Öňräk çörek almak üçin dükana barýardym. Ýoluň ugrunda birmahalky «Tokmak» žurnalynyň bir sahypasy ýatyr eken. Nädip elime alanymam duýmandyryn. Saralyp giden sahypanyň ýüzündäki degişme suratlary synlap barşyma halypa suratkeş Nurmuhammet Berdiýew ýadyma düşdi. Ol barada on-on bäş ýyl mundan öň «Edebiýat we sungat» gazetine makala ýazypdym, ýöne näme üçindir şonda onuň terjimehaly hakynda gyzyklanmandyryn. Onsoň öýe gelip halypa ýazyjy Çary Geldimyradowdan jaň üsti bilen Nurmuhammet aganyň terjimehalyny ýazyp aldym. Ol: — Nakgaş Nurmuhammet Berdiýew 1939-njy ýylyň 24-nji iýulynda Gökdepe etrabynyň birinji Birleşik oba geňeşliginde doglan. Ol 1957-nji ýylda dogduk obasyndaky orta mekdebi tamamlaýar. 1957-1962-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesiniň heýkeltaraşlyk bölüminde okaýar. Ony 1962-nji ýylda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde mugallym edip, işe alyp galýarlar. Ol kän bir iş ýerini üýtgetmändir. Soň «Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnalynda çeperçilik redaktory, «Türkmenistanyň ýadygärlikleri» žurnalynda jogapkär kätip, «Tokmak» žurnalynda çeperçilik redaktory bolup işläpdir. Bary-ýogy 54 ýaşan Nurmuhammet Berdiýew ömrüniň ýigrimi ýyldan gowragyny «Tokmak» žurnalyna bagyş edip, «Tokmagyň» bezeg işlerini kämil derejä ýetiripdir. Ol 1993-nji ýylda aradan çykdy. Nurmuhammet Berdiýew 1964-nji ýylda ozalky soýuzyň Medeniýet ministrliginiň, 1965-nji ýylda Türkmenistan Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Hormat hatlary bilen sylaglanypdyr. Ol Türkmenistanyň Hudožnikler birleşiginiň agzasydy. «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri». Nurmuhammet Berdiýew uçilişşede okap ýören ýyllary «Tokmak» žurnaly bilen aragatnaşyk saklaýar. Nakgaşyň saýlantgy degişme suratlary «Krokodil» (Russiýa), «Çaýan» (Tatarystan), «Kirpi» (Azerbaýjan), «Muştum» (Özbegistan), «Peres» (Ukraina), «Wožik» (Belorussiýa), «Horpuştak» (Täjigistan), «Ara» (Gazagystan)… ýaly žurnallarda dürli ýyllaryň dowamynda neşir edildi. Ol öz suratlary bilen dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilen sergilere gatnaşypdyr. Nurmuhammet Berdiýew türkmen ýazyjylarynyň kitaplarynyň ençemesiniň çeper bezeg işlerini ýerine ýetiripdir. Ol diňe bir ussat nakgaş däl, eýsem, ussat fotosuratçy hökmünde-de özüni tanatdy. Onuň surata düşüren kämil işleri öz ýurdumyzyň metbugatynda-da, Russiýanyň «Žurnalist», «Rabotnisa», «Krestýanka» ýaly žurnallarynda-da çap edildi — diýip, Çary aga ussat suratkeşiň zehinine, adamkärçiligine diýseň uly hormat goýýandygyny aýdyp, onuň dünýeden juda ir gidenine gynanjyny beýan etdi. Özüm-ä Nurmuhammet agany ýüzbe-ýüz görmedim, ýöne ony ýakyndan tanaýan adamlar diňe ýagşylykda ýatlaýarlar. Ol barada bilýänlerini gürrüň bermegini haýyş edip, bir gezek Meret aganyň iş ýerine bardym. Özem degişme suratlaryň ussady bolansoň, suratkeş Meret Gylyjow Nurmuhammet agany gülküli pursatlar bilen ýatlap, «Nurly häzirem aramyzda bar ýaly» diýip ynha, şulary gürrüň berdi.
Ol:
— Türkmende «Ýagşy ýigidiň ady köp bolarmyş» diýen aýtgy bar. «N.B», «Nurly«, «Han aga», «Batmanow» — bularyň ählisi halypa suratkeş, dostumyz Nurmuhammet Berdiýewe degişli. N.B. — onuň goludy. Obadaşlary, dost-ýarlary, işdeş ýoldaşlary, özümem ýüzünden nur ýagyp duransoň, oňa hormat bilen Nurly diýip ýüzlenerdik. Kakasyna Berdi Batman diýerdiler. /Gökdepeli Batmanlardan/.
Metbugat merkeziniň işgärleriniň «Han aga» diýip ýüzlenmekleri hem ýöne ýere däl. Onda salyhatlylyk, paýhaslylyk, geçirimlilik, garaz, ähli gowulyklary özünde jemleýän häsiýet bar. Ol geňeşdardy, halypa maslahatçy dostdy, tirkeşseň ynamdar ýoldaşdy. Ol ýanyňda bolsa, arkaňda dag bar ýalydy. «Han aga» adyna tüýs mynasypdy. Men onuň bilen ilkinji gezek çeperçilik mekdebinde tanşypdym. Şol ýerde mugallym bolup işleýän eken. Nurmuhammet aga diňe bir suratkeş däldi, heýkeltaraşdam. Çeperçilik mekdebinde ýörite ussahanasy bardy. Ussahanada okuwçylara öwretmek üçin heýkeltaraşlaryň görkezme esbaplaryny guýup işlärdi. Ondan daşgary şol ýerde ýene foto gurnagyny-da alyp barardy. Oglanlara surat almagyň tilsimlerini öwredýärdi. Onuň suratçylaryň kitaplarynda suratlary bardy. Ol ussat fotosuratçydy, dil meselesinde ökdedi, obadan gelenlere uly kömek ederdi. Köp ýyl bile işleşmek miýesser etdi. Ol žurnalyň suduryny çyzmaga ökdedi. Neşirýatlaryň köpüsi bilen işleşýärdi. Nurmuhammediň iş stolunyň üstüne, ak kagyz ýazylgydyr. Şol kagyzam, onuň ýanyna gelýänleriň aýdan-diýen sözlerinden, diňlän, eşiden zatlarynyň bellikleri bilen doludyr. Dostlary juda köpdi. Ol geleňsizligi halamazdy. Şeýle bir adamlar bolýar, özüne gaýçy, ýa bir iş üçin gündelik gerek zadydyr, ýöne şony öýünde galdyryp geler-de, «Nurmuhammet aga gaýçy beräý, ýelim beräý» diýen dileg bilen ýüz tutardylar. Iki-üç gezek şeýdip geliberse, sesini çykarman bererdi. Ertesi: «Ine, şu gaýçyny» saňa sowgat edýän ýa ine, düýn özüme bazardan ýelim alamda saňa-da alaýdym» diýip, getirerdi-de utandyrardy. Özem şeýle bir üşüklidi. Dükana baryp galam aljak bolýarys. Satyjy galamy gutusy bilen patyladyp goýsa, şol galamy almazdy. «Jigim, hiç wagt galamy beýdip goýma, güýç görse, içi para-para döwülýär» diýip düşündirerdi. Soňam satyjynyň elinden ýere goýdurman başgasyny alardy.
Maňa: «Gyzylarbatlylar — gaty gepleýär» diýip degerdi. Menem: «Biziň şähermizde, köplenç, güýçli ýel ösýär. Şonuň üçin gaty gürlemeseň ýel alyp gidýär» diýerdim. Nurmuhammet aga juda degişgendi. Islendik zady degişme bilen aýdyp bilýärdi. Bir gün işe gelsem, gaýyş penjeginiň söýulan ýerlerini reňkläp dur. Gapydan girenimden: «Meret, menem ahyr döredijilik bilen meşgullanyp başladym» diýdi. Ol deň-duşlar bilen oturyşmany gowy görerdi. Bir gezek ýanyna uzagrakdan bir gatnaşýan tanşy geljek diýip odur-budur taýynlady. Gökje hyýar dograşdyryp goýdy. Şol wagt başga bir, häli-şindi görlüp ýören ýaş ýigit geldi-de, gapydan girişine: «O-ho, bu zatlary maňa taýynlansyňyz. Lukman maňa «Ter hyýar iýmeli» diýdi» diýip, mejimede dogralyp goýlan hyýarlary iýdi-de çykyp gitdi. Birhili gelşiksiz-dä. Ýaňky ýigit gidensoň, «Meret bizem-ä iliň hyýaryny iýýän aşgazan edinmeli» diýip güldi. Onda gysgançlyk ýokdy. Soňra pul berip, meni ýaňadan bazara ugratdy.
Bir gezegem Nurmuhammet aga köwüş satyn alypdyr. «Meret, şu köwüş nähili? diýip sorady. «Wah, bu köwüş gowy däl, almaly däl ekeniň» diýsem, «Gowy, erbet bolsa men ony almazdym-a» diýip degişjek bolýar. Soňam gutusy bilen ussahanada goýdy, geýmedi. Esli wagt geçdi. Ussahana bir-ä barypdyr. Surat apparat, reňk çotga ýaly aňry-bäri alypdyr. Ýöne ol köwşi almandyr. Nurmuhammet agany gürletjek bolup: «Bäh, bu köwşüňe gowy diýdiň welin, ony almandyrlar-a» diýsem, «Ogram men ýaly samsykdyr-da» diýip degişdi.
Bir gezegem «Kelläm agyrýar» diýip, derman içdim. Az wagt geçdi welin, gözüm görenok. Onsoň ýanymdakylar lukmana jaň etdiler. Lukman gelýänçä, gözüm açyldy. Içen dermanym köne eken. Nurmuhammet aga soň-soňlaram şo wakany ýatlap ýaňsylardy. «Oňky hezil, gaharyňy getirse, sitramon beräýmelidir» diýip ýylgyrardy.
Terjimeçi Annaly Berdiýew onuň gowy görüşýänleriniň biridi. Bir gezek oglanlar bilen saçak başynda otyrdyk. Birdenem Annalyň üsgülewigi tutdy. Şol üsgürip otyr. Oglanlaram üsgülewigi goýaryna garaşyp otyrlar. Ahyry biri Nurmuhammet agany gürletjek bolup: «Nädeli?» diýen äheňde ýüzüne seredenden: «Dur, garaş entek, agam ýa aňryk, ýa-da bärik bolsun» diýdi.
Käwagt Annaly üsgülewikden ýaňa kark urup, iki bükülip diýen ýaly ýöräp, Nurmuhammet aganyň ussahanasyna gelerdi. Nurmuhammet aga: «Meret, çyz hany» diýerdi. Menem mel bilen bellik edýän welin, Annalynyň boýy gapyň tutgujyndan ýokary geçenokdy. Soň ussahanada degşip-gülşüp, gaýtjak wagty ýene bellik ederdim. Annaly «Näme edýäňiz-äý?» diýip sorady. Özüne gürrüň bersek, «Häý garagollar» diýip, hezil edip gülerdi.
Gurbanlykda dograma iýmäge giderdik. Iki-üç öýe baranymyzdan soň Nurmuhammet aga: «Köp iýipdirin. Eglip bilemok. Köwşümiň bagjygyny daňyp berseňiz bäş manat berjek» diýip degşerdi. Nurmuhammet aga bilen geçilen her sagat, her minut toý ýaly, şowhun-şagalaňdy. Onuň tebigaty şeýledi. Ol ýogalandan soň, ussahanasyna girip görmedim, ruhy bar ýalydy. Şeýle bir ysnyşypdyk. Bu ýitgi maňa agyr urgy boldy. Onuň kän bir syrkawlap ýöreninem görmedik. Ömri gysga eken. Nurmuhammet agany tanaýan adam bilen duşuşyp, gürrüň açsaň, birbada onuň bu dünýäde ýoklugy üçin dymar. Soň azajyk wagtdan hökman ýylgyrar. Özi hakda aýdan gürrüňini ýatlar. Gülki meýdanynyň ägirdi Nurmuhammet Berdiýewiň wäşiliginden lezzet alar — diýip, Meret aga Nurmuhammet Berdiýewiň degişmelerinden gürrüň berdi. Ol: «Pökgi diýen mugallymym bardy. Bir gün şoňa salam hat ýazjak bolýan. Kagyza salam diýip ýazdym-da, bir iş bilen ýerimden turdum. Şol ikarada Nurmuhammet aga salamyň yzyna topuň (pökginiň) suratyny çekipdir-de, «Indi yzyny ýazyber» diýip ýerinde otyr. Ine, ýene bir waka. Bir gezek Nurmuhammet aga Bolgariýa gidipdir. Şol ýerde dükana baryp, sabyn satyn aljak bolupdyr. «Orsça sabyn diýýän welin, düşünenoklar. Ahyry sabynyň suratyny çekdim. Sapun diýip düşündirdiler. Wah, öň sabyn diýip, türkmençe aýdan bolsam gowy düşünjekler eken» diýip gürrüň berdi. Bir günem biri: «Nurmuhammet aga häzir ýeriňdemi?» diýip jaň edýär. Olam: «Häzir ýerimde» diýip, soňam: «Ýör, Meret, gideli. Ýogsa, işlemäge goýmaz» diýdi. Aradan bäş-üç gün geçýär-de gabat gelip: «Jaň edemden soň, barsam, ýeriňde ýok ekeniňdä» diýýär welin, «Jaň edeňde, häzir ýerimde diýdim-ä» diýip, jogap tapýardy.
Bir günem Nurmuhammet agalaryň obalaryna ýer depmäge gitdik. Garry öýlerine bardyk welin, öňümize on-on bäş pil okladylar. Oglanlaň biri ýiti pil gözläp, saýlaýar welin, Nurmuhammet aga: «Haýsyny alsaňam özi işlemez» diýýär.
Bir gezek iş ýerimizde fotosuratçylaryň ýygnagy geçjek bolýar. Şonda ilki bir suratçy geldi, oňa «APN» diýdiler. Soň bir suratçy geldi, oňa-da «TASS» diýdiler. Oňa çenli ýene bir suratçy geldi welin Nurmuhammet aga oňa: «Elem-tas» diýdi. Ol suratçyň bolup ýörşem şeýledi.
Bir günem onuň bilen sadaka gitdik. Öý eýesi gaýdanymyzda ýanymyza dograma saldy. Dogramaly iň kiçi torbany maňa berdi, oňa görä ulurak torbany-da Nurmuhammet aga berdiler. Orunbasara has köpräk, başlygymyza ýassyk ýaly torba dograma salyp berdiler welin, Nurmuhammet aga: «Näme, wezipa görä dograma paýlaýaňyz-maý» diýip, sowal berdi.
Bile işleýän bir kärdeş aýal bardy. Ol irden işe gelende, eýýäm ýüzugra bazarlap, ýegşerilip ýüklenip gelýär welin, Nurmuhammet aga: «Büýemä «Ikibaşdan bazarlyk işim bar, işe-de görnäýeýin» diýip gelýär diýip degşerdi.
Başlygymyz aýal maşgalady. Ol inçejik ökjeli köwüş geýerdi. Işe gelende-de eýýäm birinji gatda ýöräp gelýärkä, dürk-dürk edip, aýak sesi bellidi. Onsoň Nurmuhammet aga: «Dürtgüjimiz-ä gelýär, oglanlar. Hany, ýerli-ýeriňize geçiň!» diýip, tükelläp ugrardy — diýip ýatlady.
Nurmuhammet agany ýüzbe-ýüz görmedim, ýöne onuň çeken gülküli degişme suratlaryny «Tokmak» žurnalyndan görýärdim. Şonuň üçin bir gezek onuň bilen bile işleşen žurnalist Ogulsoltan Tagandurdyýewadan ol barada ýatlamalaryny diňläp ýazgy edipdim. Ogulsoltan daýza şonda «Edebiýat we sungat» gazetinde işleýärdi. Ol:
— Nurmuhammet Berdiýew bilen öňki «Tokmak» žurnalynda işleşdik. Žurnalda döredijilik işgärlerinden zenan maşgala ýeke mendim. Şonuň üçin ol maňa: «Tokmagyň» «Akpamygy» diýerdi. Nurmuhammetde, ilki bilen adamy bezeýän iň gowy häsiýet, belent adamkärçilik bardy. Ula uly, kiçä kiçi ýaly garap bilýärdi. Kakasy Berdi Batman sylagly adamdy. Ejesi ir ýogalan. Nurmuhammet çagalar öýünde terbiýelenen. Belki, ejesinden ir jyda düşenligindendir, onuň gelin-gyza sarpasy has uludy. Sypaýçylykly, hiç bir adamyň göwnüne degmek niýeti bilen gürlemezdi. Öz göwnüne degläýende-de, degişme bilen geçirerdi. Gaharyny ýuwdup, ile gowusyny diýip bilýän adamdy. Özem elmydama ýüzünden nur ýagyp dur diýleni, göwnaçykdy. Hudaý tarapyn, ähli işe ukyplydy, berlendi. Eden işini sünnäläp, ýürek bilen ederdi. Öz işi bar bolsa-da, bir ýumuş buýursaň ýok diýmezdi. Iş stolunyň üstünde üýşmek galam, ujy çykarylgy durandyr. «Galamyma uç çykaryp ber» diýseň, ýa-ha stolunda duran galamy uzadar, ýogsa-da: «Bolýa, azajyk wagt ber» diýip, elinde baryny edip, yhlas bilen keşde çekilen ýaly owadanlap, uç çykarardy. Onuň iş otagy bolsun, ussahanasy bolsun, ähli zat ýerbe-ýerdir. Işinde süýrenjeňlik etmezdi. Töweregi hemişe adamlydy. Käýarym işgärler bilen gezelenje giderdik. Iş ýerimizde menden başga maşinistka aýal bardy. Aýal maşgala bolamyzsoň biş-düş, nahary biz ederdik. Nurmuhammet şonda-da el gowşuryp durmazdy. Sogan-käşir dograşmaly bolsun, ot ýakyşmaly bolsun, elinden gelen kömegi gaýgyrmazdy. Onuň tagam duýşy üýtgeşikdi. «Bişiren naharyňy Nurmuhammede iýdiräýseň» diýerdim. «Geliň, oglanlar! Maza kylyp iýeliň!» diýerdi. Nahara, duza hormat goýşy başgady. Adamyň zähmetine düşünýärdi. Nurmuhammet degişgendi, wäşidi. Käwagt baş redaktor gelip: «Siziň gülkiňiz birinji gatdan eşidilýär» diýerdi. Şol gülkiniň bir ýanynda Nurmuhammet bardyr. Adamlar degşip-gülşüp, dynç almak üçin ýörite gelerdiler. Şahandaz, myhmansöýer, göwünleri alaýaz etmek üçin ýaradylan ýalydy. Adamlar Nurmuhammediň adyny diňe gowulykda tutup biler. Ol türkmen ýigidiniň nusga alarlyk häsiýetini özünde jemlänleriň biridi — diýip, ony uly hormat bilen ýatlapdy. (Pahyrlaň ikisiniňem jaýy jennet bolsun!) Bu dünýede baky galjak ýok. Diňe birek-biregiň kalbynda galdyran ýakymly ýatlamalaryň, halkymyzyň öňünde bitiren işleriň ýatlanýar. Nurmuhammet aga hakynda-da ony ýakyndan tanaýan, bile tirkeşen, işleşen adamlaryň aýdan gürrüňlerinden, ýatlan pursatlaryndan onuň ählitaraplaýyn häsiýetine göz ýetirip bolýar. Ol owadan ýürekli suratkeş. Nurmuhammet aganyň çeken gülküli suratlaryny synlap, onda aýratyn bir zady duýdum. Onuň çeken suratlarynda gowulyklara umyt görünýär. Bu hem hakyky degişmeçiniň häsiýeti. Ýene bir aýratynlygy — degişme suratlarynyň köpüsinde waka çaga durmuşynyň üsti bilen berilýär. Şeýle bir surat ýadyma düşýär. Kakasy çagasyny depesinden ýokary galdyryp göterip dur. Bir eli baýdakly, bir eli gülli ýylgyryp duran çagany synlap, hut şu günki günüň şat çagalarynyň keşbini öňden gören ýaly duýýaň. Kakasynyň kellesinem Ýer şarynyň şekilinde çekipdir. Ýöne ýüzi gülüp duran nurana adamyň keşbi. Hem-ä gülki bar, hem gaty uly many. Diýmek, haçanda çaga gülküsi bilen dolanda, Ýer şary ýylgyryp durjak diýen arzuw bar. Ýa bolmasa, iki adam eli byçgyly bag kesip dur. Bir ýanynda-da düýrlengi top kagyz bar. Ýanlarynda-da mekdep okuwçylary seredip dur. «Indi ynandyňyzmy agaçdan kagyz edilýänine» diýen ýazgy bar. Şol zatlary şeýdip düşündirilmese çaga üçin bilmek kyn.
Nurmuhammet aganyň ogly, gelni bilen bir edarada işledik. Bir gezek ogly Nazardan kakasy bilen bagly ýatlamalaryny soradym. Çekinjeňlik bilen «men gürrüň berip bilemog-a» diýip, kakasynyň ýadygärlik suratlaryny berdi hemem degişmeçi suratkeş Atajan Aşyrowyň kakasy barada gyzykly gürrüňler aýdyp biljekdigini salgy berdi. Onsoň Atajan aganyň öýüne bardyk. Ol kärdeşi hakynda şeýle gürrüň berdi.
— Nurmuhammet Berdiýew bilen kärdeş, bile işleşdik. Wäşidi. Bir gün daň bilen bäş bolup guma awa gitdik. Nurmuhammet aw awlamagy gowy görerdi. Ulagymyzam «Zaporožes» maşyn. Guma ýetip barýas welin, ho-ol beýiklikde ýalp-ýalp edip bir zatlar görünýär. «Nämekä?» diýip golaýyna barsak, her biri 5-6 kilo çykjak düme garpyzlar. «Geliň, ýygalyň» diýdik. Nurmuhammet bolsa: «Ýok, ýok ýygmaň. Eýesi ýokka el ursaňyz haram bolar» diýip, ýekesinem ýolduranok. Birden atly, tabyrdap, eýesi geläýdi. Ol gele-gelmäşine «Size, bu ýere gelmäge kim rugsat berdi? Men bu ýeri gorap ýörün. Ýanyňyzda nämäňiz bar?» diýdi. Nurmuhammedem: «Ýanymda myltygym bar» diýýär. Menem düşünemok. Görsem, aw tüpeňine diýýän eken.
Saglyk-amanlyk soraşyp görüşdik. Gepimiz-gürrüňimiz ýerbe-ýer, zyýansyz adamdygymyzy bildi-de: «Hany ýanyňyzda içer ýaly bir zat barmy?» diýip sorady. «Bar, ynha» diýip bir çüýşe şerap, ýanymyzdaky iýer ýaly zatlarymyzy çykaryşdyrdyk. Bir käse içdi-de, şeýle bir eçilip başlady. Garpyzlaryň ählisini ýygyp gitseňizem rugsat, äkidiň hemmesini» diýýär. Bir garpyzam ýaryp öňümizde goýdy. Köz ýaly gyzyl garpyz, ir bilenem sapagyndan ýolnansoň buz ýaly. Hezil etdik. Tagamy häzirem agzymdan gidenok. Göwni üçin, gaýdamyzda herimiz bir garpyz alyp gaýtdyk. Ol ýerde üýtgeşik aw hem edilmedi. Aw, biz üçin ýöne bir bahanady.
Biz bir, kellesi pikirli gözlegdäki döredijilik adamlary. Ol ýerdenem «balyk tutmaga» diýip, köle gaýtdyk. Howa yssy. Ählimiz kölde suwa düşdük. Suwdan çykýas welin, ala-böle men ýaramok. Bu ýerdenem keselhana gitdik. Lukman barlap: «Öýkeniň garşylyklaýyn sowuklapdyr. Keselhanada ýatmaly» diýdi. Indi Nurmuhammet awdan gelýän adam, öýüne boş barmajak bolup, ýolda dükandan balyk satyn alýar. «Kölden tutdum» diýerin diýip. Ýöne gapydan girse, edil şol balykdan aýaly hem satyn alypdyr. Balyk dolanan kagyzam meňzeş ekeni.
Nurmuhammet aganyň «Her saçy uzyna, hatyn diýmäňler» diýen degişme suraty bar. Saçlary uzyn, köýneginiň ýakasynyň ilikleriniň deň ýarysy ildirilmedik, ýigidiň gülkünç çekilen suraty. Şol surata seredeniňde, geýinmegiň medeniýeti hakda oýlanýaň. Sebäbi adamyň içki dünýäsi bilen daş keşbi sazlaşanda, has gözel bolýar. Gözelligi bolsa adamlar isle söz bilen, isle-de şekiller, tapawudy ýok, öz sungaty bilen goraýar. Bu şeýlede bolmaly. Çünki, şahyr: «Ýer görküni ynsan bezär uz eýlär» diýip ýöne ýere aýdan däldir — diýdi. Atajan aga mamla. Döredijilik adamlary kalplara gözellik bagyşlamagyň yşgynda ýaşaýar. Olaryň maksady ýagşyny ýaýyp, ýalňyşany dogry ýola gönükdirmek.
Nurmuhammet Berdiýew diýlende, men ony gülküli şekilleri dörediji hökmünde gaýybana tanaýaryn. Onuň çeken degişme suratlary göz öňümde.
Adam haýsy kärde bolsa-da, ol öz eden işleri bilen hakydada galyp bilýän bolsa, meniň pikirimçe, onuň öz işine ussatlygyndan nyşan. Şu ýerde Nurmuhammet aganyň ýene bir degişme suratyny ýatlasym gelýär. Ýaşlyk edip, ýoldan çykan biri endamyna surat çekdiripdir. Soňam ýaşy bir çene baransoň, eden ýalňyş hereketine ökünýär. Özüniň endamyna çekdiren suratlarynyň gelşiksizdigini bilip, aýyrtdyrmak üçin lukmana ýüz tutýar. Lukman bolsa: «Hamyňy bütinleý sypyraýmasak, haýsy birini aýraly» diýýär. Ine, şu pursatyň gülküsini şekile siňdirmegi şeýle bir ussatlyk bilen başarypdyr.
Nurmuhammet aganyň çeken suratlarynyň köpüsiniň gapdalynda gysgajyk degişme setirlerine duşýardym. Asyl, indi onuň deň-duşlary, kärdeşleri, mahlasy, ony tanaýan adamlaryň gürrüňini diňläp, bir zada göz ýetirdim. Wäşilik, degişgenlik onuň häsiýeti eken. Ol kalbynyň gülküsini hem söz bilen, hemem şekillere siňdirip göwünleri göterýän täsin adam eken. Şeýle adamyň bolsa aramyzda ýoklugyna ynanasyň gelenok. Çünki, şatlyk bilen gurşalan bu gözel Diýar, gülkiniň aşygy. Olaryň owazy bolsa, gülki meýdanynda ýaňlanyp dur.
Akgül Saparowa.