SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Ýangyç gorlaryna baý ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek, nebitgaz serişdelerini gaýtadan işläp, dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýokary hilli önümleri öndürmek Garaşsyz döwletimiziň alyp barýan energetika strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň eksport kuwwaty ýylsaýyn ýokarlanýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklar pugtalandyrylýar we giňeldilýär.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara maslahat we sergi ýangyç-energetika toplumynyň gazananlaryny giňden görkezmek hem-de degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin netijeli meýdança bolup durýar.

Durmuşa geçirilýän özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny, aýratyn-da, nebitgaz senagatyny toplumlaýyn ösdürmäge giň ýol açýar. Ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň işi yzygiderli kämilleşdirilýär, oňa dünýäniň ösen tejribesi, täzeçil tehnologiýalar işjeň ornaşdyrylýar. Bu bolsa toplumyň önümçilik kuwwatlyklarynyň, şol sanda gaýtadan işleýän pudagyň ösüşine hem-de yzygiderli ýokarlanmagyna giň ýol açýar.

Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň innowasion ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär.

Häzirki wagtda täze tehnologiýalaryň, önümçiligi dolandyrmagyň täze usullarynyň, dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli önümleriň görnüşleri günsaýyn artýar. Ýurdumyzyň pudaklaryny ýokary tehnologiýalar bilen üpjün etmek, şeýle-de pudaklara ylymda ýetilen we oýlap tapylan täze usullary ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Ýurdumyzda öňdebaryjy pudaklaryň biri bolan nebitgaz pudagynda hem bu ugurda uly işler alnyp barylýar. Nebitgaz pudagynda nebiti öndürmek we ony gaýtadan işlemek barada birnäçe işler geçirilýär.

Ýokary tehnologiýalara eýe bolan birnäçe senagat desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär, olaryň köpüsiniň gurluşygy häzirki wagtda hem dowam edýär. Nebitgaz toplumynyň mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ugurdaş düzümleri öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täzeçil işläp taýýarlamalaryň esasynda döwrebaplaşdyrmak, gazyp alýan we gaýtadan işleýän senagatyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, “mawy ýangyjyň” eksport ugurlaryny ösdürmek onuň esasyny düzýär. Pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze känleri senagat taýdan özleşdirmek meseleleri üstünlikli çözülýär.

Gahryman Arkadagymyzyň halkara başlangyçlary bu gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda-da Garaşsyz Türkmenistan durnukly we ygtybarly energetika mobilligi hakynda Kararnamany kabul etmek başlangyjy bilen çykyş edýär. Bu resminama energiýanyň gymmat bolmadyk, ygtybarly, durnukly we döwrebap çeşmelerine elýeterliligi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara ýardam etmek maksadyny özünde jemleýär. Şeýle-de BMG-niň 2014 — 2024-nji ýyllar üçin durnukly energetikanyň onýyllygynyň netijelerini jemlemek üçin 2025-nji ýylda Türkmenistanda «Durnukly energetika hemmeler üçin» atly halkara forumy geçirmek mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

Pena Nazarow,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “A” toparynyň talyby.

Ýene-de okaň

“Hakyda göwheri” – paýhas düri

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri