowalyna menden öňinçä otagdaş zenanlar:

— A gyz, aýdýanyňyz näme, ol tanalýan artist ahyry. Jeren ejäň ýagdaýlary gowumy, soňky wagtlar görnenok — diýip gyzyklandylar. Menem olara Jeren ejäni öňräk uniwersitetiň golaýynda gördüm. Ýolagçy awtoulagynda barýarkam lukman söýget berip ony tiz kömek ulagyna mündirip dur eken. Bir ýerlere çykyş etmäge baranda ýaramadyk bolaýmasa. Egni gök keteni köýnekli, ak gyňaçly bezemen eşikdedi — diýdim. Zenanlaň biri gülüp: — Alym Amangül Durdyýewa garran mahaly bir gün iş ýerinde ýaramandyr. Onsoň kärdeşleri onuň öýlerine jaň edipdir. Derrew ogly yzyndan gelip: — Eje jan, bu ýaşdan soň işlejek bolup, beýdip bizi masgara edip ýörmede indi işden çykaý-da — diýse, Amangül ejeke: — Oglum, beý diýme, ylymlar akademiýa atam öýüm ahyry — diýipdir. Işine berlen adamlary işden galdyrmak gaty kyn. Jeren eje-de saglygy bir mydar berse işden galjag-a meňzänok. Ýarawsyz bolaýmasa? — diýdi.

— Şükür ýagdaýy erbet däl, ýöne gulagy gowy eşidenok — diýip Jeren ejäniň goňşusy: — Gelneje, sag-aman keselhanadan çykaňyzsoň, birden Jeren eje bilen söhbetdeşlik taýýarlamaga barsaňyz biziňem öýümize bargyn. Oturarys, çaýlaşarys — diýip, onuň janlandyran sahna hem kino keşplerini ýatlady.

Ondan bäri dört-bäş ýyl geçdi. Şo wagtlar pandemiýa sebäpli köpçülige barmaga gorkýardyk. Öz ýanymdan: «Alla jan, şu keselçilikden il-günümiz bilen sag-aman galsak, onsoň nesip bolsa, Jeren ejelere-de söhbetdeşlige bararys-da — diýýärdim. Her gezek teleýaýlymda onuň ses beren kinolary görkezilse Oguljeren daýza ýadyma düşýär. Onuň üýtgeşik owadan sesi bar. Radio oýunlarda bolsun, kinolarda bolsun sesini bada-bat tanap bolýar. Ol kino hem sahna keşplerini döretmekde bolşy ýaly terjime kinolarda ses bermegiňem ussady.

Arada teleýaýlymda «Söýginiň güýji» atly meşhur hindi çeper filmi görkezildi. Şol filmi näçe gezek gördüm, şonda-da ýadadanok. Jeren eje filmiň baş gahrymany ýaş gyza ses beripdir. Filmiň türkmen diline terjime edilenine-de esli ýyl bolandyr. Şol filme Jeren eje näçe ýaşlarynda ses berdikä? Ol haýsy ýaşdaky zenan keşplerine ses berse, onuň edil özi bolup gürleýär. Her bir gahrymanyň häsiýetine, hereketine laýyk, ýüz keşbiniň duýgusyna görä ses berip bilýär. Gahrymanyň gülküsem, agysam, gaharam, käýinjem, hüňürdisem ýerbe-ýer. Türkmen filmini gören ýaly bolýaň. Jeren ejäniň döreden sahna hem kino keşplerindäki aýdýan sözleri hereketleri ýatda galyjy. Şu pursat onuň «Tüweleýiň mekany bolmaz» atly çeper filmdäki gysgajyk pursatlyk keşbi göz öňüme gelýär. «Wepa jan, börek baryny bükendirin, balam. Wiý, sen nirä şaýlanyp barýaň, atdygym bişdigidir» diýýän sözleri, her gezek börek bişirjek bolamda ýadyma düşýär. Şol filmde Wepa oňa börek iýmäge wagtynyň ýokdugyny düşündirip, gyssagly bir zerur işiniň çykandygyny aýdýar. Şonda jigisi oňa nähili gyssagly işiniň bardygyny bilýändigini, onuň söýgülisi bilen duşuşmaga howlugyp barýandygyny ýaňsy bilen duýdurýar. Jeren eje: «Seň ullakan adamlaň işi bilen näme işiň bar?» diýip ýetginjegi platensa bilen saýgylap temmi berşi göz öňüňde dur.  Ýa-da onuň «Meniň dostum, Meleguş» atly çeper filmdäki döreden keşbini ýatlasaňam şeýle.

Öňräk teleýaýlymda bir gepleşikde şol filmden bölek görkezildi. Türkmenistanyň halk artisti Oguldurdy Mämmetgulyýewa bilen Jeren ejäniň iki elti bolup oýnaýan rolunda filmiň gahrymany — ýüwürjisi Altyny naharlaýan pursatlaryny görüp ilkä gülüp hezil etdim. (Altynyň keşbinde Türkmenistanyň halk artisti Kakajan Aşyrow oýnaýar.) Üçüsem biri-birinden ussat artistler. Ýüz keşpleriniň hereketlerine seredip gülüp oturmaly. Oguldurdy Mämmetgulyýewa bilen Jeren eje ikisiniň obaly daýzalary ýatladyp duran geýnişi, gyňaç daňynyşynyň özi aýratyn sungat. Filme tomaşa edip oturşyma bir zada gynandym. Şol filmdäki beýik-beýik artistleriň iki-üç sanysyndan galany aýatda ýok. Ne eseriň edebi esasynyň  awtory, ne režissýory bendeleň ählisi bakyýete göç eden. Ýöne olaryň döreden sungat eserleri welin, häzirki güne çenli halkymyza ruhy lezzet paýlap ýör. Wah, olar aramyzda bar bolanda, film hakynda kän zatlaryň gürrüňini diňläp bolardy — diýdim. Birdenem Jeren ejelere söhbetdeşlige hyýallandym. Jaň üsti bilen kärdeşlerinden onuň salgysyny sorasam öýüniň nirededigini aýdyp: «Wah, onuň gulagy eşidenog-a» diýdiler. Onsoň öz ýanymdan Jeren eje näçe ýaşyndaka? — diýip pikir etdim. Haýsy ýyldygy ýadymda däl, ýöne onuň bir ýubileý senesi hakynda ýazanym ýadyma düşdi. Türkmenistanyň Baş drama teatrynda uly dabara bilen ýubileýi bellenipdi. Dabara hormatly Arkadagymyzyň gutlagy bilen başlanypdy. Ýene bir pursat ýadymda. Şonda Oguljeren eje daş-töweregi gül bilen bezelen diwanda otyrdy. Birden kärdeşi Türkmenistanyň halk artisti Nurmuhammet Keşşikowa söz berildi. Ol sahna tarap ýöräp barşyna Oguljeren ejäniň öňünde duýdansyz başy aýlanyp ýykylan ýaly boldy. Ýaşuly adam bolansoň, oňa bir zat bolandyr öýtdüm. Asyl ol bir mahal ýaş wagty «Mollanepes» atly sahna oýnunda Mollanepesiň keşbini, Jeren eje-de onuň söýgülisi Bossantäjiň keşbini döredipdir. Indem ençeme ýyldan soň şol bir mahalky söýgülisine gaýtadan sataşyp, tolgunmany başdan geçiren ýaly degişme bilen halypa artistiň taýýarlan gutlag çykyşy eken. Şondaky ýazgyny okamak üçin arhiwimdäki gazetleri görüşdirdim. «Nesil» gazetiniň 2010-njy ýylyň 18-nji maý sanynda Oguljeren ejäniň 75 ýyllyk ýubileý dabarasy bellenendigi hakynda gysgajyk habar ýazypdyryn. Hasaplap görsem häzir Jeren eje sanlyja günden 90 ýaşa gadam basýar.

Milli sungatymyzyň ösmegine uly goşant goşan, egsilmez hyjuwly, zehinli artist, ýaşlaryň halypasy Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Oguljeren Işangulyýewa manyly ömrüniň 60 ýylyny teatr sungatyna bagyş edip, ýüzden gowrak keşp janlandyrdy. Bazar Amanow, Alty Garlyýew, Aman Gulmämmedow, Suraý Myradowa ýaly ençeme sungat ägirtleriniň halypalyk mekdebini geçen Jeren ejäniň öz ýetişdiren şägirtleriniň sany hem sanardan kän. Onuň teatr sahnasynda janlandyran keşpleri tomaşaçylar üçin terbiýeçilik mekdebi bolsa, şägirtleri üçin döredijilik mekdebi boldy. Halypa mugallym Maral Durdyýewa bir söhbetdeşlikde şeýle diýdi: — Oguljeren Işangulyýewa öň ejem Suraý Myradowanyň, daýzam Sona Myradowanyň şägirdi boldy. Soň bolsa, ol meniň halypam boldy. Jeren eje bilen kän sahna oýunlarda keşpler döretdik. Ol sungata berlen seýrek zehinleň biri — diýip baha berdi. Ýatlamalar hakynda oýlanyp oturşyma, gowusy onuň özüni diňläp göreýin-le — diýip ýola düşdüm.

Gapylarynyň jaňyny iki-üç gaýta basdym. Ahyry gapy açyldy. Oguljeren eje işigi açyp, geň galyjylyk bilen ýüzüme seredip durdy. Biraz öňküsinden garrapdyr, ýöne «Gulagy agyrdyr» diýilse-de edil beýledir öýtmändim. Bosagada duran ýerimden özi hakynda makala ýazmak üçin baranymy diňe kagyzdyr galamymy görkezip düşündiremsoň, töre geçmegimi mürähet etdi. Ol: — Garrylyk gowy däl eken. Gulagym eşidýän däldir, balam. Nädip men ýadyňyza düşdi? — diýip sowal baryny berdi. Jogabyny aýdýan welin, «wah, eşidemok-da…» diýip, ahmyrly başyny ýaýkap otyr. Sesi welin, edil kinoda ses berýän ýaly şol bir dogumly, joşgunly sesi. Ýylgyryp ene mähribanlygy bilen egnimden sypalap şeýlebir gürrüň edesi gelýär, arman düşünişip bilemizok. Bada-bat turup gaýtmaga-da bognum ysanok. Ahyry pikirlenip gyzyklanýan sowallarymy kagyza ýazyp öňünde goýdum. Okap bilýär. Ol: — 1935-nji ýylyň 14-nji maýynda Büzmeýiniň Ýasmansalyk obasynda doguldym. Nabat atly birje doganym bardy. Olam ýogaldy. Iki oglum, üç agtygym bar. Ogullarymyň ikisem häzir pensiýada. Öýleri aýry ýaşaýarlar. Häli-şindi özleri gelip ýagdaýymdan habar alyp duransoňlar, telefon belgilerini bilemok. Onsoňam bir joram bar. Ol her gün iýjek naharymy taýýarlap berýär. Köplenç şol ýanymda bolýar — diýdi. Oňa sungat, döredijilik hakynda sowal berdim: — Kän keşpler döretdim, ýöne atlary ýadyma düşenok. Indi, men halk üçin hiç zat etmedik ýaly. Garrylyk gowy däl eken-dä, balam — diýip zol-zol gulagynyň agyrlygyndan zeýrendi. Kynam bolsa söhbetdeş boljak bolup, gulagyna gaty sesim bilen gygyryp gördüm, pesiräk sesde gürläp gördüm bolmady. Halys ýadap, elimi hereketlendirip hoşlaşyp turmak bilen bolduk. Kän bir maglumat alyp bilmesemem bir zada gaýtadan göz ýetirdim. Sungata berlen halypalara üýtgeşik zadam gerek däl. Olaryň durmuşy sungat. Ol gujaklap: «Meni ýadyňyzdan çykaraýmaň, gelip duruň!» diýdi. «Bolýa» diýen äheňde baş atdym. Ýanymda ýoldaşym bardy. Ol: — Jeren eje, size gaýtadan sahna-da keşp döretmeli diýilse-hä gulagyňyz açylmagam mümkin — diýenden jak-jak edip, şeýlebir güldi. Eşidäýdimikä?!… Haýran galdym. Ýol boýy gülküsi ýaňlanyp duran ýaly boldy hemem bir waka ýadyma düşdi. Türkmenistanyň halk artisti (jaýy jennet bolsun!) Fahriýa Alyýewanyň öýüne söhbetdeşlige barypdyk. Öýüne barsak ol ýaraman düşekde ýatan eken. «Gözüm görenok, balam» diýip sermenip otyr. Şonda-da ol degişgenligi bilen gadyrly garşy alyp, özi hakda, kärdeşleri hakda ýadyna düşen pursatlary gürrüň beripdi. Başardygymdan makala ýazdym.

Ynha, bir günem ýadawrak bolup, «Watan» habarlar gepleşigini görüp otyrkam irkiläýipdirin. Birden tanyş sese ýalpa gözümi açdym. Görsem teleýaýlymda Fahriýa daýza: «Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Meni Şa serpaýy bilen sylaglady» diýip çykyş edip otyr. Öňünde bir gujak gül, bir sebet sowgat. Geň galdym, bu ýazgy öýlerinde-hä taýýarlanmandyr. Gözi görmese-de idip äkitdilermikä? — diýip gyzyklandym. Ertesi öýlerine jaň edip gutladym. Şonda ol: «Gyzym, meni häzir görseň asla-da ynanmarsyň. Bir ýaş ýigit öýümize gelip: «Fahriýa Alyýewa, gutlaýan! Sizi hormatly Prezidentimiz Şa serpaýy bilen sylaglady. Sowgadyňyzy alyp gaýdyň. Sizi äkidip getirmäge ýörite ulag iberdiler» diýip, aýdandan gözüm ýalpyldap açyldy. Onsoň bezenip-beslenip ýola düşdüm. Ulagda barýan welin, Aşgabat şäherimiz üýtgäp giden eken. Daş-töweregimizi tanar ýaly däl. Tüweleme, ösüş-özgerişine haýran galdym. Myhmançylyga gel, gyzym, sowgat berlen sebediň içinde bir sen ýok, balam!» diýip begenjini paýlaşdy. Şu pursady ýatlap, «kim bilýä Jeren ejäniňem gulagy açylmagy mümkin…» diýip içimi gepletdim.

Şu wagta ol kellesi gelip gitmeli ýaly birden eşidýän ýaly, birdenem eşidenok. Onsoň ministrlikdäki tanyş ýigitleň birinden Jeren ejäniň ogullarynyň telefon belgisini aldym. Jaň edip kiçi ogly Mergen aga bilen gaýtadan Jeren ejeleň öýünde gürrüňdeş bolduk. Öýüne bardyk welin: — Oglumyň telefon belgisini tapyp bildiňizmi? — diýdi. Menem ministrlikden aldym, Jeren eje. Olar sizi ýatlaýarlar. Salam aýtdylar. Arada sizi ministrimizem sorapdyr — diýip kagyza ýazyp öňünde goýdum. Ýazgyny okap: «Mergen jan, oglum! Bilýäňmi, meni ministrem sorapdyr» diýip, çaganyň eline süýji-köke bereniňde begenişi ýaly şeýle bir begenip gaty sesi bilen ogluna gürrüň berdi. Mergen aga-da: «Bolýa-bolýa, eje» diýip baş atyp ejesiniň bolşuna haýran galdy.

Gürrüňdeşligimiziň başynda ilki bilen Mergen agadan ejesiniň arhiw suratlaryny soradym. Ol: «Özi bir ýerlerde ýygnandyr-da, surat goýulýan ýerden-ä hiç suratyny tapmadyk. Bolmasa ýadyna düşen wagty tapsak jaň edäýerin» diýdi. Onsoň gürrüňdeşligimizi dowam etdik. Ol: — Häzirki Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň rus filologiýasy fakultetini gutardym. Kiçiligimizden teatrda önüp ösdük. Has kiçi wagtlarymyz ejem gastrola gidende agam Batyr ikimizi mamam alyp galýardy. Soň biraz ulalamyzsoň bizem ejemiziň ýany bilen gastrola bile giderdik. Okuwçy wagtlarymyz agam Batyr ikimiz sahna oýunlardaky oglan keşplerde oýnaýardyk. Dramaturg Muhammetnur Gurbangylyjowyň eserine sahnalaşdyrylan «Çalaran başlar» sahna oýnunda oýnanym ýadymda. Fahriýa daýza bilenem bir oýunda bile oýnapdyk. Ejem kino ses bermäge gidende-de köplenç ýanyndadyk. Ýer yranmasynyň wakasyndan gürrüň berýän  özbek filminde menem çagalara ses beripdim. Nähili beýik-beýik artistleri gördük. Olar hakyndaky ýatlamalar hiç ýadymyzdan çykanok. «Bökelek» satiriki radio žurnaly arkaly «Temen daýza» diýlip tanalan artist Nurbibi Gutlyýewanyň adamsy Durdy Magtymow güýçli  artistdi. Okuwymyz gutaransoň, mekdepden çykyp ejemiň işine barsak Durdy aga eliniň ilki iki barmagyny ýokaryk galdyrardy. Bizem «ýok» diýen äheňde başymyzy ýaýkardyk. Onsoň ol üç barmagyny galdyrardy. Biz ýene «ýok» diýip başymyzy ýaýkardyk. Ol ýene dört barmagyny galdyrardy. Biz baş atyp «hawa» diýerdik. Ol biziň mekdepde her gün näçelik baha alanymyzy sessiz elleriniň hereketi bilen soraýardy.

Teatryň awtoulagy bilen Tejene gastrola kän gezek gitdik. Oba adamlary giçlik işden çykansoňlar oýun görkezilerdi. Oýun tamamlanansoň gijäň içinde-de yzyna gaýdardylar. On ýaşlarymdadym. Bir gezek gastroldan gaýdyp gelýärkäk artistleň ählisi ýadaw halda irkilip otyrdylar. «Sürüji uklaýmasyn» diýip, diňe Oraz Arrykow bilen Gündogdy Hakgyýew ikisi oýadylar. Şonda Oraz aga tar çaldy, Gündogdy aga-da deprek kakyp meşhur türk aýdymyny aýtdy. Ähli artist ukudan açylyp ulagyň içi uly şowhun boldy.

Halypa artist Sona Myradowanyň adamsy Atamyrat Bekmyradow gülküli keşpleri oýnamagyň ussadydy. 1967-1968-nji ýyllarda «Seniň yşkyňda» atly oýunda ol Çakan aganyň roluny oýnaýardy. Tomaşaçylar diňe şonuň çykyş edýäni üçinem teatra barardylar. Ol, Baýram Sadykow, Söýün Amangeldiýew dagy dostdular. Bir gün olar üç bolup naharhana barýarlar. Ol: «şu gün-ä jübim boş. Biriňiz maňa derek puluny töläň, soň bererin» diýýär. Soňam ýadyndan çykaryp karzyny bermändir. Onsoň Baýram Sadyk: «Şonda men töledim-ä puluny beriň» diýse Atamyrat aga: «Ertir çitka-da getirip bererin» diýýär. Teatryň üçünji gatynda çitka geçilýärdi. Ertesi çitka başlanda Atamyrat aga 10 manada derek bir düwünçek köpük eltip köpçüligiň öňünde Baýram Sadyga berýär. Ol: «Ýok, how, gerek däl» diýip ör-gökden gelýär. Oturanlar hezil edip gülüşdiler. Artistler bir-birleri bilen şeýdip degişýärdiler.

1967-nji ýylda «Söýgi» romany esasynda sahnalaşdyrylan oýun üçin ejem bilen birlikde alty adama Magtymguly adyndaky halkara baýragy berildi. Şonda öýümizde kiçeňräk oturylyşyk etdiler. Eseriň awtory Aman Kekilow ejeme:

— Indi sen Oguljeren däl, Ogulnabatsyň. Men saňa Ogulnabat diýjek — diýip gutlag aýtdy.

Ejem biziň bilen kän bir gürrüň edip oturmazdy. Aşhanada nahar bişirende-de rollarynyň sözlerini gaýtalap öz başyna gürlärdi. O mahallar teatrda her ýyl alty sany spektakl sahnalaşdyryp tabşyrylardy. Artistler şeýlebir işlärdiler. Ejem ilki 1958-1961-nji ýyllarda Mollanepes teatryň ýanyndaky teatr studiýany gutardy. Soňra häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň gaýybana bölüminde kitaphanaçylyk hünärinden okady. Ejemiň hemişe iň ýakyn syrdaşy, dosty kitap boldy.

Babam ir ýogalýar. Bir gün mamam iki çagasy bilen ýol ugrunda duralgada aglap otyrka bir adam sataşýar. Ol: — Näme üçin aglaýaňyz? — diýip soraýar. Mamam: «Bu çagalary nädip eklärkäm?» diýip ýagdaýyny aýdýar.

— Siz nahar bişipmekden gowy baş çykarýaňyzmy? — diýip ol adam mamamdan soraýar.

— Hawa.

— Onda ertir çagalar öýüne baryň, sizi şo ýere aşpez edip işe alýan — diýýär. Ol adam çagalar öýüniň direktory eken. Şeýlelik bilen ejemem, Nabat daýzamam çagalar öýünde terbiýelenýär. Ejem ilki fortepiano, daýzam skripka hünärinden okaýar. Soň ýer yranmada çagalar öýi Baku şäherine göçürilýär. Mamam dagy ol ýere gitmän galýarlar.

Ejem kärdeşleri Oguldurdy Mämmetgulyýewa, Fahriýa Alyýewa, Ýelizaweta (Liza) Garaýewa dagy bilen şeýle gowy gatnaşýardylar. Liza daýzam ýogalanda ejemiň aglaýşyny görsediňiz, hiç wagtam beýle aglanyny görmändim. Bir-birlerine hormatlary uludy. Olaryň terbiýe mekdebi başgady. Bir gezek şeýle waka boldy. Dramaturg Bazar Amanowyň «Mollanepes» oýnunda Oraz Hajymyrat  Mollanepesiň, ejemem Bossantäjiň rolunda oýnaýardy. Oraz Hajymyrat ýalňyşmasam 1966-njy ýylda režissýorlyk kursunda okamak üçin Moskwa gitdi. Onsoň onuň ýerine başga bir artiste Mollanepesiň roly ynanyldy. Ejemem birbada onuň bilen partnýor bolmagy kyn gördi. «Bossantäjiň rolunda-da başga artist oýnaýsyn» diýdi. Bazar aga: «Näme üçin?» diýip sorady. — Aý, sahnadaky söýgi pursady owadan bolar ýaly boýumyz deň däl — diýdi. Şonda Bazar aga ejeme: «Ertir öýümden byçgy getirjek, biraz aýagyňdan gysgaldaýarys» diýdi. Ejem şeýle talapkär, beýik ussatlar bilen işledi. Olar şägirtlerine gör, nähili düşündirýärler.

«Halypa artist Bazar Amanow bir gün işe gelýärkä, taýyp ýykylyp, iki gapyrgasyny döwdüripdir. Döwlen gapyrganyň süňki bagra çümüpdir. Emma oýun tamamlanýança, şony bildirmän alyp çykmagy başarýar. Ynha, şeýle sungata berlen beýik halypalaryň köpüsini gördük. Olar adaty adamlar däldi. Jany-teni bilen sungata berlendi. Halypalardan kän gowy zatlar öwrendim. Suraý, Sona Myradowalar, Täçbibi Gapurowa dagy grim edilýän döwründe-de düşünmeýän zadyňy sorap bilseň, jogap bermäge, öwretmäge ýaltanmazdylar. Nirede nähili hereket etmeli, haýsy sözi nähili aýtmaly, hem aýdyp hem hereket bilen öwrederdiler. Olardan soň gaýtalamaga çekinerdik. Kä wagt aýdyşlary ýaly gaýtalap oňarmasak, arkamyza-da düňküldederdiler. Indi pikir edip görýäň welin, şol biziň kämilligimize zerur eken. Olar bize edil öz çagalary ýaly garaýardylar. Filme ses bereniňde ýöne aýdyp geçseň bolanok. Şeýle ýagdaýda halypalar sypaýyçylyk bilen: «Aý, onyň-a bolanok, hany, ýene bir gezek gaýtala. Diňläp göreli» diýip gaýtaladardylar. Bir gezek dagy Han aga «Şu ýerde orsça gülüpsiň» diýdi. Men şonda Han aga, ol gülenog-a, ýylgyrýar-a» diýdim. Ol bolsa, «Onda orsça ýylgyrypsyň» diýdi. Umuman, sungatyň her biri biri-biri bilen baglanyşykly. Hemmesi üçin azap etmeli. Azabyndan gaçmasaň ýerine düşýär» — diýip ejem çykyşlarynda gürrüň berýärdi. Ýene bir zat ejem: «Sungat durmuşymyň manysy» diýýär — diýip, Mergen aga kän zatlary ýatlady. Ondan Oguljeren ejäniň döwlet sylaglary hakynda soradyk. — «Gaýrat» medaly, «Galkynyş», «Gurbansoltan eje» ordenleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, başga-da döwlet sylaglary kän — diýdi.

Oguljeren eje ömrüni sungata bagyşlap şeýle sylaglaryň eýesi boldy. Jeren ejäniň öýüniň diwarynda asylgy duran suratynda ünsüm eglendi. Onuň şol suraty bilen bezelip metbugat sahypalarynda döredijiligi hakynda ýazylan makalalar hakydamda aýlandy. Ol ýazylmaga-da ýatlanmaga-da mynasyp işler bitiren halypa. «Ýönekeý gyz», «Arşyň pynhan hikmeti» filmlerde, «Synmaz erk», «Gala», «Bir görlen tanyş» sahna oýunlarynda ene keşplerini, «Oguz oýnunda» Burla hatynyň keşbini, «Nesil daragty» oýnunda Artyk baýyň ejesiniň roly, «Söýüň gara gözlerim» oýnunda baş gahrymanyň ejesiniň keşbini janlandyrdy.

«Äkitdiň ogullaň seresin saýlap,

Gözümden döküldi ýaşlarym paýrap.

Ýa-da:

Neýläli bu pelek eňreder boldy,

Gurban bolmaklyga emr eder boldy… Bu setirleri ýatlanyňda Oguljeren ejäniň on iki süňňüňi yzarlap barýan duýguly sesi, öz merdemsi aýdyş heňi gulagyňda biygtyýar ýaňlanyberýär. Ol Watanyň ykbaly, erkinlik ugrunda şehit bolan gerçekleriň agysyna ýürek goşýan şeýle mukaddes sözleriň içinde ýaşap ene keşplerini döretdi. Şeýle keşpleriň birnäçesini ol kinoda-da döretdi. «Watan ogly» filminde Aşyr janyň ejesiniň keşbini döretdi. Käbir filmlerde surata düşýän günlerinde oraza wagty eken. Agzy bekli wagty hem tä şol keşp göwnejaý surata düşürilip bolunýança agzyny açman saklanyp bilipdir. Şu mahal arhiw suratlaryň arasyndan Jeren ejäniň käbir suratlaryny tapdym. Ol mukaddes käbä zyýarata gidip, haj parzyny hem berjaý edipdir. Ol şonda keramatly Käbejanda il-günümiz, ýurdumyz üçin gör nähili doga-dilegler edendir. Halkymyzda «Ýagşy niýet, ýarym döwlet» diýen nakyl bar. Bizem şu makalamyzyň üsti bilen Oguljeren ejä ýene-de uzak ömür, berk jan saglyk, maşgala bitinligini arzuw edýäris. Ojagyňyz abat bolsun, Jeren eje!

 Akgül Saparowa.

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Esger Möwlamow: halypa sazandanyň sarpasy

Ata Watan Eserleri

Ýelizaweta Garaýewa: kino sungatymyzyň «Karkarasy»

Akgül Saparowa: okyjylarym ylham ganatym

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri