ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Nurmuhammet Meredow :«Aýdymlarym bilen ýaşaryn»

Arada internetden aýdymçy Nurmuhammet Meredow hakynda taýýarlanan gepleşigi gördüm. Onuň bile işleşen hem ýakyndan tanaýan tanyşlarynyň köpüsi çykyş etdiler. Nury neressäni ýatlap, tirsegne galdyrdylar. Yzynda galan hossarlaryny begendirdiler.

Gepleşik diýseň oýlandyrdy. Dünýeden ir giden bir topar sungat wekillerimiziň keşbi göz öňüme geldi. Atabaý Çarygulyýew, Çary Hekimow, Bally Hajyýew, Togrulbeg Artykow, Ata, Döwran Täçmämmedowlar… Olar sanardan juda kän. Nurmuhammet Meredowam şolaryň biri. Nahili zehinli ýigitlerdi. Meşhur sazanda Mylly Täçmyradowyň dutarda çalyp «Mylly aganyň Humaralasy» diýdiren sazyny  Çary Hekimiň estrada saz guralynda çalşyny diýsene, ýatlaňda owazy gulagyňda ýaňlanyberýär.

Haýsydyr bir aýdymy, sazy  ilkinji bolup ýerine ýetiren aýdymçy ýa-da sazanda ussatlyk bilen halkyň kalbyna girip bilse, ol şol eseriň eýesi bolup galýar. Nurmuhammet Meredowam gysga ömründe köp aýdymyň eýesi boldy. Häzirki günlerde-de teleradioýaýlymlarda, baýramçylyk dabaralarda ýaş zehinler onuň aýdan aýdymlaryny ýerine ýetirýärler. Şol pursat  «Nurmuhammet Meredowyň aýdymy» diýlip, ol hökman ýatlanýar.

Dogrusy, özüm-ä neressäni ýüzbe-ýüz görmedim, ýöne Magtymguly atamyzyň goşgularyndan aýdan aýdymlarynyň kändigini bilýän. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde, 1992-nji ýyldady öýdýän çykyş edip, Aşgabat şäher tapgyrynda ýeňiji bolany ýadymda. «Nesil» gazetiniň 1993-nji ýylda çap bolan sanlarynyň birinde kärdeşim Annamyrat Akyýewiň onuň bilen taýýarlan söhbetdeşligini okapdym. «Mydama aýdym aýdaryn» diýen sözbaşyly şol söhbetdeşlikde onuň leýlisaçyň ýapragyny saklap duran suraty bardy. Makalanyň sözbaşysynda aýdylyşy ýaly Nurmuhammet Meredow hakykatdanam ýaşan ömründe aýdym aýdyp ýaşady. Indi bolsa ol, miras galdyran aýdymlary şägirtleri tarapyndan aýdylyp ýaşap ýör. Onuň aýdan aýdymlaryny ýerine ýetirip şägirtleri  ýurdumyzyň döwlet derejesindäki hormatly atlarynyň eýesi boldular. Käte kärdeşler bolup özara gürrüňdeşlikde ýol goýan aýdymçylar Nurýagdy Tokgaýew, Saparmyrat Babaýew, Seýitnur Ataýew, Gurban Gummanow başga-da kän aýdymçylary ýatlaýas. Ýaş ýerine ýetirijiler olaryň aýdymlaryny aýtsalar, haýsy biriniň äheňinde aýdýandyklaryny aýyl-saýyl bilip bolýar. Şonda käbirleri: «Nurmuhammet Meredowyň halypasy Türkmenistanyň halk artisti Akmuhammet Saparow» diýýär welin, ikisiniň aýdym aýdyşynda meňzeşlik duýamok. Bu meniň şahsy pikirim. Mümkin ilki ol Akmuhammet aganyň aýdym aýdyş äheňinde aýdyp, soň öz ýoluny tapandyr. Edil häzirki wagtda-ha, Akmuhammet Saparowyň ýolundan onuň öz ogullary Şöhrat bilen Baýramhan Saparowlaryň aýdýanyny bilýän. Halypa aýdymçy Toýguly Jepbarowyň ogly Gulberdi Jepbarowyň kakasynyň aýdymlaryny aýdyşy ýaly,  olaram göçürme nusga-da kakasynyň aýdyşy ýaly gaty meňzeş aýdýarlar. Diňleýji hökmünde bada-bat tanap bolýar. Ynha, şu babatda pikir öwrüp, Nurmuhammet Meredow hakynda ýazylan söhbetdeşligi gaýtadan okadym. Söhbetdeşlikde ýazylyşyna görä, Nurmuhammet Meredow kiçiliginden Akmuhammet Saparowyň aýdymlaryny gowy görýär. Onuň toýlarda aýdym aýdýanyny bilse, toý gutarýança şol ýerde diňläp oturýan eken. Ol 1990-njy ýylda orta mekdebi tamamlap ilkinji gezek «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine gatnaşmak üçin halypa aýdymçy Akmuhammet Saparowyň ses ýazgy edýän «AS» studiýasyna barýar. Onuň bilen duşuşýar. Soň olaryň halypa-şägirtlik gatnaşykda bolandyklaryna Akmuhammet Saparowyň Nurmuhammet Meredow hakynda: «Örän zehinli ýigit, zehinli aýdymçy. Ol özboluşly owazy, ýiti zehini, asyllylygy bile aýdymçylarymyzdan görnetin tapawutlanýar» diýip beren bahasyndan göz ýetirmek kyn däl. Ýene bir maglumat şol söhbetdeşlikde Nurmuhammet Meredow öz deň-duşlary bilen «Saýa» atly aýdym-saz toparyny düzüpdir.

Makalany okap otyrkam öýmüze oglumyň kärdeşi Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň ýokary derejeli artisti Tahyr Mämmedow geldi. Ol gapydan gireninden Tahyr jan, geleniň gowy boldy. Senem sungat işgäri. Aýdymçy Nurmuhammet Meredow hakynda bilýän zadyň barmy? — diýdim.

— Hawa. Nurmuhammet Meredow halkyň söýgüsini gazanyp giden aýdymçy. Onuň aýdymlaryny ýaşlar hasam gowy görýär. Neresse ýogalanda mekdep okuwçylarynyň aglap duranlary häzirem göz öňümde. Menem onuň aýdymlaryny diýseň gowy görüp diňleýärdim. Toýda çykyş edýändigini eşitsem şol toýa barýardym. «Alla jan, ýeňiljek toýlaň biri bolsun»  diýip  çykyşa başlardy. Ol ýurdumyzyň döwlet sirkinde çykyş edende, günüň dowamynda üç gaýta konsert berse-de tomaşa zalynyň mähellesi ýetik bolýardy.

Bir gezek toýda Türkmenistanyň halk artisti Atabaý Çarygulyýew oňa: «Nury jan, seniň «Anora» aýdymyňy gowy gördüm. Aýtsam bolýarmy?» diýip soraýar. Nurmuhammet Meredow: «Seniň öz ýoluň, meniňem öz ýolum bar. Bir aýdym iki ýoldanam aýdylsa gowy dälmi, halypa?» diýýär. Şonda Atabaý bagşynyň: «Mähriban adamlar, häzir men öz ýolumdan Nury janyň «Anora» aýdymyny başardygymdan aýtjak» diýip çykyş eden ýazgysyny diňläpdim. Ýalňyşmasam 2000-nji ýylyň arhiw ýazgysy bolmaly. Ikisiniňem jaýy jennet bolsun. Bir-birlerine uly hormat goýýan aýdymçylardy. Nurmuhammet Meredowyň «Gurbanlyk» atly ýörgünli bolan aýdymy bardy. Onuň aýdymlaryny doganlyk halklaryň aýdymçylaram häzirki günlerde-de aýdýarlar. Şu wagtam ýatlap durkam onuň:

Sulhum alyp, göwnüm gitdi gyza,

Söýýän diýip, çökýärin men dyza,

Gunça, sen gözeliň zary men… — diýip aýdan «Gunça» atly aýdymy gulagymda ýaňlanyp dur. Onuň özboluşly aýdym aýdyş ýoly bar — diýip gürrüň berdi.

Gürrüňdeşlikden soňra biraz dynç almak üçin teleýaýlymyň öňüne geçdim.  «Miras» teleýaýlymynda gowy görüp diňleýän bagşym Rejep Ulugowyň «Ak maýa gerek» aýdymynyň arhiw ýazgysy ýaňlanyp dur. Bagşynyň bir gürrüňi ýadyma düşdi. Ol Türkmenistanyň halk artisti Kerim Gurbanalyýewe gürrüň beripdir. «Oglumy öýerdim. Toýdan soň gelnimiz: «Kakaňa uly bagşy» diýýärler welin, näme üçin teleýaýlymda göremizok» diýip oglumdan sorapdyr. Kerim jan, «Köne güzer» konsertde öten-geçen halypalaryň arhiw ýazgysy berilýär. Ýene bir teleýaýlymda  ýaşlaň aýdymy berilýär. Ikimiz täze güzerde-de, ýok, köne güzerde-de. Biz haýsy güzere degişli?» diýipdir. Bolsa-da, indi  Rejep neressäniň aýdymlary teleradioýaýlymlarda-da, internet gepleşiklerde-de diňleýjilere ýetirilip dur — diýip içimi gepletdim-de, Kerim Gurbanalyýewe jaň aýladym. Onuň Nurmuhammet Meredow hakynda aýdan ýatlamalaryny ýazyp aldym. Ol:

— Nurmuhammet Meredow bilen sekiz ýaş tapawudymyz bar. Aslynda onuň bilen biz garyndaş, ýöne men onuň o mahallar aýdym aýdýanyny bilemokdym. Bir gün toýda aýdym aýdyp durkam bir kiçijek  oglan gelip:

— Daýy, salowmaleýkim — diýip elini uzatdy. Waleýkim, essalam — diýip elleşip görüşdik. Ol:

— Menem birje aýdym aýdaýaýyn-da?! — diýdi. Ýanymda uly-uly halypalar Sabir Ryzaýew, Hakberdi Allamyradow, Gurban Gurbanow dagy sazandarlyk edýärdi. Olardan maslahat soraman «bolýa» diýsemem gelşiksiz. Onda-da özelenip haýyş edip duransoň dözmän:

— Sen kimiň ogly, şu töwerekde ýaşaýaňmy? — diýdim. Özüni tanyşdyrdy. Bossan çykanyň oglumy? — diýdim.

— Hawa, daýy — diýip baş atdy. Şol pursat öz çagalygym göz öňüme geldi. Türkmenistanyň halk artisti Annaberdi Atdanowyň ogly Orazberdi neresse bilen klasdaşdyk hem dostduk. Annaberdi halypanyň aýdymlaryny aýdyp günde, günaşa öýlerindedim. Menem on iki  ýaşymda halypam Annaberdi Atdanowyň ýanyna baryp: «Halypa, menem şu toýda ýekeje aýdym aýdaýaýyn-da!» diýipdim. Annaberdi halypa: — Ezýetli ýola baş goşýaň, inim! Men-ä lezzetini görmedim, saňa bir görmek miýesser etsin-dä — diýip, teleşka çykaryp ilkinji gezek toýda aýdym aýtdyrypdy. Dört-bäş aýdym aýtdym. Häzirem ýadymda. Toý ýeri ussat bagşy Dörtguly Durdyýewleň goňşuragydy. Dörtguly aga gelip:

— Annaberdi jan, bu öz ogluňmy? — diýip sorady. Ýaş sesim bilen «Azerbaýjan» halk  aýdymy aýdamda, Dörtguly aga: «Häzir şu oglan Azerbaýjan sözüniň nämediginem bilýän däldir, ýöne gowuja sesi bar. Munuň sesini goramasak ertir bize ýene-de bagşy gerekdir — diýipdi. Şol pursat hakydama gelip menem: «Şu oglana birje aýdym aýtdyraýaly?» diýip, sazandalarymdan haýyş etdim. «Bolýa» diýip sazandarlyk etdiler. Ýaş bolsa-da, aljyraman,  sazandalar bilen desdeň ses goşup aýdym aýtdy. Onuň aýdym aýdyşyna sazandalaň göwünleri ýetdi. «Başga aýdym bilýäňmi?» diýdiler. «Hawa» diýip dört-bäş aýdym aýtdy. Toýuň märekesem kabul etdi. Şeýdip Nury jana ilkinji gezek toýda çykyş etmäge ýol açdyk. Soň onuň aýdymlarynyň sany köpeldi. Häzir onuň 48 albomy, 2000 töweregi aýdym ýazgysy bar.

Ýene bir waka ýadymda. 1997-nji ýylyň 21-nji martynda Gazagystanyň Aktau şäherine konsert bermäge barypdyk. Şol ýerde «Nowruz» baýramy geçirilýärdi. Gumuň gyr çölünde Nurmuhammet Meredowyň aýdym sesi eşidildi. Ýaş oglanlaň biri ulagyndaky magnitafonda diňleýändir öýtdüm. Görsem baýramçylyk toý dabarasynda uly-uly ses gataldyjy enjamlarda Nury neressäň aýdymlary aýtdyrylýan eken. Öz ýanymdan: «Bu oglan serhetden geçipdir-ow. Ine, türkmeniň Maýkl Jeksoni» diýenimi duýmandyryn.

Nury jan sazandasy Arslan, Baýram Tagan, Wadim Iwanowiç Golubew dagy bilen «Poliks» studiýada bile işledi. Wadim häzir orsýetde ýaşaýar. Ol: «Agşam Nurynyň on iki  aýdymyny ýazgy etsek, ertesi eýýäm diňleýjileň elindedi» diýip geň galyp gürrüň bererdi.

Nury janyň adamkärçiligi juda gowudy. Adamlaň ýagdaýyna düşünýärdi. Bir toýda iki bolup aýdym aýdypdyk. Gündiz Nury, gije men aýtdym. Bir garry ene öýmüze geldi. «Oglumy öýerjek bolýan, harajadym pes. Oglumam: «öz diýen bagşymyz toýumyzda aýtsa-ha, gapy toýa razy, ýogsa-da toý mekanynda toý et!» diýip ýagdaýyma düşünenok. Balam, gaýrat et-de möhümimi bitir! Ynha, şujagaz sowgadymam al» diýip, bir gap towuk etini getiripdir. El ýaglyga dolangyja biraz puljagaz çykaryp öňümde goýdy. Depderime seredeýin, ene jan. Toý sähediňizde boş bolsam zadyň gerek däl. Alyp git bu sowgadyňyzy, çagalaryňyz iýsin. Puljagazyňyza-da toýa egin-eşik alyp tikinersiňiz, ýygnaýyň» diýdim. Mazaly olaň toý sähedinde boş günüm eken. Şeýdip şol toýy Nury jan bilen sowduk. Sazandalaram çaga ekleýärler. Olaň puluny özümiz iki bolup töläpdik — diýip ýatlady-da: «Ömri gysga eken neressäň. Nury jan ýogalanda teleşkadan ýykylýar. Teleşkaň bir gapdaly gowy berkidilmän eken. Jesedine ýuwga girenler aýtdy, ýeňsesinde çiş bar eken. Demre dagy gatyrak degendir-dä…» diýip sözüni jemledi.

Onuň gürrüňlerinden soň, kärdeşim Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň internetdäki gepleşikde: «Nurmuhammet Meredow aýdym aýdanda çekimsiz seslerem çekip, özboluşly owazlandyryp bilýärdi. Ol «Taňry ýalkasyn!» diýen söze gadyr goýýardy. Bäş manady bolsa, dört manadyny dost-ýarlaryna paýlap, özi bir manat bilen oňup bilýän jomart ýigitdi» diýen ýaly öwgüli sözler bilen  çykyş edeni hakydama geldi. Onsoň: «Gepleşikdäki çykyşlary gaýtalamajak bolup, Nurmuhammet Meredow hakynda başardygymdan bir zatlar ýazjak bolýan. Öýlerini salgy beräýseňiz — diýip Mämmetgurbana jaň etdim. Ol:

— Öýleri paýtagtymyzda. Köşi obasynda ýerleşýän keselhananyň töweregine baryp sorasaň salgy bererler — diýip ugrukdyrdy. Şol ýere golaýlap ýolugra awtobusdan düşdüm. Köçäniň ugrundan 14-15 ýaşlaryndaky okuwçy gyz mekdep eşiginde ýöräp barýardy. Pikirini bilmek üçin ondan:

— Jigim, şu töwerekde aýdymçy Nurmuhammet Meredowlaň öýleri bolmaly bileňokmy? — diýip soradym.

— Ol aýdymçynyň aýdymlaryny bilýän hemem internetden suratlaryny göremsoň gaýybana tanaýan, ýöne öýlerini bilemok — diýdi. Edil şu wagt onuň haýsy aýdymy ýadyňa düşýär? — diýdim.  «Anora» diýip ýylgyrdy. Sag bollaşyp biraz ýöredim. Köçe süpürip ýören ýaş gelin gabat geldi. Aýdymçynyň öýlerini  ondanam soradym. Ol:

— Bilýän-bilýän —  diýip derrew salgy berdi. Jigim, olar bilen goňşy ýaşaýaňyzmy?

— Ýok, ýöne aýdymçynyň aýdymlaryny telefonumda ýazgy edip diňläp ýöremsoň, işgärlem aýtdy. Öýlerini çak bilen bilýän — diýdi.

Derwezelerini kakanymdan aýdymçynyň ejesi Gurbanjemal eje garşy aldy. Öň internetdäki gepleşikde göremsoň gaýybana tanaýardym. Şeýle bir mähriban, dili bala batyrylan ýaly ene. Ol:

— Iki ogul, üç gyz perzendimiz bardy. Häzir her çagamdan iki-üç sany agtygym bar. Çagalarym maňa «ene» diýip ýüzlenýärler. Howlymyzdaky hol aýry gapyly gurlan jaý Nury janyň iş otagydy. Deň-duş sazandalary bilen aýdym ýazgy ederdiler, türgenleşik geçerdiler. Dostlaram öz ogullarym ýalydy. Köplenç öýmüzde ýatardylar. Olaryň ýapynan ýorganlary şinden dur. Käte otaga giremde, olar haýsydyr bir toýda çykyş edip dolanyp geläýjek ýaly, ýapynan, ýazynan ýorgan-düşeklerine elimi uzadanymy duýman galýan. Uly oglum Meretguly gaýyn atamyň ady dakylandy. Kakyş diýerdik. Ynha,  ikisiniň bileje düşen suraty. Nury janyň öldi habary gelende uly oglum birden duran ýerinde ýykyldy. Şonda onuň duýdansyz gelen ajy habara ýüregi ýarylan bolmaly. Iki balamam alty aýyň içinde enesini agladyp gitdiler. Alla gerekländir-dä. Hudaýdan  nägileligim ýok, ýöne gara bagyr ene-dä men. Ile bildirmän aglaýan. Köp aglasamam düýşüme Nury jan girýär-de: «Ene kän aglama, men suwda ýatyryn» diýýär welin, tisginip oýanyp göz ýaşlarymy süpürýän. Wah, hiç çagalarymam erbet däl, ýöne ogullarym meni diňe ölüp aglatdylar, ýogsa dirikäler olar gaty syladylar. Nury jan iki sany alma eline düşse-de: «Enem iýsin» diýip getirerdi.

Nury janyň aýdym-saz ugrundan okan ýeri ýok, ýöne ýetginjek wagty bir gün işden gelsem howlymyzyň daşynda ýüzüni aşak salyp otyr. Näme, ýaraňokmy, oglum? — diýdim.

— Eje, uklaýan welin, iki sany ýaşuly düýşümde: «Saňa owaz berjek» diýip gulagymdan çekip ýatyranoklar — diýdi. Onsoň Rahym aga diýen ýaşuly goňşymyz bardy. Şoň ýanyna äkitdim. Oglum, ýaňky maňa aýdan düýşüňi Rahym aga-da  bolşy ýaly aýt — diýdim. Gürrüň berdi. Rahym aga diňledi-de:

— Oglum, bikär oglanlaň yzyna düşme-de, diňe aýdym-saza ýykgyn et! — diýip maslahat berdi. Ogly Miraly Hojam Nury jana halypalyk edip aýdym-saz öwredip başlady. Golaýymyzda Aşyr atly medeniýet ugrundan işleýän goňşymyz bardy, şoň ýanyna gatnamagy salgy berdi. Garaz, şeýdip Nury jany il-gün bolup aýdym-saza ugrukdyrdylar.

Nury janyň üç ogly, bir gyzy bar. Didar jan aýdym aýdýar. Uly oglumyň owadan haty bardy. Nury janyň aýdymlarynyň sözlerini «düşnükli bolsun» diýip şoňa ýazdyrardylar. Üç-dört günlükde öýmüze Türkmenistanyň at gazanan artisti Eldar Ahmedow geldi. Gowy oglan eken. Ýene-de uly abraý-derejelere ýetsin. «Ene jan, Nury halypanyň aýdymlaryndan aýtjak bolup täze ýazgy taýýarladym. «Enesinden rugsat soraman  ýeke aýdymynam aýdaýmagyn» diýip, meni siziň ýanyňyza ejem iberdi. Şu sowgatlaram ejem size gowşur — diýdi» diýip dürli-dümen sowgat getirdi. Wah, çagam, maňa hiç zat gerek däl. Oglumy sylap geleniň besdir. Ähli aýdymyny aýdyň, ile-güne ýarasa bolany» diýdim — diýdi-de:

— Balam, Nury jan hakynda uly gyzym Aýjerenem gürrüň berip biler. Ol atelýede işleýär — diýip, telefon belgisini berdi. Onuň bilenem iş ýerinde gürrüňdeş bolduk.

—  Jigim Nurmuhammet bilen aramyz alty ýaş. Nury jan 1973-nji ýylyň 29-njy martynda Aşgabat şäherinde doglan. Paýtagtymyzdaky 20-nji orta mekdepde bilim aldy. Soň Bagyr obasynda başgarak ugurdan uçilişede okady. Çagaka bedräni kakyp, legeni kakyp aýdym aýdardy. 2010-njy ýylyň 6-njy dekabrynda ýogaldy. Nury jan keselhanada ýatyrka yzyndan soramaga gatnaýardym. Bir gezek baramda onuň ýanynda artistler Juma Kowusow bilen Hoja Ýegendurdyýew bar eken. Soramaga barypdyrlar. Nury jan maňa gözi düşenden olara ýüzlenip:

— Honha, meniň kakam gelýär — diýdi. Juma Kowus geň galyp Hoja Hojaýewe ýüzlendi: «Kelläm-kelläm» — diýýär welin, Nuryň hakykatdanam kellesi üýtgäpdir öýdýän. Aýal maşgala kakam diýip dur-a? — diýip ýuwaşlyk bilen gürledi, ýöne onuň sesini Nury jan ýatan ýerinde eşitdi. Ol:

— Kelläm üýtgänok how, men uýama hemişe-de kakam — diýýän. Sebäbi kakam ýarawsyz bolup 48 ýaşynda ýogaldy. Maşgalamyzda ýetim galan bäş çaganyň eklenji  ejem bilen uýam Aýjereniň gerdenine düşdi. Şoň üçin oňa kakam diýýän — diýip düşündirdi. Hakykatdanam ejeme goldaw berjek bolup, jigilerime kakamyň ýoklugyny bildirmejek bolup gije-gündiz tikin işleri bilen meşgullanýardym. Nury jan kiçilikden aýdym aýdardy. Onuň aýdym ýazgylaryny studiýalarda ýazgy etdirmek üçinem çykdaýjy etmelidi. Her gezek aýdymlaryny ýazgy etdirjek bolsa, aýtmaga-da çekinerdi, emma ýagdaýyna düşünýärdim:

— Jigim, alada etme, aýdym aýdyp il-güne ýarasaň, çykdajysynyň bir alajy bolar — diýerdim. Jigimiň täze aýdymlary ýazgy edilse, begenjimden ganatlanyp, haýdap işlärdim. Indiki aýtjak aýdymlarynyň ýazgysyna howlugardym. El telefonumda Sylapberdi atly bir şahyryň Nury jana bagyşlap döreden goşgusyny özüniň okamagynda ýazylan ýazgysy bar — diýip telefonuma göçürip berdi. Ol goşguda:

«Aýdym äleminiň parlak ýyldyzy,

Sowulmaz bossanyň saýrak bilbili,

Adyn tutup wasp etmedik gyzyň ýok…» diýen setirler bar. Menem makalamyň soňunda muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanyp ýüreklerden orun alan, «Sowulmaz bossanyň saýrak bilbili» Nurmuhammet Meredowyň miras galdyran aýdymlarynyň ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilip ýeneki günlerde-de, toý-baýramlarymyzy bezäp durmagyny arzuwlaýan. Sebäbi şägirdi bar halypalar unudylmaýar.

Akgül Saparowa.

 

Ýene-de okaň

Röwşen Hallyýew: ýüreklerde aýdym-sazlaryň galdy

Ata Watan Eserleri

Rejepguly Kerimow: sungatyň hakyky eýesi

Oguldurdy Mämmetgulyýewa :aýdyma meňzeş ýatlamalar

Ata Ilamanow: aýdym–sazly ömür

Ata Watan Eserleri

Myrat Nyýazow: gülki meýdanynyň pälwany

Gurbannazar Ezizow: şahyrdan dörän şahsyýet

Ata Watan Eserleri