BIZNES

Nýu-Ýork Konwensiýasy : Halkara Arbitraž

Ýakynda daşary ýurt göni maýa goýumlaryň ýurduň çägine çekilmegi ulgamynda örän möhüm kabul edilýän Konwensiýalaryň iň esasylarynyň biri bolan «Daşary ýurt arbitražynyň çözgüdini ykrar etmek we ýerine ýetirmek hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Kanun kabul edildi.

Şol sebäpli biz Size Dr.Döwran Orazgylyjowyň 2008-nji ýylyň Fewral aýynyň 2-sine Türkmen metbugatynda neşir edilen makalasyny ýetirýäris. Bu makalanyň neşir edilen wagtyndan bäri 14 ýyldan gowrak wagt geçen hem bolsa öz “täzeligini” goraýar.

Daşary ýurt göni maýa goýumyny höweslendirmekde arbitražyň täsiriniň uludygy bellidir. Şol sebapli daşary ýurt göni maýa goýumlaryndan netijeli peýdalanmak, şeýle hem daşary ykdysady gatnaşyklaryna işjeň goşulmak isleýän döwletler halkara arbitražy baradaky kanunçylygy kabul edýär. Emma daşary ýurt arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegi we ýerine ýetirilmegi baradaky aýratynlyklar halkara ülňülerine laýyk düzgünleşdirilmezden, bir ýurduň halkara arbitraž ulgamyna talabalaýyk diýip bolmaýar. Daşary ýurt arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegine ýa-da ýerine ýetirilmegine degişli aýratynlyklar ýa halkara hususy hukuk baradaky kanunda, ýa-da halkara arbitražy baradaky ýörite kanunda düzgünleşdirilýär. Şeýle hem ösen we ösüp barýan döwletler şol baradaky ýörite iki taraply ýa-da köp taraply halkara ylalaşyklaryna gol çekýärler. Sebäbi halkara arbitražy barada aýratyn kanun kabul etseň hem halkara arbitražynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi çäkli bolup bilýär. Şu ýerde mysal getirmek has ýerlikli bolsa gerek. Eger bir döwlet daşary ýurtda berlen arbitraž çözgütleriniň ýerine ýetirilmeginiň şerttlerini halkara ylalaşygyna tarapdar bolmazdan, diňe milli kanun bilen düzgünleşdirmek islese, bu milli kanuna laýyklykda, şol döwlet daşary ýurtda berlen arbitraž çözgütlerini ýerine ýetirmage borçlanýar. Emma şol döwletiň arbitraž çözgütleri bolsa, daşary ýurtlaryň her birinde ýerine ýetirilmäge degişli bolman biler. Sebäbi daşary ýurtlaryň aglabasy arbitraž çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi baradaky meseläni, esasan, halkara konwensiýalaryna laýyklykda çözýärler. Şeýlelikde, milli kanuna laýyklykda, bir döwletiň arbitraž çözgüdini ýerine ýetiren tarapyň öz arbitraž çözgüdi başga bir döwlet tarapyndan onuň halkara konwensiýalara tarapdar bolandygy sebäpli, ýerine ýetirilmezden ýüz öwrülip bilner. Görşümiz ýaly, halkara arbitražy baradaky kanun kabul edilen wagtynda bu baradaky halkara konwensiýalaryna hem tarapdar bolmak wajypdyr, peýdalydyr.

Bir zady bellemek gerek, hakykat ýüzünde halkara hukugynyň we täjirçiligiň talaplaryna laýyk iş alyp barýan tarap jedelde üstün çykýar.Ýa-da, aýdylyşy ýaly, jedelde kimiňki dogry bolsa, şol ýeniş gazanýar. Agzalaan talaplara laýyk hereket etmek bilen, jedelde üstün çykjak tarap daşary ýurtly işewür ýa potratçy-da, ýerli tarap hem bolup biler.Iş tejribesinde daşary ýurtly maýadar ýa-da potrarçy bolup çykyş edýän köpmilletli şereketleriň halkara hukugynyň we taraplarynyň arasyndaky şertnamanyň kadalaryny bozýan halatlary köp duş gelýär. Ine şeýle ýagdaýda maýa goýlan ýa-da iş alyp bartylýan döwlet daşary ýurt şereketiniň kanuna laýyk bolmadyk hereketlerinden  ötri abraýly halkara arbitraž merkezine ýüz tutan ýagdaýynda arbitraž jedelinde üstün çykjagy ikuçsuzdyr. Emma jogap beriji (bergidar) arbitraž çözgüdini hemişe meýletin ýerine ýetirmeýär. Şeýle ýagdaýda halkara arbitraž çözgüdiniň bergidaryň emläginiň ýerleşýän ýurdunda ýerine ýetirilmegini gazanmak wajypdyr. Munuň üçin bolsa, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, bergidaryň emlägi ýerleşýän ýurt bilen jedelde üstün çykan tarapyň döwletiniň arasynda halkara arbitraž çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi barada iki taraply ýa-da köp taraply ylalaşyk bolmalydyr. Bu barada birnäçe konwensiýa bar. Döwletleriň we Beýleki ýurtlaryň Raýatlarynyň arasyndaky Maýa goýum Jedellerini kadalaşdyrmak baradaky 1965 seneli Waşington konwensiýasy hem şolaryň biri. Waşington Konwensiýasynyň ähmiýeti uly bolsa-da, oňa ýüz tutmak üçin bir tarap hökman döwlet, beýleki tarap bolsa, Konwensiýa tarapdar başga bir döwletiň fiziki ýa-da ýuridiki şahsy bolmalydyr. Şeýle hem bu Konwensiýa diňe maýa goýum baradaky (haýsy jedelleriň maýa goýum jedeldigi bolsa “jedelli” meseledir) jedelleri kadalaşdyrýar. Şol sebäpli halkara söwdasy we potratçylyk baradaky jedellerde Waşington Konwensiýasyna ýüzlenip bolmaýar. GDA döwletleriniň arasyndaky hojalyk işlerini amala aşyrmak bilen bagly jedelleri çözmek barada 1992-nji ýylyň kiýew Ylalaşygy bolsa, diňe 10-12 döwletiň arasynda bolanlygy üçin ulanylyş giňişligi örän çäklidir. Şol sebäpli tas hemme döwlet tarapyndan tassyklanan, şeýle hem maýa goýum, söwda, potratçylyk, energetika ýaly, tajirçilik ulgamyna degişli bütin jedeller baradaky arbitraž çözgütleriniň kanunalaýyk ýerine ýetirilmegine  mümkinçilik berýän Nýu-Ýork Konwensiýasyna tarapdar bolmak wajypdyr, bu ýerdäki wajyplyk diňe bir daşary ýurt maýa goýumyny höweslendirmek üçin bolman, eýsem milli bähbitleri goramagy hem üns merkezine alýar.

  Şu wagta çenli (bellik bu makala 2008-nji ýylda ýazyldy) 142 döwlet tarapyndan tassyklanan Daşary Ýurt Arbitraž çözgütleriniň ykrar edilmegi we Ýerine Ýetirilmegi baradaky 1958 seneli Nýu-Ýork konwensiýasynyň esaslary nämeka? Nýu-Ýork konwensiýasyna görä, daşary ýurtda berlen arbitarž çözgütleri gönüden-goni ýerine ýetirilmäge degişli däldir. Sebäbi bu resminamalaryň berjaý edilmegi milli kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar. Konwensiýanyň V-2 maddasynda bellenişine görä, ýerine ýetirilmegi islenen döwletler, milli hukugyna görä, arbitražyň garamagyna degişli bolmadyk işler (mysal üçin, maşgala hukugyna we zähmet hukugyna degişli jedeller, umuman, arbitraž usuly bilen çözülmäge degişli däldir) arbitraž usuly bilen çözülen bolsa,onda milli kazyýet bu arbitraž çözgüdiniň ýerine ýetirilmegine ýol bermez.

 Şeýle hem arbitražyň çözgüdi ýerine ýetirilmegi islenen döwletiň milli bähbitlerine laýyk gelmeýän halatlarynda, milli kazyýetler arbitražyň çözgüdiniň ýerine ýetirilmeginiň öňüni alýar. Bu iki ýagdaýda, milli kazyýet arbitražyň çözgüdiniň talabalaýyklygyny gönüden-göni seljerýär. Konwensiýanyň V-1 maddasynda bellenişine görä, milli kazyýet, eger şol maddada bellenen ýörelgeler (mysal üçin, arbitraž jedelleri arbitraž usuly bilen çözmek baradaky şertnama kanunalaýyk däl bolsa ýa-da iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy) kazyýetinde ýeterlik derejede nazara alynmadyk bolsa, jogap berijiniň talaby bilen, arbitražyň çözgüdiniň öz döwletinde ýerine ýetirilmegine ýol bermez. Görşümiz ýaly, Nýu-ýork konwensiýasy milli bähbitler we halkara hukugynyň kadalaryna laýyk gelmeýän arbitraž çözgütleriniň ýerine ýetirilmegiň öňüni almak bilen, iki tarapyň bähbidini-de nazara alýar. Şondan ötri daşary ýurt maýa goýumyny höweslendirmek, şeýle hem daşary ykdysady gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmak isleýän ýurtlaryň halkara tajirçilik arbitražy baradaky kanuny kabul eden ýagdaýynda, bu kanun bilen bilelikde, Nýu –Ýork Konwensiýasyny hem tassyklamagyň zerurlygyna ünsi çekmek isleýäris.  

Türkmenistan möhüm Konwensiýa goşulýar: Halkara arbitraž

 

Turkmenistan : International Arbitration (1958 New York Convention)

 

Türkmenistan New York (1958) Tahkim Sözleşmesine ve Viyana Satım Sözleşmesine (1980) taraf oluyor

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy