DÜNÝÄ

Nýu-Ýork awto sergisi ýatyryldy

Aslynda her ýylyň aprel aýynda geçirilýän New Ýork awto sergisi 1 ýyl yza süýşürildi. 1 milliondan gowrak tomaşaçy gatnaşýan Nýu-Ýork awto sergisi COVID-19 pandemiýasy sebäpli wagtlaýynça togtadyldy. Bu awto sergi 2021-nji ýylyň ýazynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bulardan başga-da “Mercedes-Benz”, “Audi” we BMW ýaly ösen awtoulag kompaniýalaryň sergileri hem togtadyldy. Häzirki wagtda bu awto sergileriniň anyk senesi belli däl. Emma muňa garamazdan awtoulag muşdaklary üçin, sergileri onlaýn arkaly alyp barmagy meýilleşdirilýär.

Käbir awtomobil öndürýän kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň aýtmaklaryna görä, üstünde işlenilýän täze awtoulaglaryň hem häzir doly önümçilik işi tamamlanmadyk. Şonuň üçin awto serginiň wagty birnäçe aý yza süýşürilmegine garaşylýar.

Related posts

Türkmenistan halkara abraýly wezipä saýlandy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň habar beriş we kommunikasiýa ugrunyň mümkinçiliklerine seredildi

Türkmenistan bilen Belarus medeni hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Ata Watan Eserleri