SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda möhüm döwür

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagynda gazanylýan üstünlikler oba zähmetkeşlerini täze ösüşlere buýsandyrýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzda bugdaýyň ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, bugdaý meýdanlarynda ak ekinleri goşmaça iýmitlendirmek, olara ösüş suwuny tutmak, şeýle hem keselleriň we zyýankeşleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler utgaşykly dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz boýunça şu güne çenli jemi 129 müň 659 gektar meýdanda gowaça ekişiniň geçirildi. Ekişi bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirmek boýunça zerur işler geçirilýär.

Şeýle hem ilatymyzy özümizde öndürilen ýeralma we gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda 30 müň gektara ýeralma, 10 müň gektara sogan, 1 müň 500 gektara kelem we 3 müň gektara käşir ekildi. Häzirki döwürde bu ekinlere agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede ideg etmek işleri batly depginlerde alnyp barylýar.

Şeýle hem ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan köpçülikleýin bag nahallaryny ekmegiň ýazky möwsüminde jemi 1 million 658 müň 915 düýp bag nahallary oturdyldy. Şol bir wagtyň özünde olara ideg etmek işleri guramaçylykly dowam edýär.

Ýurdumyzda ýüpekçiligi ösdürmek boýunça döredilen mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, şu ýyl jemi 2 müň 300 tonna pile öndürmegiň meýilleşdirilýär.

Häzir ýurdumyzyň welaýatlarynda ýüpek gurçugynyň tohumlaryny taýýarlamak hem-de pile öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Piläniň döwlet satyn alyş nyrhynyň ýokarlanmagy bilen, ildeşlerimiziň arasynda ýüpek gurçugyny idetmäge höwes has-da artdy. Şonuň üçin ýörite hünärmenleriň maslahaty bilen bu işde baý tejribesi bolan ýüpekçiler bilen degişli şertnamalar baglaşylýar. Olar tut agaçlary bilen üpjün edilýär. Ýokary hilli piläniň öndürilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Enegül Mämmedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.

 

 

05-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika