Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika pudagyny ösdürmek boýunça başyny başlan işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak milli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelerini hem berýär. Munuň şeýledigine «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan «Uzynada» käninde ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu kändäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 7-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwletimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz pudagynyň yzygiderli ösdürilýändigine ünsi çekip, 2025-nji ýylda-da bu pudagy döwrebap derejede ilerletmek babatda zerur işleri geçirmegiň, içerki we daşary ýurtly sarp edijileri tebigy gaz bilen ygtybarly üpjün etmek üçin degişli işleri alyp barmagyň, nebitgaz pudagynyň kärhanalarynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Mundan başga-da, mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2025-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri, şol sanda awtomobil benzini we dizel ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklanyldy. Bu resminama döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary, guramalary, hususy telekeçileri we ilaty nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek hem-de bu önümleri has rejeli paýlamak we peýdalanmak babatda möhüm ähmiýete eýedir.
Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilip, toplumyň eksport kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, täze ýataklary senagat taýdan özleşdirmek, bu işlerde sanly tehnologiýalaryň ulanylyş gerimini giňeltmek wajyp wezipeleriň hataryndadyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Geçen ýylyň sentýabrynda bu iri taslamanyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi we «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbi tutuldy. Munuň özi ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Ýeri gelende bellesek, geçen ýylyň 24-nji aprelinde Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyň, şeýle hem iýun aýynda «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň guramagynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň, oktýabr aýynda bolsa Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahatyň we serginiň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilendir. Degişli forumlarda ýangyç-energetika toplumynda gazanylan tejribeler, täze ylmy işläp taýýarlamalar, şol sanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda täzeçil taslamalar tanyşdyryldy.
Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurt üçin täze mümkinçilikleri açmak bilen, energetika pudagyny ösdürmekde we täze taslamalary durmuşa geçirmekde ägirt uly işlere badalga berdi. Türkmenistan diňe bir energiýa üpjünçiligi bilen çäklenmän, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek we ekologiýa taýdan arassa energetika çözgütleri döredip bilmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanýar. Amala aşyrylýan şeýle beýik işleriň gözbaşynda durýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsun aýdýarys.
Täzegül Baýramowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “A” toparynyň talyby.