TESWIRLER

Nanolingwistika: Türkmen dilinde täzeçe synanyşyk

1.“Nano” adalgasy hakynda gysgaça maglumat. Soňky ýyllarda “nano” sözi ençeme dilleriň sözlük hazynasyna alynma söz bölup girmäge başlady. Häzirki wagtda dil dolanyşygynda barha ýaýbaňlanmaga başlan “nano” sözüniň gelip çykyşy taýyndan aslynyň grek sözi (nannos) bolandygyny anyk çeşmeler görkezýär [Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988: 336]. “Nano” özüniň aňladýan manysy taýyndan “ownujak”, “kiçijik”, “jüýjejik”, “eýjejik” diýmekligi aňladýar.

“Nano” sözüniň özüne mahsus häsiýetli aýratynlyklarynyň biri-de leksik birliklerden düzülen diliň halkara adalgalar kerwenine kerwenbaşylyk etmegidir. Bu ýagdaýa anyk we ilkinji delil hökmünde “nanotehnologiýa” adalgasyny görkezmek bolar [Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007].

Bilnişi ýaly, durmuşyň dürli pudaklaryna ýaýramagyny dowam etdirýän tehnologiýa şol pudaklara özi bilen birlikde ençeme adalgalary hem sowgat getirýär.

Soňky ýyllarda neşir edilen dil bilimine degişli sözlükde gürrüňi edilýän adalgalar hakynda anyk maglumatlara orun berlipdir [Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013, 136 с.]. Bu adalgalar indi dil biliminde-de barha ýaýbaňlanyp başlady. Olar ylmy derňew işlerinde-de giňden ulanylýar.

Bu ýagdaýy birnäçe rus alymlarynyň soňky ýyllarda ýazan ylmy işlerinden hem anyk görüp bilýäris [Свинкина Мария Юрьевна. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. 2013; Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011; Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018…].

Bilnişi ýaly, “nano” sözi özboluşly taryha eýedir. Käbir ylmy çeşmelerde “нано” sözüniň taryhyndan giňişleýin söz açylýar. Onuň bilim dünýäsine, has dogrusy, ylmy dolanyşyga 1793-1795-nji ýyllarda Fransiýada metr bilen baglanyşykly ölçeg birligi hökmünde girizilendigi görkezilipdir. “Nanotehnologiýa” diyen düşünjäniň-de aslynda XX asyryň ikinji ýarymynda ýüze çykandygy we onuň anyk nusgasynyň-da ilkinji gezek geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda Ýaponiýa bilen Amerikanyň Birleşen döwletlerinde ylmy esasda hasaba alnyp başlandygy bellenilipdir [Свинкина, 2013:195-196].

Häzirki wagtda “nano” sözi durmuşyň dürli pudaklarynda öz ornuny barha giňeldýär. Muňa mysal edip “-izm”, “-etika/-tika”, “-logiýa” ýaly goşma sözleriniň soňunda gelen sözler bilen ýygjam aragatnaşyk saklap, olary öz yzyna tirkemäge başlandygyny görkezip bileris. Munuň anyk nusgalaryna soňky ýyllardaky ylmy işlerden hem göz ýetirmek mümkindir: “наносоциология, наноэкономика, нанопсихология, нанофармокология, наноживопись, нанофантастика…” …[Червякова, 2018:215].

Mikro-”, “milli-”, “mini-” nusgaly ownuk bölekler bolsa eglişik edip, oňa (nano sözüne) öz orunlary berdiler: mikrofon-nanofon; mikroskop-nanoskop; mikrometr-nanometr; mikrobus/minibus- nanobus; mikroawtobus- nanoawtobus…[Синельникова, 2012:10]

 

dowamy bar….

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady