SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagy ösüş ýolunda

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň köpelmegi ýurdumyzda deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar.

“Galkynyş” gaz käni ýokary depginlerde özleşdirilýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

Sebit we dünýä bazarlarynyň, häzirki wagtda emele gelen hem-de gazhimiýa önümlerine islegleriň çaklamalaryny seljermegiň esasynda ýakyn geljek on ýyl üçin gaz we nebithimiýa pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamalary işlenip taýýarlanyldy. Geljegi uly ugurlaryň hatarynda dürli ýkary hilli önümleri öndürmek üçin iri kärhanalary gurmak bellenilýär.

Döw­le­ti­mi­ziň yg­ty­bar­ly we uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş de­re­je­si­ni my­na­syp eýe­le­me­gi, Ýew­ra­zi­ýa yk­ly­myn­da dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ener­gi­ýa gor­la­ry­ny yzy­gi­der­li eks­port et­mek bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­ýar. TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň gur­lu­şy­gyn­da hä­zir aý­gyt­laý­jy pur­sat do­wam ed­ýär.

Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem-de Nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasynda pudagyň önümçilik kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Munuň özi sebitde we dünýäde energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr.

Energiýa serişdelerini öndürmek hem-de olary ibermek we elbetde, sarp etmek ulgamlaryny öz içine alýan ählumumy energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek häzirki döwrüň möhüm wezipeleriniň biridir. Hut şeýle toplumlaýyn çemeleşme Bitarap Türkmenistanyň energetika syýasatynyň esasyny düzýär. Bu syýasat ýurdumyzyň bu ulgamdaky başlangyçlarynyň hem-de iş ýüzündäki hereketleriniň mazmunyny we ugurlaryny kesgitleýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly wekilleriň çykyşlarynda döwletimiziň döredijilikli teklipleriniň ähmiýetine üns berildi. Şol teklipler dünýä bileleşiginiň doly goldawyna mynasyp boldy, BMG-niň ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyndaky ýörite Kararnamalary bilen berkidildi.

Selbi Hanmämmedowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ

ykdysadyyet we dolandyryş fakultetiniñ mugallymy.

 

TÜRKSOÝ guramasyna täze ýolbaşçy saýlandy

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty